Alym­lar An­tark­ti­ka­da­ky äpet buz gat­la­gy­nyň aşa­gyn­da­ky kö­li has çuň­ňur öw­ren­mek üçin, 1082 metr­lik gu­ýy gaz­dy­lar. Mun­dan ozal buz gat­lak­la­ry­nyň aşa­gyn­da­ky köl bir ge­zek bar­la­nyp gör­lüp­di. Bu­zas­ty köl­de mä­lim bol­ma­dyk mik­ros­ko­pik jan­dar­la­ryň ýa­şa­ýan­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Bu­zas­ty An­tark­ti­ka köl­le­re yl­my el­ýe­ter­li­lik (SAL­SA) to­pa­ry alyp bar­ýan bu­raw­la­ýyş iş­le­ri­niň çä­gin­de, Mer­ser kö­lü­ni öw­ren­mek üçin iki gu­ýy gaz­dy­lar. Yl­my bar­lag­lar­da ulan­mak mak­sa­dy bi­len, kö­le bir­nä­çe en­jam goý­be­ril­di. Ola­ryň ara­syn­da ge­çi­ri­ji­lik, ýy­ly­lyk, çuň­luk ýa­ly öl­çeg­le­ri ed­ýän ýö­ri­te en­jam­lar bar. Şeý­le hem 4K du­ru­ly­gyn­da­ky ka­me­ra hem ýer­leş­di­ri­lip, bu­zas­ty go­wa­gyň içi ýaz­ga al­nar. Alym­la­ryň pi­ki­ri­ne gö­rä, bu yl­my işiň ne­ti­je­sin­de An­tark­ti­ka­nyň geç­miş­de nä­hi­li bo­lan­dy­gy ba­ra­da jik­me-jik mag­lu­mat öw­re­ni­ler. Köl­den al­nan nus­ga­lyk­lar se­bit­de ir­ki dö­wür­ler­de ýy­ly we su­was­ty ýa­şa­ýşyň bo­lup bol­man­dy­gy­ny anyk­la­ma­ga ýar­dam eder. Yl­my sel­jer­me­le­riň kö­pü­si bu ýer­de gur­lan göç­me la­bo­ra­to­ri­ýa­da ge­çi­ri­ler.
Bu­raw­la­ýyş işi­ne baş­la­maz­dan ozal, se­bi­tiň elekt­ro­mag­nit kar­ta­la­ry taý­ýar­la­ýan ul­gam­lar we elekt­rik inf­rast­ruk­tu­ra­sy dö­re­dil­di. SAL­SA yl­my to­pa­ry Mars ba­ra­da An­tark­ti­ka­dan has köp zat bi­lin­ýän­di­gi­ne ün­si çe­kip, şol se­bäp­li bu ýe­ri çuň­ňur öw­ren­me­gi mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­ýär­ler.