Hi­mi­ki ele­ment­le­riň tab­li­sa­sy­nyň dü­zü­le­ni­ne köp wagt ge­çen hem bol­sa, ma­hal-ma­hal tä­ze ele­ment­le­riň ta­py­lan­dy­gy ba­ra­da ha­bar­la­ry oka­ýarys. Ge­çen ýy­lyň ahy­ryn­da, has dog­ru­sy, 30-njy de­kabr­da tä­ze dört sa­ny ele­men­tiň ta­py­lan­dy­gy mä­lim edi­lip­di. Go­laý­da bol­sa, hi­mik­ler bu ele­ment­le­riň at­la­ry­ny üýt­get­di­ler. Sap we ama­ly hi­mi­ýa­nyň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi (In­ter­na­tio­nal Union of Pu­re and App­li­ed Che­mist­ry/IUPAC) ola­ry ta­pan alym­la­ryň hor­ma­ty­na bu­la­ryň at­la­ry­ny üýt­get­mek ka­ra­ry­na gel­di. 113 bel­gi­li ele­men­te il­ki wagt­la­ýyn­ça “Ununt­ri­um” ady ber­lip­di. Bu ele­men­te in­di “Ni­ho­ni­um” ady be­ril­di. Onuň sim­wo­ly “Nh” diý­lip kes­git­len­di. Ol Ýa­po­ni­ýa­nyň hormatyna üý­ge­dil­di. Ony Ýa­po­ni­ýa­da­ky Ri­ken ins­ti­tu­ty­nyň yl­my iş­gä­ri Ko­su­ke Mo­ri­ta ta­pyp­dy. 115 bel­gi­li “Unun­pen­ti­um” ele­men­ti­niň ady “Moscovium” diý­lip üýt­ge­dil­di. Mosk­wa şä­he­ri­niň hormatyna bu at ber­len ele­men­tiň sim­wo­ly “Mc” diý­lip kes­git­len­di. 117 bell­gi­li “Unun­sep­ti­um” ele­men­ti­ne ABŞ-nyň Ten­nes­si şta­ty­nyň şa­ny­na “Ten­nes­si­ni” goýuldy. Onuň sim­wo­ly “Ts” bol­dy. 118 bel­gi­li “Unu­nocti­um” ele­men­ti­ne “Oga­nes­son” diý­lip he­mi­şe­lik at da­kyl­dy. “Og” sim­wo­ly ber­len ele­ment rus hi­mi­gi Ýu­riý Oga­nes­ýa­nyň hor­ma­ty­na şeý­le at­lan­dy­ryl­dy. Bu tä­ze ele­ment­le­ri ame­ri­kan, ýa­pon we rus alym­la­ry ta­pypdy. Şeý­le­lik­de, olar hi­mi­ki ele­ment­le­riň pe­rio­dik ul­ga­myn­da­ky de­giş­li ýe­ri­ne go­şu­lyp­dy. Şunlukda, tab­li­sa­da­ky ýe­din­ji pe­ri­od (se­tir) ta­mam­la­nyp­dy. IUPAC gu­ra­ma­sy hi­mi­ýa ug­run­dan öl­çeg we at be­riş eda­ra­sy ha­sap edil­ýär. Tä­ze ele­ment­le­r Rus­si­ýa­da­ky Dub­na ýad­ro bar­lag­la­ry ins­ti­tu­tyn­da, Ýa­po­ni­ýa­da­ky Ri­ken ins­ti­tu­tyn­da hem-de Ka­li­for­ni­ýa­da­ky Lau­rens adyn­da­ky Li­wer­mor la­bo­ra­to­ri­ýa­syn­da ta­py­l­dy. Pe­rio­dik ul­ga­ma mun­dan ozal, 2011-nji ýyl­da 114 we 116 bel­gi­li ele­ment­ler go­şu­lyp­dy. Alym­lar in­di 119 bel­gi­li we on­dan aňyr­da­ky­ ele­ment­le­ri tap­ma­gyň ala­da­sy ed­ýär­ler.
Adat­ça, hi­mi­ki ele­ment­le­re mi­fi­ki ýö­rel­ge­le­riň, mi­ne­ral­la­ryň, ýer-ýurt­la­ryň we alym­la­ryň at­la­ry da­kyl­ýar. Tä­ze ta­py­lan dört ele­men­tiň dör­dü­si hem adam­lar ta­ra­pyn­dan eme­li usul­da dö­re­di­len hem-de pe­rio­dik tab­li­sa­nyň ahy­ryn­da goý­lan beý­le­ki aşa agyr ele­ment­ler ýa­ly ba­ry-ýo­gy bir­nä­çe se­kun­dyň do­wa­myn­da baş­ga ele­men­te öw­rül­ýär­ler.