Ähli halklarda çagalaryň ukyp-başarnyklaryny barlamak, kämilleşdirmek üçin dürli oýunlar, tapmaçalar, matallar we beýleki güýmenjeler bolupdyr. Şeýle oýunlaryň biri hem irki döwürlerde peýda bolan tangramdyr. 7 sany tagta bölejiginden ybarat bolan bu tangramdan dürli şekilleri ýasamak öz ukyp-başarnygyňa, hyýaly güýjüňi ulanyp bilmegiňe baglydyr. Birleşdirilende dörtburçluk şekilli bolýan tagta bölekleri dürli ululykdaky üçburçluk we dörtburçluk bölejiklerden ybarat. Bu oýun geometriýany has aňsat öwrenmäge ýardam edýär. Onuň düzgünleri hem ýönekeý. Olardan bölekleriň ýerini üýtgedip, ýüzlerçe şekili döretmek mümkin. Öňki döwürde agaçdan ýasalan bu oýnawaç häzirki wagtda plastmassadan ýa-da kagyzdan hem öndürilýär. Tangramy ýekelikde we maşgala agzalarynyň ählisi bilen hem oýnamak mümkin. Aýratyn ukyp talap etmeýän tangram wagtyňyzy peýdaly geçirmäge, döredijilik ukybyňyzy artdyrmaga ýardam edýär.
Bu oýnuň haçan peýda bolandygy barada anyk maglumat ýok.
Tapmaça oýunlarynyň hünärmeni amerikaly Samuel Loýduň pikirine görä, tangram 4 müň ýyldan bäri bar. Onuň ýedi bölekden ybarat bolmagynyň hem Gündogar medeniýetinde bu sanyň şowly hasaplanýandygy bilen baglydygy bellenilýär. Bu bölekleriň Güni, Aýy, Marsy, Ýupiteri, Saturny, Merkurini we Wenerany alamatlandyrýandygy hem aýdylýar. 1742-nji ýylda Ýaponiýada, 1813-nji ýylda Hytaýda çap edilen kitapda bu oýun barada gürrüň edilýär. XIX asyryň başlarynda Ýewropada we Amerikada hem tangram oýny, ondan nähili şekilleri döredip boljakdygy barada kitaplar çap edilip başlanýar. Pifagoryň tablisasyny hem tangram arkaly döredendigi aýdylýar. Häzirki wagtda tangramyň kompýuterde oýnalýan görnüşi hem bar.
Bu oýun birnäçe asyrdan bäri dünýäniň dürli ýurtlarynda çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda meşhurlygyny saklap gelýär. Soňky ýyllarda dürli reňkli we birnäçe toplumdan ybarat tangramlar peýda boldy. Olarda döredip boljak şekilleriň çyzgysy hem berilýär.