Bu pu­dak mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ösü­şiň çig mal se­riş­de­le­ri ýo­lun­dan tä­ze pu­dak­la­ryň ke­ma­la gel­me­gi­ne geç­mek bo­ýun­ça hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňe sür­ýän mö­hüm we­zi­pe­le­ri­niň çöz­gü­di­ni eme­le ge­tir­ýär. Şeý­le­lik­de, dür­li gör­nüş­li, bäs­deş­li­ge ukyp­ly we da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň önüm­çi­li­gi gi­ňel­dil­ýär. Mu­nuň özi içer­ki sarp edi­ji­le­ri ka­na­gat­lan­dyr­mak bi­len bir ha­tar­da, da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ryn­da uly is­leg bil­di­ril­ýän önüm­le­riň eks­port ug­ru­ny art­dyr­ýar.
2018-nji ýyl­da hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň ösü­şi­ne go­şant go­şan uly des­ga­la­ryň bi­ri hem Ga­ra­bo­gaz­da­ky kar­ba­mid za­wo­dy­dyr. “Ma­rya­zot” önüm­çi­lik bir­le­şi­gi­niň, “Te­jen­kar­ba­mid” we “Ma­ry­kar­ba­mid” za­wod­la­ry­nyň, şeý­le hem Ma­ry­da­ky gaz­hi­mi­ýa top­lu­myn­dan soň­ra hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň des­ga­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­ti­ren bu kar­ba­mid za­wo­dy­nyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty bir gi­je-gün­diz­de 3 müň 500 ton­na, ýyl­da bol­sa, 1 mil­li­on 155 müň ton­na kar­ba­mid dö­kü­ni­ni ön­dür­mä­ge ba­ra­bar­dyr. Bu se­na­gat des­ga­sy­nyň do­ly kuw­wa­ty­na çy­ka­ryl­ma­gy bi­len ýur­du­myz­da kar­ba­mid önüm­çi­li­gi­niň möç­ber­le­ri 2 mil­li­on ton­na­dan go­wu­rak möç­be­re ýe­ti­ri­ler. Bu za­wo­dyň önüm­le­ri­niň il­kin­ji ton­na­la­ry eks­por­ta ug­ra­dy­lyp baş­lan­dy.
Ägirt uly se­riş­de bin­ýa­dy ýur­du­myz­da ýo­duň, bro­muň we hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da giň­den ula­nyl­ýan beý­le­ki se­riş­de­le­riň iri önüm­çi­li­gi­niň ke­ma­la gel­me­gi­ni şert­len­dir­di. Hä­zir­ki dö­wür­de “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­nin­de her ýyl­da 540 ton­na­dan go­wu­rak ýod ön­dü­ril­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň öňün­de go­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, bu önü­miň önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça ägirt uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Se­na­gat pu­da­gy­nyň ösü­şin­de dok­ma se­na­ga­ty­nyň pa­ýy hem ulu­dyr. Şu ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­de iki sa­ny iri dok­ma top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Ola­ryň bi­ri Ba­ba­daý­han et­ra­byn­da gur­lup, 5 müň ton­na in­çe sü­ýüm­li pag­ta­ny gaý­ta­dan iş­le­mä­ge ni­ýet­le­nen iri se­na­gat top­lu­my ýyl­da ýüp­lü­giň 3 müň 300 ton­na­sy­ny, şon­dan taý­ýar­la­nan ma­ta­la­ryň 20 mil­li­on ine­dör­dül met­ri­ni, şol san­da bo­ýa­lan ma­ta­la­ryň 18 mil­li­on ine­dör­dül met­ri­ni hem-de 3,5 mil­li­on taý­ýar ti­kin önüm­le­ri­ni ön­dü­rer. Mun­dan baş­ga-da, şu ýy­lyň mart aýyn­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka et­ra­byn­da 5 müň ton­na türk­men in­çe sü­ýüm­li pag­ta­sy­ny gaý­ta­dan iş­le­mä­ge ni­ýet­le­nen şu­nuň ýa­ly dok­ma top­lu­my­nyň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Türk­me­nis­ta­nyň çig mal ýur­dy bol­ma­gyn­dan taý­ýar önüm­le­ri ön­dür­ýän hem-de eks­port ed­ýän dün­ýä de­re­je­li iri ön­dü­ri­ji we eks­port edi­ji orun­la­ra dep­gin­li geç­mek bo­ýun­ça döw­let we­zi­pe­le­ri­ni çöz­mek­de hut şu pu­da­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.
Şu ýyl­da ula­nyl­ma­ga ber­len “Türk­men aý­na önüm­le­ri” kär­ha­na­sy aý­na se­na­ga­ty­nyň öň­de­ba­ry­jy des­ga­la­ry­nyň bi­ri bol­dy. Şu ýy­lyň 14-nji few­ra­lyn­da işe gi­ri­zi­len döw­re­bap önüm­çi­lik top­lu­my her ýyl aw­to­mat­laş­dy­ry­lan kon­we­ýer­ler­den bir mil­li­on ine­dör­dül metr te­kiz aý­na, 100 ine­dör­dül metr ga­ral­dy­lan aý­na, 400 müň sa­ny aý­na­pa­ket­ler we çüý­şe gap­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri — azyk we der­man se­na­ga­ty üçin dür­li gap­la­ryň 15 gör­nü­şini çy­ka­rýar. Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat mi­nistr­li­gi ha­ryt­lyk aý­na­nyň we çüý­şe gap­la­ryň äh­li gör­nü­şi­ni Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň üsti bilen daşary ýurt bazarlaryna ugradýar.