Tebigy azyk önümleriniň saglygymyza peýdasynyň uludygy hemmä mälimdir. Şeýle önümleriň biri hem kokosdyr («Cocos nucifera»). Ol palmanyň («Arecaceae») bir görnüşi bolup, ata watany Kolumbiýa hasaplanýar. Agajynyň boýy 20 metre çenli bolup, 90-100 ýyl ýaşaýar. 3-7 ýyldan miwe berip başlaýan kokos 60 ýyl hasyl berýär. Beýleki palmalarda bolşy ýaly, onuň ýapraklary depesinde bolup, olaryň uzynlygy 4-5 metre ýetýär. Ol güllän mahaly hem diýseň owadan bolýar. Onuň maýdajyk güllerden emele gelen salkymlary bolýar. Ýagny ol salkymlar bir topbak gülden ybarat bolýar. Miwesiniň içinde ýekeje tohumy bolýar. Her miwäniň uzynlygy 20-30 sm, diametri 11-25 sm, agramy 500-1500 gram bolýar. Bu ösümlik 4 müň ýyldan bäri Uzak Gündogar ýurtlarynda ösdürilýär. Onuň tohumlarynyň umman arkaly Kolumbiýanyň kenarlaryndan Günorta-Gündogar Aziýa we Afrika akyp barandygy çaklanylýar. Hakykatdan hem, onuň käbir görnüşleriniň tohumy şinelenmek aýratynlygyny uzak wagtlap saklaýar. Bu agaç tropik ýurtlarda, esasan, deňiz kenarlarynda, demirgazyk giňişliginiň 16-njy hem-de günorta giňişliginiň 25-nji derejesi aralygynda ýetişýär. Miwesiniň daşyndaky süýüm ýüp, sebet we şuňa meňzeş zatlary örmekde peýdalanylýar. Bu miwäniň saglyga haýrynyň köplügi sebäpli, birnäçe asyrdan bäri halk lukmançylygynda giňden peýdalanylýar. Miwäniň ýüzlerçe görnüşi bolup, onuň daşky şekili we tagamy ösýän ýerine görä üýtgeýär. Miwesiniň daşy ilki ýaşyl, bişip başlansoň goňur bolýar. Onuň daşky gatlagy ak reňkli bolup, diýseň tagamly. Bu gaty gatlagyň içinde bolsa, birneme suw bolýar. Bu suw hem örän ýaramly bolup, suwsatmaýanlygy bilen tapawutlanýar. Bu miwäni iýmek ähli ýaşdaky adama maslahat berilýär. Miwesi protein, ýag we süýüm taýdan juda baýdyr. Onuň düzüminde C, E we K witaminleri bilen bilelikde mineral maddalar hem bar. Düzümindäki natriý, kaliý, kalsiý, mis, demir, magniý, fosfor we sink ýaly peýdaly maddalar onuň gymmatyny has artdyrýar. Onuň miwesi hem köp wagtlap dok saklaýar, açlyk duýgusyny azaldýar, bedeni kuwwatlandyrýar. Miwäniň suwy fiziki hereket netijesinde, bedeniň suwuklyk ýitirmeginiň öňüni alýar. Onuň iýmitlilik kuwwaty diýseň ýokarydyr. Yzygiderli içilende ýürek-damar keselleriniň öňüni alýar. Adatça, üwelen görnüşde satylyp, dürli şirinliklere goşulýar. Şeýle hem şokoladdyr beýleki konditer önümlerine hem goşulýar.