Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da 2018-nji ýyl­da ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nyl­dy. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty bar­ha ýo­kar­la­nyp, aý­ry-aý­ry pu­dak­lar­da uly üs­tün­lik­le­re we be­lent sep­git­le­re ýe­til­di. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­ny­nyň bir­nä­çe sa­hy­pa­sy­ny ýur­du­my­zyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ne ba­gyş­la­ma­gy ma­kul bil­dik.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ata Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hy­na röw­şen sa­hy­pa bo­lup gi­ren 2018-nji ýyl köp san­ly mö­hüm wa­ka­la­ra baý bol­dy. Ýe­ne-de san­ly­ja gün­den “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” ýy­ly ýe­ti­len be­lent sep­git­ler­dir aja­ýyp üs­tün­lik­ler bi­len ta­mam­la­nyp, 2019-njy ýy­la ga­dam ba­sy­lar. Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da gör­ne­tin ösüş­ler ga­za­nyl­dy, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ug­run­da ägirt uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di.
“Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018 – 2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň” çäk­le­rin­de ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­ler ga­za­nyl­dy. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty has-da pug­ta­la­ndy­ry­lyp, je­mi içer­ki önü­mi­niň ösüş dep­gi­ni 6,2 gö­te­rim de­re­je­sin­de sak­la­nyl­dy. Bu ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji Hal­ka­ra Pul Gaz­na­sy we beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry­nyň ýo­ka­ry ba­ha­sy­na my­na­syp bol­dy. Umu­man, ýur­du­myz­da äh­li ugur­lar­da gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­ler ga­za­nyl­dy.
Bu be­ýik iş­ler döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de ama­la aşy­ryl­dy. 2018-nji ýyl türk­men hal­ky­nyň iň tä­ze ta­ry­hyn­da my­na­syp or­un eýe­le­di.
Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da 2018-nji ýyl bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň aý­ry-aý­ry pu­dak­la­ryn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler ba­ra­da buý­sanç­ly mag­lu­mat­la­ry si­ze ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pä­him-paý­ha­syn­dan dö­rän eser­ler

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da gö­nü­den-gö­ni hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len äh­li ugur­lar bi­len bir ha­tar­da, me­de­ni­ýet we sun­gat ul­gam­la­ry­nyň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu ugur­da giň möç­ber­li mak­sat­na­ma­la­ýyn çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär, tä­ze eser­ler dö­re­dil­ýär.

Ýur­du­my­zyň dün­ýä ýü­zün­dä­ki ab­ra­ýy­nyň has-da be­len­de gal­ma­gy, onuň äh­li ba­bat­lar­da ösüş­le­re bes­len­me­gi ug­run­da ta­gal­la­sy­ny gaý­gyr­ma­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da Di­ýa­ry­my­zyň her bir gü­ni be­ýik ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýär. Bil­şi­miz ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mö­hüm döw­let iş­le­ri­niň um­ma­syz köp­dü­gi­ne ga­ra­maz­dan, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýar, ede­bi we yl­my işleri ýaz­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça giň göw­rüm­li eser­le­ri dö­red­ýän­di­gi hem­me­le­re mä­lim­dir. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň paý­ha­syn­dan ke­mal ta­pan “Döw­let gu­şy”, “Çaý – mel­hem hem yl­ham”, “Ga­da­my bat­ly be­dew”, “Ar­şyň ne­pis­li­gi”, “Türk­men me­de­ni­ýe­ti”, “Ile döw­let ge­ler bol­sa…”, “Me­de­ni­ýet hal­kyň kal­by­dyr”, “Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” yl­my iş­le­ri, “Pa­ra­hat­çy­lyk sa­zy, dost­luk, do­gan­lyk sa­zy” ýa­ly düýp­li çe­per we yl­my ki­tap­la­ry­nyň en­çe­me­si dün­ýä­niň dür­li dil­le­ri­ne ter­ji­me edi­lip, giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne el­ýe­ter­li bol­dy. Tä­ze eser­le­ri dö­ret­mek ar­ka­ly hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mil­li gym­mat­lyk­la­rymy­zyň giň­den wa­gyz edil­me­gi­ne aja­ýyp müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Mil­le­ti­mi­ziň baý ru­hy, dö­re­di­ji­lik we pä­him-paý­has mi­ra­sy, me­de­ni gym­mat­ly­gy, mäh­ri­ban te­bi­ga­ty­my­zyň gö­zel­li­gi we be­re­ke­ti, halk pä­hi­mi mil­le­tiň Li­de­ri­niň ede­bi­ýat işin­de yl­ham çeş­me­si bo­lup hyz­mat ed­ýär.
Mil­li Li­de­ri­miz 2018-nji ýyl­da-da türk­men hem-de da­şa­ry ýurt­ly oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ni be­gen­di­ren bir­nä­çe eser­le­ri dö­ret­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň şu ýy­lyň do­wa­myn­da çap­dan çy­kan “Enä tag­zym – mu­kad­des­li­ge tag­zym”, “Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” – 10-njy jil­di, “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ese­ri­niň ikin­ji ki­taby we “Türk­me­nis­tan Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na ýet­me­giň ýo­lun­da” ýa­ly ki­tap­la­ry giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ril­di. Şu ma­ka­la­myz­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň şu ýy­lyň do­wa­myn­da çap­dan çy­kan ki­tap­la­ry­ ba­ra­da du­rup geç­me­gi ma­kul bil­dik.
Dür­li ugur­lar bo­ýun­ça düýp­li yl­my iş­le­ri we çe­per eser­le­ri dö­ret­me­gi özü­niň dur­muş ka­da­sy­na öw­ren hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ga­la­my­nyň as­tyn­dan çyk­ýan il­ha­lar eser­le­ri­niň höw­ri köp bol­sun!

“Enä tag­zym –
mu­kad­des­li­ge tag­zym”
Şu ýy­lyň iýun aýyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň türk­men, iň­lis we rus dil­le­rin­de ne­şir edi­len “Enä tag­zym – mu­kad­des­li­ge tag­zym” at­ly ki­ta­by türk­men hal­ky­nyň ede­bi gen­ji-ha­zy­na­sy­na uly go­şant­ bol­dy. Mil­li Li­de­ri­miz ki­ta­byn­da mäh­ri­ban kä­be­si Ogula­bat ejä­niň dur­muş ýo­ly ba­ra­da gür­rüň ber­ýär. Ogu­la­bat ejä­niň dur­muş ýo­ly hal­ky­my­zyň ru­hy, ah­lak gym­mat­lyk­la­ry­na yg­rar­ly­dy­gy­nyň aja­ýyp my­sa­ly­dyr.
Bu eser eziz ene­le­ri­mi­zi sar­pa­la­ma­gyň be­lent nus­ga­sy­dyr. On­da ene mu­kad­des­li­gi, maş­ga­la oja­gy, Wa­tan, türk­men­le­riň mil­li öz­bo­luş­ly­ly­gyn­da ke­ma­la ge­len hem-de wa­tan­çy we my­na­syp ra­ýa­ty ter­bi­ýe­le­mä­ge ýar­dam ed­ýän ene-ata bi­len ça­ga­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň çuň­ňur paý­has­ly esas­la­ry ha­kyn­da gür­rüň edil­ýär. “Söz­den baş­lan­ýan ägirt­lik”, “Öý-oja­gyň gel­şi­gi”, “Ene – ulus-iliň ene­si, çäk­siz hor­mat eýe­si”, “Ene – döw­let­li­lik” ýa­ly dört bö­lüm­den yba­rat bo­lan ki­ta­p enä bo­lan çuň­ňur hor­ma­tyň ru­hu­na, enä­niň öz ça­ga­la­ry­nyň we ata Wa­ta­ny­nyň bäh­bi­di­ne eg­sil­me­ýän zäh­me­ti­ne ýug­ru­lan­dyr.

“Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk
ösüm­lik­le­ri”– 10-njy jil­di
Şu ýy­lyň iýul aýyn­da ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň dok­to­ry, ýur­du­my­zyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň aka­de­mi­gi Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” at­ly yl­my işi­niň 10-njy jil­di­niň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­la­ry gu­ral­dy. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň 2009-njy ýyl­dan bä­ri, yzy­gi­der­li do­wam et­dir­ýän bu giň göw­rüm­li yl­my en­sik­lo­pe­dik ne­şi­ri bo­lan “Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” at­ly ki­ta­by da­şa­ry ýurt hü­när­men­le­rin­de hem uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di.
Onuň sa­hy­pa­la­ryn­da ösüm­lik­le­riň be­je­riş aý­ra­tyn­lyk­la­ry iç­gin be­ýan edil­ýär, ola­ry yl­my we halk luk­man­çy­ly­gyn­da peý­da­lan­ma­gyň usul­la­ry gör­ke­zil­ýär. Bu ki­tap­da türk­men te­bi­ga­ty­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri ba­ra­da düýp­li mag­lu­mat­lar jem­le­nen­dir. Der­de der­man ösüm­lik dün­ýä­si­niň dür­li ke­sel­le­ri be­jer­mek­dä­ki aý­ra­tyn­ly­gy­ny öw­re­nip, ola­ry köp jilt­li ki­tap gör­nü­şin­de öz hal­ky­na sow­gat et­me­gi ýü­re­gi­ne dü­wen hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň en­çe­me ýyl­lap çe­ken zäh­me­ti­niň mi­we­si bo­lan “Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” at­ly ki­ta­by bi­len ýa­kyn­dan tan­şan her bir ada­myň özü­çe açyş et­jek­di­gi­ni ar­ka­ýyn aý­dyp bi­le­ris.

“Türk­me­nis­tan —
Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi”
Şu ýy­lyň sent­ýab­ryn­da ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­la­ry ge­çi­ri­len “Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ese­riň ikin­ji ki­ta­byn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz anyk ta­ry­hy çeş­me­ler­den top­la­nan ta­kyk mag­lu­mat­la­ra, ar­heo­lo­gi­ýa we bi­na­gär­lik ýa­dy­gär­lik­le­ri­ne, tä­sin su­rat­la­ra, et­nog­ra­fik gym­mat­lyk­la­ra da­ýan­mak ar­ka­ly ýur­du­my­zyň tu­tuş adam­za­dyň ösü­şi­ne güýç­li tä­si­ri­ni ýe­ti­ren Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi­ne öw­rül­me­gin­dä­ki ta­ry­hy or­nu­na ba­ha ber­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň tä­ze işin­de türk­men hal­ky­nyň dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ösü­şi­ne go­şan ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak go­şan­dy ba­ra­da­ky pi­kir ýö­ret­me­le­re aý­ra­tyn orun be­ril­ýär.
Aw­to­ryň dö­re­di­ji­lik pi­ki­ri: “Jeý­hun­dan Ha­za­ra çen­li”, “Gü­nor­ta­dan De­mir­ga­zy­ga ta­rap ugur” at­ly bö­lüm­le­riň için­dä­ki “Amul – Merw”, “Merw – Nu­saý”, “Par­fi­ýa­dan Gir­ka­ni­ýa çen­li”, “Zemm – Gür­genç”, “Hy­rat­dan Mer­we ýol”, “Kö­pet­dag­dan Üst­ýur­da çen­li” at­ly bap­la­ry özün­de jem­le­ýän bu ki­ta­byň gur­lu­şyn­da-da öz giň be­ýa­ny­ny tap­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň uza­ýan çä­gi­niň bu öz­bo­luş­ly sy­ny ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri söw­da we me­de­ni ýol­la­ryň mer­ke­zin­de ýer­le­şen ýur­du­my­zyň şä­her­le­ri­ni we ta­ry­hy ýer­le­ri­ni bir­leş­dir­ýän Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň “ge­og­ra­fi­ýa­sy­ny” özün­de jem­le­ýär.

“Türk­me­nis­tan Dur­nuk­ly
ösü­şiň mak­sat­la­ry­na
ýet­me­giň ýo­lun­da”
Şu ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da okyjylar köpçüligine ýetirilen hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Türk­me­nis­tan Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­na ýet­me­giň ýo­lun­da” at­ly ki­ta­byn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň öň­den­gö­rü­ji­lik­li içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň stra­te­gik we­zi­pe­le­ri, onuň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň mö­hüm hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler be­ýan edil­ýär.
Bu ki­tap­da yl­my-pub­li­sis­tik gör­nüş­de döw­le­ti we jem­gy­ýe­ti hem­me­ta­rap­la­ýyn döw­re­bap­laş­dyr­mak iş­le­ri gör­ke­zil­ýär. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dep­gin­li di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy, dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şiň we äh­li de­re­je­ler­de ýo­ka­ry dur­muş öl­çeg­le­ri­niň üp­jün edil­me­gi mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan iş­le­ni­lip taý­ýar­la­ny­lan tä­ze dur­muş-yk­dy­sa­dy stra­te­gi­ýa bi­len bag­ly­lyk­da açy­lyp gör­ke­zil­ýär. “Döw­let adam üçin­dir!” diý­lip anyk kes­git­le­nen ýö­rel­gä­niň üs­ti bi­len ýur­du­my­zyň ha­ky­ky de­mok­ra­tik jem­gy­ýe­te we hu­kuk döw­le­ti­ne, ýo­ka­ry gym­mat­lyk­lar hök­mün­de ada­myň hem-de ra­ýa­tyň kons­ti­tu­si­on hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny üp­jün et­mä­ge ta­rap öňe git­me­gin­dä­ki üs­tün­lik­ler be­ýan edil­ýär.