Türkmenistanyň biologik köpdürlüligi görnüşleriň azyndan 20 müňüsini, şol sanda ösümlikleriň görnüşleriniň 7 müňden gowragyny hem-de haýwanlaryň görnüşleriniň 13 müňe golaýyny öz içine alýar, olardan 730 görnüşden gowragy oňurgaly haýwanlardyr. Ýurdumyzyň oňurgaly jandarlarynyň ýarysyndan gowragyny (jemi 433 görnüşini) guşlar düzüp, olar haýwanat dünýäsiniň agramly bölegi bolup durýar hem-de öz aýratynlyklary bilen baglylykda sebitleriň ekologik ýagdaýynyň “görkezijileri” bolup hyzmat edýär.
Türkmen tebigatynyň bezegi bolan togdary aýratyn goraga mätäç guşlaryň biridir. Togdary (Chlamydotis undulata) durnaşekilliler otrýadynyň toklutaýlar maşgalasyna degişli. Toklutaýdan has kiçi, emma göwresi uly bolup, horazy mäkiýanyndan ulurak bolýar. Onuň arkasy kese tolkun şekilli nagyşly çäge sypat çypar reňkli bolup, depesi we ýeňsesi gara ak ýeleklerden durýan hüpüklidir. Boýnunyň gapdallaryndan iki sany gara zolak gararak ýelekleriň sallanyp duran dessejigine çenli geçýär we ol özboluşly ýaka emele getirýär.
Alkymynyň aşagy we boýny petekesine çenli çalymtyl öwüşginde agymtyl bolup, galan ýeri ak reňklidir. Aýaklary açyk çal we çüňki goňur bolýar. Pessaýlap uçuşy uly çarlaga çalym edýär. Ylgawynyň tizligi takmynan sagatda 40 km-e deňdir. Ganaty 34,5 – 42,5 sm-e ýetýär, agramy bolsa 1,2 – 2,5 kg-a deňdir.
Boýnunyň gapdallarynyň gara zolaklydygy we ýakalygynyň bardygy bilen beýleki toklutaýlardan tapawutlanýar. Tebigatyň gözelleşýän, janlanýan wagty çigildemleriň, gyzyl gülleriň açylýan döwründe giň meýdanda gülleriň arasynda togdarynyň jübütleşme tansynyň, warkyldamasynyň owadanlygy diýseň haýran galdyrýar. Özini örän seresaply alyp barýan bu guşa düzlüklerde, ýowşanlyklaryň we şorluklaryň arasynda köp düş gelinýär. Demirgazyk Afrikanyň çöllük we ýarym çöllük ýerlerinde, Alynky, Orta we Merkezi Aziýada giňden ýaýrandyr.
Türkmenistanyň düzlük böleginiň hemme ýerlerinde we daglyklarda köp duş gelýär. Ýazky we güýzki uçup geçmeleri ýaýbaňlandyrylan görnüşde geçýär, emma olaryň göçmegi, esasan, Günbatar Uzboýuň üstünden, Köpetdagyň we Köýtendagyň eteklerinden hem-de Tejen-Murgap derýalarynyň aralaryndan geçýär. Türkmenistanda ýazky uçup göçmeleri fewral aýynyň ahyryndan başlap aprel aýynyň ortalaryna çenli dowam edýär, güýzki göçmeleri oktýabr we noýabr aýlarynda geçýär.
Togdarylar aýratyn jübüt bolup, ýerde höwürtgeleýärler we daşyny sypaljyklar bilen örtýärler. Türkmenistanyň şertlerinde togdarynyň köpelişi aprel-maý aýlarynda bolýar. Olar, esasan, mör-möjekler we olaryň liçinkalary, maýda gemrijiler, suwulganlar, şeýle-de ösümlikleriň tohumlary, sogan düýpleridir ter ýaşlary bilen iýmitlenýär.
Antropogen täsirler togdarynyň baş sanynyň azalmagyna getirdi. Şol sebäpli hem bu görnüş Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl sahypasyna we Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (III derejeli) girizilendir. Togdaryny berk goraga almak we emeli usulda köpeltmek ugrunda ýurdumyzyň goraghanalarynda uly tagallalar edilýär.
Oguldursun Annagurbanowa,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.