Köp san­ly pu­dak­la­ryň iş­le­ri­niň döw­re­bap de­re­je­de gu­ral­ma­gyn­da ulag-ara­gat­na­şyk top­lu­my­nyň pa­ýy ulu­dyr. Şo­nuň üçin mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da bu pu­da­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne, tä­ze ga­ra ýol­la­ryň, po­lat ýol­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň do­wam et­di­ril­me­gi­ne, hal­ka­ra de­re­je­sin­de ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Köp şa­ha­ly ulag dü­zü­mi­ni dö­ret­me­gi mak­sat edi­nen mil­li Li­de­ri­mi­ziň ba­şy­ny baş­lan iri möç­ber­li tas­la­ma­la­ry, şol san­da he­re­ket ed­ýän we gu­rul­ýan tä­ze aw­to­mo­bil hem-de de­mir ýol­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, ra­ýat awia­si­ýa­sy­nyň, gä­mi gat­na­wy­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny düýp­li tä­ze­le­mek we gi­ňelt­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.

Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň mö­hüm ugur­la­ry ge­çen ge­og­ra­fik taý­dan amat­ly ýer­leş­ýän­di­gi­ni na­za­ra ala­nyň­da Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň ara­gat­na­şyk gi­ňiş­li­gi­niň mö­hüm hal­ka­sy­dyr. Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de tä­ze Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi ýur­du­my­zyň ulag top­lu­my­nyň ösü­şi­ne güýç­li ba­dal­ga ber­di we ýy­lyň mö­hüm wa­ka­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Por­tuň dü­zü­min­de gä­mi gur­lu­şyk we abat­la­ýyş za­wo­dyň açyl­ma­gy ösen mil­li de­ňiz flo­tu­ny ke­ma­la ge­tir­me­gi çalt­lan­dy­rar. Bu iri möç­ber­li dü­züm­le­ýin tas­la­ma Mer­ke­zi Azi­ýa we Ha­zar deň­zi se­bi­ti­niň äh­li ýurt­la­ry üçin, ha­ky­kat­dan-da, stra­te­gik äh­mi­ýe­te eýe­dir. Umu­my meý­da­ny 1 mil­li­on 358,5 müň ine­dör­dül metr­den gow­rak bo­lan por­tuň umu­my kuw­wat­ly­ly­gy ýyl­da 17 mil­li­on ton­na ba­ra­bar bo­lup, bu ýer­de 2500-den gow­rak iş orun­la­ry peý­da bol­dy. Mun­dan baş­ga-da, Türk­me­na­bat­da tä­ze Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­di.
Türk­men de­mir ýol gur­lu­şyk­çy­la­ry gys­ga möh­let­de Ma­ry we­la­ýa­tyn­da­ky Ser­he­ta­bat men­zi­lin­den Ow­ga­nys­ta­nyň Tur­gun­dy şä­he­ri­ne çen­li po­lat ýo­ly çek­di­ler. Bu ugur Ow­ga­nys­ta­nyň Türk­me­nis­ta­nyň ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my­na we onuň üs­ti bi­len tu­tuş se­bi­te bi­rik­me­gi­ne uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­dy. Ulag ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­na giň ýol açyl­dy. Şu ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­du­myz­da Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­na ag­za ýurt­la­ryň ulag we ara­gat­na­şyk mi­nistr­le­ri­niň IX mej­li­si hem-de köp san­ly bu pu­da­gyň işi­ni iler­let­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra fo­rum­lar ge­çi­ril­di.
2017-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Ow­ga­nys­tan bo­ýun­ça se­bit yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­nyň 7-nji mas­la­ha­tyn­da (RECCA VII) Ow­ga­nys­tan – Türk­me­nis­tan – Azer­baý­jan – Gru­zi­ýa – Tür­ki­ýe hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­si­ni (“La­pis La­zu­li”) dö­ret­mek ha­kyn­da­ky bäş­ta­rap­la­ýyn Yla­la­şy­ga gol çe­kil­di. Bu yla­la­şy­gyň iş ýü­zün­de amal edil­me­gi, mil­li Li­de­ri­mi­ziň Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny tä­ze­den di­kelt­mek ba­bat­da öňe sür­ýän hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di. Üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň 13-nji de­kab­ryn­da Ow­ga­nys­ta­nyň Hy­rat şä­he­rin­den ýo­la dü­şen ýük­li ulag ker­we­ni bi­ziň ýur­du­my­zyň çä­gin­den ge­çip, Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­na ta­rap ugur al­dy. Soň­ra şol ýer­den gä­mi ar­ka­ly Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­na ge­çi­ri­ler, soň­ra Gru­zi­ýa­nyň çä­gi bi­len Tür­ki­ýä ba­ryp ýe­ter. Bu il­kin­ji gat­naw aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li wa­ka hem-de köp asyr­lar mun­dan ozal bol­şy ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de-de Türk­me­nis­ta­nyň ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň ýü­re­gi bo­lup dur­ýan­dy­gy­nyň yk­rar­na­ma­sy­dyr.
Dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ýol­la­ryň we köp­rü­le­riň gu­rul­ma­gy ýur­duň ulag-lo­gis­ti­ka müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak jäh­tin­den örän wa­jyp­dyr. Aş­ga­bat – Türk­men­ba­şy we Aş­ga­bat – Türk­me­na­bat aw­to­ban­la­ry ýo­ka­ry ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da gur­lup, olar hal­ka­ra üs­ta­şyr-ulag dü­zü­mi­ni gi­ňel­der, goň­şy ýurt­la­ryň ara­syn­da ha­ryt do­lan­şy­gy­ny, ha­ryt­la­ryň eks­por­tu­ny art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.