Gar gyş pas­ly­na mah­sus bo­lan iň tä­sin te­bi­gy ha­dy­sa­la­ryň bi­ri­dir. Gar­dan adam ýa­sa­mak, gar zy­ň­şyp oý­na­mak gy­şyň iň ýatda galyjy pur­sat­la­ry­na öwrülýär. Eý­sem, ýa­gy­nyň bu gör­nü­şi ba­ra­da nä­me­le­ri bil­ýä­ris?
Gar ba­ra­da gür­rüň edi­len­de, köp­lenç oňa “ak­ja gar” di­ýil­ýär. Mu­ňa goş­gu­dyr aý­dym­lar­da hem duş ge­lin­ýär. As­lyn­da, bi­ze ak bo­lup gö­rün­ýän hem bol­sa, gar suw ýa­ly reňk­siz­dir. Has dog­ru­sy, aý­na ýa­ly du­ry bo­lup, aňyr­sy gö­rün­ýär. Em­ma gar bö­le­jik­le­ri şöh­lä­ni baş­ga ta­rap­la­ra ser­pik­di­rip, ony ak reňk­li gör­kez­ýär. Dür­li se­bäp­le­re gö­rä, kä­ha­lat­lar­da gar baş­ga­ça reňk­li hem bol­ýar. To­zan, suw oty ýa­ly te­bi­gy tä­sir­ler ze­rar­ly gar çal, mä­mi­şi we gö­güm­til hem bol­ýar.
Gar tozgajygynyň şe­ki­li­ni ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy kes­git­le­ýär. Ýi­ti we uzyn gar kris­tal­la­ry -2 de­re­je­de eme­le gel­ýän bol­sa, -5 de­re­je­de te­kiz, te­ge­lek gör­nüş­li kris­tal­lar dö­re­ýär. Gar toz­ga­jyk­la­ry bu­lut­dan aşak­ly­gy­na gaý­da­nyn­da, ýe­re go­laý­la­dy­gy­ça ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy­nyň üýt­ge­me­gi ze­rar­ly gar toz­ga­jyk­la­ry­nyň burç­la­ry dür­li şe­kil­le­re öw­rül­ýär. Gar toz­ga­jyk­la­ry ho­wa­da­ky to­zan we po­len ýa­ly ga­ty mad­da­la­ryň tö­we­re­gin­de eme­le gel­ýär. Bu mad­da­la­ry mik­ros­kop ar­ka­ly gör­mek bol­ýar.
Glas­gow uni­wer­si­te­ti­niň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­na gö­rä, şot­land di­lin­de gar bi­len bag­ly 421 sö­züň bar­dy­gy ýü­ze çy­ka­ry­lyp­dyr.
Ga­ryň eme­le gel­me­gi üçin ho­wa 0 de­re­je­de bol­ma­ly. Em­ma köp wagt­lap ýa­gyş ýag­sa, ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy dü­şüp, gar toz­ga­jyk­la­ry eme­le gel­ýär. Şeý­le ýag­daý­da +6 de­re­jä çen­li ho­wa­da hem gar ýag­ýar. Se­bä­bi, ýo­kar­da­ky ho­wa ýer­dä­ki­den he­mi­şe so­wuk bol­ýar.
Ga­ryň tiz­li­gi sa­gat­da 1 km-den 14 km ara­ly­gyn­da bo­lup bil­ýär. Bu ýag­daý te­bi­gy şert­le­re bag­ly­dyr. Gar bö­le­jik­le­ri düş­ýän ma­ha­ly ho­wa­da­ky su­wy özü­ne çek­ýär hem-de ýe­liň ug­ry onuň tiz­li­gi­ni art­dyr­ýar. Gar bu­lut­dan bir sa­gat çe­me­si wagt­da gel­ýär. Gar toz­ga­jyk­la­ry sö­züň do­ly ma­ny­syn­da gaý­ta­lan­ma­jak te­bi­gy tä­sin­lik­dir. Se­bä­bi, ola­ryň hi­çi­si beý­le­ki bi­ri­ne meň­ze­me­ýär we ýe­re dü­şen­de bi­ri-bi­ri­ne deg­me­ýär. Bu tä­sin­lik il­kin­ji ge­zek ame­ri­ka­ly Wil­son A. Bent­li­niň ün­sü­ni çek­ýär. Ol 1885-nji ýyl­da gar toz­ga­jy­gy­ny su­ra­ta dü­şür­ýär. 1931-nji ýyl­da onuň 2500 su­rat­ly ki­ta­by çap edil­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da-da fo­to­su­rat­çy­lar gar toz­ga­jy­kla­ry­nyň müň­ler­çe­si­ni su­ra­ta dü­şür­di­ler.