Türk­me­nis­ta­ny yk­dy­sa­dy we dur­muş taý­dan üs­tün­lik­li ös­dür­me­giň mö­hüm şer­ti hök­mün­de köp şa­ha­ly ulag dü­zü­mi­ni dö­ret­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şu nuk­daý­na­zar­dan, döw­le­ti­mi­ziň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne çäk­siz go­şant goş­ýan ulag-lo­gis­ti­ka ul­ga­my­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne mil­li we hal­ka­ra de­re­je­sin­de uly ähmiýet be­ril­ýär. Ulag­lar ul­ga­my­nyň dü­züm bir­lik­le­ri ýurt, se­bit we se­bi­ta­ra yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ýar­dam et­mek bi­len, pa­ra­hat­çy­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ýar, äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün ed­ýär. Ýur­du­my­zyň ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy ul­ga­myn­da­ky baş­lan­gyç­la­ry hal­ka­ra bi­le­le­şi­gin­de giň­den ma­kul­la­nyl­ýar we dün­ýä döw­let­le­ri ta­ra­pyn­dan uly goldawa eýe bolýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ulag pu­da­gy­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy top­lum­la­ýyn döw­re­bap­laşdy­ryl­ýar. Bu ugur­da bar bo­lan ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­gam­la­ry­ny gi­ňelt­mä­ge hem-de tä­ze­le­ri­ni gur­ma­ga gö­nük­di­ri­len mak­sat­na­ma­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ýur­du­myz­da de­mir ýol, aw­to­mo­bil, ho­wa we de­ňiz ulag­la­ry­ny peý­da­lan­mak bi­len amat­ly we howp­suz hal­ka­ra ge­çel­ge­ler dö­re­dil­ýär. Mu­nuň özi se­bit­de dur­nuk­ly ösü­şi, halk­la­ryň ara­syn­da hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň gi­ňel­me­gi­ni, hyz­mat­daş­ly­gyň ber­ke­me­gi­ni, söw­da do­la­ny­şy­gy­nyň muk­da­ry­nyň art­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.
Ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­my se­bi­ta­ra hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýur­dumyz bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň ara­syn­da­ky ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak­da Ga­za­gys­tan–Türk­me­nistan–Eý­ran de­mir ýo­lu­nyň, Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň, döw­re­bap aw­tou­lag ýol­la­ry­nyň, ho­wa men­zil­leri­niň we beý­le­ki dü­züm­le­ýin des­ga­la­ryň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr.
Mun­dan baş­ga-da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len ulag ul­ga­myn­da hal­ka­ra tas­la­ma­la­ry hem iş ýü­zün­de üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, “La­pis La­zu­li” yla­la­şy­gy­na la­ýyk­lyk­da, Ow­ga­nys­tan­dan ýo­la çy­kan ýük ker­we­ni bi­ziň ýur­du­my­zyň üs­ti bi­len Türk­men­ba­şynyň Hal­ka­ra deňiz por­ty ar­ka­ly Azer­baý­ja­na, ol ýer­de­nem Gru­zi­ýa hem-de Tür­ki­ýä ba­ryp ýet­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bu pa­ra­sat­ly baş­lan­gy­jy Mer­ke­zi we Gü­nor­ta Azi­ýa, Ha­zar hem-de Ga­ra de­ňiz­le­ri, Or­ta­ýer deň­zi se­bit­le­ri­ni öz içi­ne al­ýan giň geoyk­dy­sa­dy gi­ňiş­lik­de ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mä­ge ýar­dam ed­ýär.
Hä­zir bol­sa, şu­ňa meň­zeş baş­ga bir örän uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­si­ni dö­ret­me­giň üs­tün­de ne­ti­je­li işler al­nyp ba­ryl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, Ha­zar deň­zi – Ga­ra de­ňiz ara­ly­gyn­da hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­me­giň tas­la­ma­sy ha­ky­ka­ta öw­rü­lýär. Mun­dan ozal, bu tas­la­ma bo­ýun­ça bi­ler­men­ler mas­la­ha­ty ge­çi­ril­ýän bol­sa, in­di Ru­my­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Bu­ha­rest­de Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Gru­zi­ýa­nyň we Ru­my­ni­ýa­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ýo­ka­ry de­re­je­de du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da Türk­men­ba­şy, Ba­ku, Po­ti, Ba­tu­mi we Kons­tan­sa port­la­ry­nyň üs­ti bi­len ýük gat­naw­la­ry­ny art­dyr­mak, äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­la­ryň, şol san­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň hyz­mat­daş­ly­gy­ny hö­wes­len­dir­mek, bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça dört­ta­rap­la­ýyn iş­çi to­pa­ry­ny dö­ret­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da “De­mir­ga­zyk-Gü­nor­ta” hem-de “Gün­do­gar-Gün­ba­tar” ug­ry bo­ýun­ça hä­zir­ki za­man mul­ti­mo­dal ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ dö­re­di­lip, olar Mer­ke­zi Azi­ýa, Ýew­ro­pa hem-de has alys­da­ky ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy hem-de me­de­ni gat­na­şyk­lar­da köp­ri hyz­ma­ty­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr tas­la­ma­la­ry­na iş­jeň gat­naş­ma­gy se­bi­tiň mö­hüm ulag mer­ke­zi de­re­je­si­ni pug­ta­lan­dyr­ma­ga tä­sir eder. Bu Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­ny iň tä­ze ulag teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dy­ry­lan gör­nüş­de di­kelt­mek bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry iş­jeň­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Goý, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len gu­rul­ýan bu ýol-lar halk­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy­nyň, dur­nuk­ly ösü­şi­niň ha­ty­ra­sy­na asyr­larbo­ýy hyz­mat et­sin, ak ýol­lar do­wa­mat do­wam bol­sun!

Rus­lan NUR­ÝAG­DY­ÝEW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň ta­ly­by.