Ýaş ýa­zy­jy ze­nan Gu­zel Ýa­hi­na­nyň ge­çen ýyl Mosk­wa­da ne­şir edi­len “Zü­leý­ha gö­zü­ni aç­ýar” at­ly ro­ma­ny ahyrso­ňy ta­tar di­li­ne ter­ji­me edil­di. Ki­tap Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ila­ty­nyň rus di­li­ni on­çak­ly go­wy bil­me­ýän gat­la­gy­na ni­ýet­le­nen. “Zü­leý­ha gö­zü­ni aç­ýar” at­ly eser köp oky­jy­la­ryň we tan­kyt­çy­la­ryň gö­zü­ni aç­dy we Rus­si­ýa­nyň ab­raý­ly ede­bi­ýat baý­rak­la­ry­nyň bi­ri­ne my­na­syp bol­dy. Ro­man­da­ky wa­ka­lar geçen asyryň 38-nji ýyllarynda Ta­ta­rys­tan­dan uzak Si­bi­re ug­ra­dy­lan maş­ga­la ba­ra­da bar­ýar. Ýa­hi­na öz ese­ri­niň öze­nin­de öz ma­ma­sy­nyň yk­ba­ly­nyň ýa­tan­dy­gy­ny gür­rüň ber­ýär. Ne­ti­je­de, ýaş ýa­zy­ja şol döw­rüň wa­ka­la­ry­ny çe­per di­le ge­çir­mek ba­şar­dyp­dyr.
Ýa­hi­na öz ki­ta­by­nyň ta­tar di­lin­dä­ki çap­dan çy­kan nus­ga­sy­nyň özü­ni be­gen­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Ol bu ese­ri özü­niň ter­ji­me et­män­li­gi­niň se­bä­bi­ni uzak wagt­dan bä­ri Mosk­wa­da ýa­şa­ýan­dy­gy we ta­tar di­li­ne ga­ra­nyň­da, rus di­li­ni has go­wy bil­ýän­di­gi bi­len dü­şün­dir­di.