Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça bu ugurda ädilen ädimler milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň depginini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Esasy makroykdysady görkezijiler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejede üpjün edildi. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişiniň artdyrylmagynyň hasabyna ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän çig malyň, serişdeleriň, azyk we azyk däl harytlaryň möçberi azaldy. Halk hojalygynyň ähli pudaklary boýunça diýen ýaly önüm öndürmegiň möçberleri artdy. Ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalarymyza laýyklykda, ykdysadyýetimizde hususy pudagyň paýy artyp, häzirki döwürde 65 göterime barabar boldy. Ýurdumyzda eksporta niýetlenen önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça geçirilen çäreleriň netijesinde, geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, dürli önümleriň eksport edilýän möçberi 51 göterim artyp, çig mallaryň we serişdeleriň import edilen möçberi hem 48 göterim azaldy.
Geçen ýyllarda bolşy ýaly, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we daşary ýurtlaryň beýleki esasy banklary bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berildi.
Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşini ykrar etdi. Ýurdumyzda saparda bolan bu abraýly guramanyň wekiliýeti Türkmenistanyň ykdysady görkezijileriniň durnuklydygyny aýan edýän beýannama bilen çykyş etdi. Şunda ykdysady ösüşiň düzüminde içerki isleg bilen eksportuň arasyndaky barabarlykda eksportuň paýynyň artandygy bellenildi, munuň özi, esasan, daşyndan getirilýän harytlaryň möçberiniň azaldylmagyna gönükdirilen netijeli çäreler bilen düşündirilýär.
Tutuşlygyna 2019-njy ýyl üçin kabul edilen Türkmenistanyň Döwlet býujetinde pudaklaryň çalt depginler bilen ösdürilmeginiň hem-de ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň, giň gerimli we aýratyn möhüm ähmiýetli halkara hem-de sebit derejeli maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň hasabyna ykdysady ösüşiň birsydyrgyn ýokary depginini saklap galmagyň esaslary goýlandyr.
Häzirki wagtda innowasion tehnologiýalardan netijeli peýdalanmak ykdysady taýdan ösüşi şertlendirýän esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Golaýda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Üç tapgyrda amala aşyryljak konsepsiýa Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge, işewür we maýa goýum işjeňligine, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine, halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam eder.