Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň we taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan işjeň maýa goýum syýasatynyň netijesinde, ýüzlerçe önümçilik desgalary we durmuş-medeni maksatly binalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu ýagdaýlar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkemegini häsiýetlendirýän görkezijiler bolup çykyş edýärler. Durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy, ilatyň girdejileriniň yzygiderli ýokarlanmagy, müňlerçe täze iş orunlarynyň döredilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli gowulanýandygyna we durnukly ösüş maksatlarynyň doly berjaý edilýändigine şaýatlyk edýär.
Maýa goýum syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmekdir. Hut şonuň üçin hem maýa goýum işiniň hukuk binýady halkara standartlaryna laýyk getirilýär, daşary ýurt maýa goýujylar üçin ýeňillikler we kepillikler kesgitlenilýär. Ýurtda ykdysadyýetiň ösüşini çaltlandyrmak boýunça täze wezipeler öňe sürülýär, olar häzirki zaman tehnikalaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmaga, innowasion önümçilik gurluşlaryny döretmäge, maýa goýum işini höweslendirmäge gönükdirilendir. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde daşary ýurtly maýadarlaryň paýy ýokarlanýar, bu bolsa daşary ýurtly işewürleriň Türkmenistanyň ykdysady durnuklylygyna ynamynyň artýandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň durnukly syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýy, milli ykdysadyýetiň birsydyrgyn ösüşi, egsilmez baýlyk bolan tebigy çig mallaryň gory, şeýle hem maýa goýumlaryň ygtybarlylygyny kepillendirýän halkara talaplara laýyk gelýän hukuk ulgamy türkmen bazaryna maýa goýumyň barha köp çekilmeginiň esasy bolup durýar. Döwletimizdäki daşary ýurt maýadarlarynyň we daşary ýurt maýalary bolan kärhanalaryň işleriniň hukuk taýdan goraglylygy “Kärhanalar hakynda”, “Daşary ýurt maýalary barada”, “Maýa goýum işi hakynda”, “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki hukuknamalary, şeýle hem halkara şertnamalary bilen düzgünleşdirilýär.
”Daşary ýurt maýalary barada” Türkmenistanyň Kanuny daşary ýurt maýadarlarynyň, daşary ýurt maýalary bolan kärhanalaryň işleriniň hukuk goraglylygyny kepillendirýär. Bu kepillendirmeler, ozaly bilen, şulardan ybaratdyr:
Türkmenistana gelmäge ygtyýarnama bermek we Türkmenistanyň çäginde bolmagyny üpjün etmek;
girdejileri we gazançlary döwletiň çäginde ulanmak we Türkmenistanyň çäginden daşary çykarmak;
daşary ýurt maýadarlarynyň, daşary ýurt maýalary bolan kärhanalaryň hukuklaryny we borçlaryny başga adama geçirmek;
intellektual eýeçilik hukugyny goramak;
maglumatlara bolan ygtyýarlylyk;
maýa goýum işiniň tamamlanmagy sebäpli, daşary ýurt maýalaryny gaýtaryp bermek.
Türkmenistan häzirki wagtda şu halkara şertnamalara agza hökmünde gatnaşýar:
Maýalara kepil geçmek boýunça Köptaraplaýyn agentlik guramasynyň 1985-nji ýylda kabul edilen Seul konwensiýasyna;
Döwletleriň we beýleki döwletleriň fiziki şahslarynyň arasyndaky maýa goýum dawalaryny düzgünleşdirmek barada 1965-nji ýylda kabul edilen Waşington konwensiýasyna;
Energetika goýulýan maýa goýumlaryny köpugurly esasda düzgünleşdirýän 1984-nji ýylda kabul edilen Energetika Hartiýasy şertnamasyna.
Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde özüniň milli bähbitlerini ikitaraplaýyn baglaşylýan şertnamalaryň we ylalaşyklaryň esasynda halkara ykdysady hyzmatdaşlyklaryň düzgünlerine laýyklykda gorap saklaýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň häzirki zaman ýagdaýy hormatly Prezidentimiz tarapyndan saýlanyp alnan Türkmenistanyň durmuş taýdan göz öňünde tutulan bazar ykdysadyýetiniň nusgasy we ýurdumyzy durnukly ösdürmek babatynda alnyp barylýan giň möçberli beýik işleri ýokary depginli senagatlaşdyrmak we innowasion syýasaty utgaşykly alyp barmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Aýna Orazlyýewa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň mugallymy.