Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len has-da ös­dür­mek, elekt­ron se­na­ga­ty­ny ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, 2019-njy ýyl­dan baş­lap, 2025-nji ýy­la çen­li Türk­me­nis­tan­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nan kon­sep­si­ýa­sy­ny ama­la aşyr­ma­ga gi­ri­şil­di. Eý­sem, san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň haý­sy ugur­la­ra, nä­hi­li tä­sir­le­ri bar­ka?!
1990-njy ýyl­lar­da in­ter­ne­tiň peý­da bol­ma­gy bi­len yk­dy­sa­dy­ýet üçin hem tä­ze dö­wür baş­lan­dy. Wag­tyň geç­me­gi bi­len mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­syn­da ga­za­ny­lan ösüş san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­mi­ýe­ti­ni bar­ha art­dyr­dy. Bank, sag­ly­gy go­ra­ýyş, ylym-bi­lim, ma­ha­bat, on­laýn bö­lek söw­da we mar­ke­ting ýa­ly ugur­lar san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň esa­sy tä­sir eden ugur­la­ry­na öw­rül­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, elekt­ron se­na­ga­ty­nyň ös­me­gi tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­me­gi­ne ge­tir­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bol­sa, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet se­na­ga­tyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rül­di. Ýyl­sa­ýyn se­na­gat­laş­ýan ýur­du­myz­da gu­rul­ýan kuw­wat­ly önüm­çi­lik des­ga­la­ry döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, teh­no­lo­gi­ýa­nyň soň­ky ga­za­nan­la­ry bi­len üp­jün edil­ýär. Bu bol­sa, çig mal­dan has ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga, has gym­mat ba­ha­ly in­no­wa­si­on ha­ryt­la­ry ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
San­ly yk­dy­sa­dy­ýet adal­ga­sy il­kin­ji ge­zek 1995-nji ýyl­da ka­na­da­ly Don Taps­ko­tyň ýa­zan ki­ta­byn­da or­ta atyl­ýar. Taps­kot ki­ta­byn­da yk­dy­sa­dy­ýet­de mag­lu­ma­tyň, nagt puluň, ha­sap-fak­tu­ra­la­rynyň, ýüz­be-ýüz ýyg­nak­laryň, te­le­fon gep­le­şik­le­riniň, su­rat­laryň, poç­ta ar­ka­ly ibe­ril­ýändigini ýa-da fi­zi­ki gör­nüş­de amala aşyrylýandygyny, in­di mag­lu­ma­tyň san­ly gör­nü­şe öw­rül­ýän­di­gine we ýag­ty­lyk tiz­li­gin­de ýaý­ran­dy­gy­na ün­si çek­ýär. Soňky maglumatlara görä, dün­ýä­de 3 tril­li­on dol­lar­dan ge­çen san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ýyl­lyk gör­ke­zi­ji­si­niň 2025-nji ýy­la çen­li 11,1 tril­li­on dol­la­ra ýet­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýan­dy­gy aý­dyl­ýar. Bu gör­ke­zi­ji­niň, esa­san, in­ter­net en­jam­la­ry­nyň ula­nyl­ma­gy ne­ti­je­sin­de dö­rän­di­gi bel­le­nil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da bank iş­le­ri­niň uly bö­le­gi­ni, dür­li tö­leg­le­ri in­ter­net ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­tir­mek müm­kin. Bö­lek söw­da­da nagt däl ha­sap­la­şyk yg­ty­bar­ly bo­lup, ol dür­li çyk­da­jy­la­ryň azal­ma­gy­na ge­ti­rýär, müş­de­ri­le­r we söw­da dü­kan­la­ry­, şol san­da ma­li­ýe eda­ra­la­ry üçin bäh­bit­li­dir. “Worl­dAt­las” gu­ra­ma­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Bel­gi­ýa, Fran­si­ýa, Ka­na­da, Ang­li­ýa, Şwe­si­ýa, Awst­ra­li­ýa we Gol­lan­di­ýa nagt däl ha­sap­la­şyk­da öň­de­ba­ry­jy ýurt­lar ha­sap­lan­ýar. San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ös­me­gi bi­len eda­ra-kär­ha­na­la­ryň hyz­mat­la­ry kö­pel­ýär, in­ter­net­den has ne­ti­je­li peý­da­lanyl­ýar. Kom­pa­ni­ýa­lar müş­de­ri­le­ri­ne sa­tan ha­ryt­la­ry ýa-da hö­dür­län hyz­mat­la­ry üçin ha­sap-fak­tu­ra­la­ry­ny elekt­ron usul­da iber­ýär­, töleglerini hem elektron usulda kabul edýär. Ýur­du­myz­da nagt däl ha­sap­la­şy­gyň çyg­ry­nyň bar­ha gi­ňe­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Diýarymyzda ban­ko­mat­la­ryň we tö­leg ter­mi­nal­la­ry­nyň giň to­ry he­re­ket edip, ola­ryň üs­ti bi­len söw­da mer­kez­le­rin­de, jem­gy­ýet­çi­lik ýer­le­rin­de döw­re­bap, amat­ly, ygtybarly ha­sap­la­şyk­la­ry ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di.

Nur­şat No­ba­to­wa,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.