Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli, ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş-ykdysady syýasatynyň netijesinde, ähli ugurlarda bol­şy ýa­ly, obasenagat pudagynda hem okgunly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiz­­ Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde obasenagat toplumyny ösdürmek üçin düşewüntsiz daýhan birleşikleriniň oba hojalyk ýerlerini alyp, has gowy işlemäge ukyply önüm öndürijilere berme­gi we ýörite ýer gaz­na­syny döretmegi hem-de iş toparynyň çözgüdi esasynda ýerleri 99 ýyl möhlet bilen isleg bildirýänlere berme­gi teklip et­di. Bölünip berlen ýerleriň 70 göteriminde pagta we bugdaý ekmek, galan 30 göteriminde bolsa, beýleki oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiziň öňe süren asyl­ly başlangyçlaryn­dan ugur al­nyp öňümizdäki ýyldan başlap, bug­daýyň hem-de pagtanyň täze döwlet satyn alyş bahalary giriziler. Oba we suw hojalygy ministrliginiň habar ber­me­gi­ne gö­rä, 1 tonna bugdaýyň satyn alyş bahasy 2 esse, ýagny 400 manat­dan 800 manada çenli ýokarlandyryldy. Pagtanyň bahasy çig malyň hil taýdan häsiýetnamalary nazara alnyp kesgitlenildi. 1 tonna nah pagtanyň satyn alyş bahasy ýy­gymyň başlanan gününden 15-nji oktýabra çenli 1 müň 500 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 1 müň 430 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 1 müň 365 manat bolar. Şeýle hem 1 tonna ýüpek pagtanyň, tohumlyk pagtanyň saýlama sortunyň satyn alyş bahasy ýygymyň başlanan gününden 15-nji oktýabra çen­li 2000 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 1 müň 910 manat, 15-nji no-ýabrdan ýygymyň ta­mam­lan­ýan gününe çenli 1 müň 820 manat bolar. Şu ýyl türk­men gal­la­çy­la­ry 760 müň gek­ta­ra bug­daý ek­di­ler we gal­la ka­bul ediş bö­lüm­le­ri­ne 1 mil­li­on ton­na­dan gow­rak bug­daý ha­sy­ly­ny tab­şyr­dy­lar. Di­ýa­ry­my­zyň pag­ta­çy­la­ry hem şan­ly sep­gi­di eýe­le­di­ler, ýur­du­myz bo­ýun­ça je­mi 1 mil­li­on 99 müň 236 ton­na “ak al­tyn”, şol san­da Ahal we­la­ýa­tyn­da 231 müň 542 ton­na, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da 335 müň 914 ton­na, Le­bap we­la­ýa­tyn­da 301 müň 555 ton­na, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da 230 müň 225 ton­na ha­syl taý­ýar­la­nyl­dy.
Türk­men te­le­ke­çi­le­ri oba­se­na­gat top­lu­my­nyň bäs­le­şi­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, ila­ty­my­zyň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa azyk we ýo­kum­ly önüm­le­re bo­lan is­leg­le­ri­ni do­ly ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän tä­ze önüm­çi­lik teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ynam­ly öz­leş­dir­me­gi do­wam et­dir­ýär­ler. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan­da etiň, ýu­murt­ga­nyň, süý­düň, gök we bak­ja önüm­le­ri­niň ag­ram­ly bö­le­gi hu­su­sy ul­gam­da ön­dü­ril­ýär. Mun­dan baş­ga-da, guş­çu­lyk top­lum­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy­nyň ha­sa­by­na goň­şy ýurt­la­ra to­wuk ýu­murt­ga­la­ry­nyň eks­port edil­me­gi ýo­la go­ýul­dy. Hä­zir­ki wagt­da oba ho­ja­ly­gyn­da hu­su­sy ul­ga­myň pa­ýy 92 gö­te­rim­den geç­ýär.
“Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2020-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki Mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny” top­lum­la­ýyn dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de bir­nä­çe döw­re­bap oba­lar gu­rul­dy we bir­nä­çe­si­niň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Ola­ra Kaka etrabynyň “Gowşut”, Ak bugdaý etrabynyň “Öňaldy”, Gökdepe etrabynyň “Köpetdag” we “Owadandepe” geňeşlikleriniň çäginde gurulýan häzirki zaman obalaryny my­sal ge­tir­mek bo­lar. Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezini gurmagyň konsepsiýasynyň üstünde işlenilýär. Şol taslamanyň çäklerinde-de oba adam­la­rynyň ähli amatlyklary bolan kaşaň binalarda ýaşamagy üçin täze ýaşaýyş jaýlary­nyň uly toplumy­ny gurmak meýilleşdirilýär.