Li­li­ýa­gül­li mag­no­li­ýa: agajyň ýa­pon mag­no­li­ýa­sy, mu­lan mag­no­li­ýa­sy, gül­gü­ne mag­no­li­ýa, gy­zyl mag­no­li­ýa ýa­ly at­la­ry hem bar. Onuň ata wa­ta­ny Hy­taý hem bol­sa, ýa­pon mag­no­li­ýa­sy ady bi­len ta­nal­ýar. Owa­dan gül­li aga­jyň bo­ýy 4 met­re ýetýär. Onuň ýa­kym­ly ys­ly gül­gü­ne gül­le­ri gy­şyň ahyr­la­ryn­da, ba­ha­ryň baş­la­ryn­da açyl­ýar. 20 de­re­jä çen­li so­wu­ga çy­dam­ly bo­lan ösüm­lik gü­neş­li ho­wa­ny ha­la­ýar.
Gül­le­ýän ki­zil: gy­şyň soň­ky aý­la­ryn­da gül açyp baş­la­ýan aga­jyň bo­ýy 10 met­re ýetýär. Beý­le­ki agaç­lar en­tek gyş uku­syn­da wagty, bu agaç 2-3 hep­de­läp ak we gül­gü­ne gül­le­ri­ni aç­ýar. Gül­le­ýän ki­zil çyg­ly top­ra­gy hem gü­neş­li ho­wa­ny ha­la­ýar. Aga­jyň ir gül­le­mek­den baş­ga-da tä­sin­li­gi bar. Onuň 8-13 san­ti­met­re ýet­ýän açyk ýa­şyl reňk­li ýap­rak­la­ry güýz aý­la­ryn­da gy­zyl we gök reň­ke öw­rül­ýär.
Taý­wan ül­je­si: oňa for­mo­san ül­je­si ýa-da jüm­jü­me gül­li ül­je hem di­ýil­ýär. Bo­ýy 7 metr­den geç­ýän agaç pyn­tyk ýar­mak, maý­da­ja gül­le­ri­ni aç­mak üçin bel­li bir de­re­je­de so­wuk ho­wa­ny ta­lap ed­ýär. Onuň gül­gü­ne gül­le­ri top­bak-top­bak bo­lup açyl­ýar. Kö­le­gede ösýän hem bol­sa, gü­neş­li ho­wa­ny ha­la­ýar. Be­zeg üçin ekil­ýän bu agaç­lar 10-15 ýyl ýa­şa­ýar.
Ýa­pon eri­gi: bo­ýy 5-6 met­re ýet­ýän bu agaç gül­gü­ne reňk­li, ýa­kym­ly ys­ly gül aç­ýar. Azi­ýa ýurt­la­ryn­da bit­ýän bu ösüm­lik bi­len bir maş­ga­la­dan bo­lan hy­taý ga­ra­ly­sy hem gy­şyň ahy­ry­na, ba­ha­r aý­la­ry­nyň ba­şy­na gül­le­ýär. Bu iki agaç hem seý­rek to­kaý­lar­da, akar suw­la­ryň bo­ýun­da, dag etek­le­rin­de, kä­ha­lat­lar­da de­ňiz de­re­je­sin­den 3 100 met­re çen­li be­lent­lik­de hem ös­ýär.
Ir biş­ýän hi­mo­nant: bu gyrymsy agaç gy­şyň il­kin­ji gül aç­ýan ösüm­li­gi­dir. Onuň bo­ýy 4 metr­den geç­me­ýär. Bu ösüm­lik no­ýabr bi­len mart aý­la­ry­nyň ara­ly­gyn­da gül­le­ýär. Gül aç­ýan wag­ty gör­nü­şi­ne we ýa­şa­ýan ýe­ri­niň ho­wa şert­le­ri­ne gö­rä üýt­ge­ýär. Şeý­le hem ne­pal ka­gyz ösüm­li­gi (daph­ne bho­lua) hem ir gül aç­ýar. Ýy­lyň do­wa­myn­da ýa­şyl öw­süp otur­ýan ösüm­li­giň bo­ýy 2,5 metr­den 4 met­re çen­li bol­ýar. Gi­ma­laý dag­la­ry­nyň etek­le­rin­de ýe­tiş­ýän ösüm­lik de­kab­ryň or­ta­syn­da gül­le­ýär. Meň­zeş aý­ra­tyn­lyk­la­ry bo­lan bu iki ösüm­li­giň örän ýi­ti hoş­boý ysy bol­ýar. Ola­ryň ysy “Si­ziň sa­tyn alan hiç bir aty­ry­ňy­zyň ysy beý­le ýa­kym­ly däl­dir” diý­lip ta­ryp edil­ýär.