Ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­giň we­kil­le­riniň gat­naş­ma­gyn­da köp san­ly önüm­çi­lik des­ga­la­ry, ýy­la­dyş­ha­na­lar, mal­dar­çy­lyk top­lum­la­ry, gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­lar gu­rul­ýar we gur­lup, ulan­ylma­ga be­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Ru­hu­be­lent et­ra­byn­da ga­ra mal­la­ryň 1200-si­ni sak­la­ma­ga ni­ýet­le­nen mal­dar­çy­lyk fer­ma­sy gu­rul­ýar. Ony “Ýü­pek ýo­ly gur­lu­şyk” ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti gur­ýar. Şu mak­sat­lar üçin döw­let ta­ra­pyn­dan uzak möh­let­le­ýin peý­da­lan­ma­ga 600 gek­tar ýer bö­lü­nip be­ril­di. Ýylda 100 ton­na süýt we 300 ton­na et ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­nen mal­dar­çy­lyk top­lu­my ýö­ri­te­leş­di­ri­len döw­re­bap en­jamlar bi­len üp­jün edi­ler. Bu ýer­de ga­ra mal­lar we gö­le­ler üçin ýa­tak­la­ryň bir­nä­çe­si, sy­gyr sa­gyl­ýan bö­lüm we kö­mek­çi bi­na­lar bo­lar. Şeý­le ulu­ly-ki­çi­li mal­dar­çy­lyk top­lum­la­ry we­la­ýa­tyň beý­le­ki et­rap­la­ryn­da-da gu­rul­ýar. Şu top­lum­la­ryň işe gi­ri­zil­me­gi de­mir­ga­zyk se­bit­de mal­dar­çy­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek we ila­ty ýo­ka­ry hil­li azyk önüm­le­ri bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça alnyp barylýan iş­de mö­hüm ädim bo­lar.
Şeý­le hem Le­bap we­la­ýa­tyn­da tü­wini gaý­ta­dan iş­le­ýän top­lum gu­rul­ýar. Bu top­lum ýur­du­my­za da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän önüm­le­riň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­lik­le­ri dö­ret­mek ba­bat­da­ky Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de “My­ra­dym” hu­su­sy kär­ha­na­sy ta­ra­pyn­dan bi­na edil­ýär. 6 gek­tar­lyk meý­dan­da kär­ha­na­nyň se­na­gat dü­züm­le­ri ýer­le­şer. Ol ýer­de de­gir­men bö­lü­mi, am­mar, şa­ly­ny aras­sa­la­ýan bö­lüm we beý­le­ki kö­mek­çi des­ga­lar ýer­le­şer. Tä­ze kär­ha­na bir ýyl­da 10 müň ton­na tü­wi­ni gaý­ta­dan iş­le­mä­ge ukyp­ly bo­lup, hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ry­lar. Bu kär­ha­na­da gaý­ta­dan iş­le­nil­jek şa­ly üçin de­giş­li ýer bö­lek­le­ri­ bö­lü­nip be­ril­di.
Ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi hök­mün­de te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek döw­le­ti­mi­ziň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­niň stra­te­gi­ýa­sy­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Or­ta we ki­çi işe­wür­li­gi hö­wes­len­dir­mek hem-de gol­da­mak ýur­du­my­zyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ösü­şi­ne we Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­gi­ne çalt go­şu­lyş­ma­gy­na itergi berýär. Döw­le­ti­miz te­le­ke­çi­le­re gol­daw ber­mek bi­len bir ha­tar­da, yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly hu­su­sy kär­ha­na­la­ryň art­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Bu kär­ha­na­lar hä­zir ýur­du­my­zyň sarp ediş ba­za­ryn­da se­na­gat we azyk ha­ryt­la­ry­nyň bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge uly go­şant goş­ýar­lar. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösüş­le­ri­ne te­le­ke­çi­le­riň my­na­syp go­şant goş­mak­la­ry üçin ýur­du­myz­da “Ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi döw­let ta­ra­pyn­dan gol­da­mak ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny hem-de “Türk­me­nis­ta­nyň ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi gol­da­ma­gyň 2018-2024-nji ýyl­lar üçin Döw­let Mak­sat­na­ma­sy” he­re­ket ed­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň hu­su­sy pu­da­gy ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň esa­sy bö­le­gi hök­mün­de he­re­ket ed­ýär. Te­le­ke­çi­ler halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li ugur­la­ryn­da, hu­su­san-da, gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry­ny, azyk önüm­le­ri­ni, süý­ji-kö­ke önüm­le­ri­ni we beý­le­ki gün­de­lik dur­mu­şy­myz­da giň­den ula­nyl­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek­de da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­len bäs­le­ş­ýär­ler. Ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­giň önüm­çi­lik, in­no­wa­si­ýa we ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, döw­le­tiň da­şar­ky söw­da do­la­ny­şy­gyn­da te­le­ke­çi­li­giň pa­ýy­ny art­dyr­mak ýa­ly ugur­lar­da döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de-de, ýer­li işe­wür­le­ri­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da gu­rul­ýan önüm­çi­lik hem-de dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň sa­ny her ýyl yzy­gi­der­li art­ýar.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň art­ma­gy ug­run­da taý­syz ta­gal­la­la­ry edýär. Döw­let Mak­sat­na­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa or­naş­dy­ry­lmagy üçin en­çe­me müm­kin­çi­lik­le­r döredilýär. Şeý­le aja­ýyp şert­le­ri dö­re­dip ber­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, be­lent ba­şy aman bol­sun! Ata Wa­ta­ny­my­zy gül­le­dip ös­dür­mek ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­ri mun­dan beý­läk-de ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Sa­hy­mu­ham­met SA­HY­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.