Bir ge­zek bir adam he­mi­şe bol­şy ýa­ly, ýa­daw hal­da iş­den giçlik öýü­ne do­la­nyp ge­len­de, ga­py­da bäş ýaş­ly og­lu­nyň özü­ne ga­raş­ýan­dy­gy­ny gö­rüp­dir.
– Ka­ka, sen­den bir zat­lar so­rap bi­le­rin­mi? – di­ýip, og­ly öze­le­nip­dir.
– El­bet­de, nä­me bol­dy? – di­ýip, ka­ka­sy ge­ňir­ge­nip­dir.
– Ka­ka, ýogsa-da sen nä­çe aý­lyk al­ýar­syň?
– Bu se­niň işiň däl. On­so­ňam ol sa­ňa nä­mä ge­rek boldy? – di­ýip ka­ka­sy ga­har­ly jo­gap be­rip­dir.
– Di­ňe bi­le­sim gel­ýär. Aý­da­ýyň­da ka­ka, siz nä­çe ga­zan­ýar­sy­ňyz?
– Ha­wa, umu­man, go­wy ga­zan­ýan. Hä, na­me bol­dy?
Og­ly oňa çyn­la­kaý se­re­dip: – Ka­ka, sen ma­ňa bi­raz pul be­rip bil­mer­siň­mi? – di­ýip­dir.
– Sen men­den haý­sy­dyr bir bol­gu­syz oýun­jak üçin pul so­ra­ýaň­my? – di­ýip, ka­ka­sy ga­tyr­ga­nyp­dyr. – Ha­ýal et­män, öz ota­gy­ňa git-­de, ýat! Men uzak­ly gün iş­le­ýän, ga­ty ýa­daw, sen bol­saň, bat­nyk­syz­lyk ed­ýäň.
Og­lan­jyk la­py­keç hal­da, öz ota­gy­na ge­çip­dir-de ga­py­ny için­den ýa­pyp­dyr. Ka­ka­sy bol­sa, og­lu­nyň eden ha­ýy­şy­na iňir­de­me­si­ni goý­man­dyr. Ýö­ne bi­raz wagt ge­çen­den soň­ra, “Müm­kin, ol ha­ky­kat­dan hem, haý­sy­dyr bir mö­hüm za­dy sa­tyn al­ma­ly­dyr. Ol men­den şu ça­ka çen­li as­la pul so­ra­man­dy ahy­ryn” di­ýip içi­ni hüm­le­dip­dir.
Og­lu­nyň ota­gy­na gi­ren­de, ol eý­ýäm, dü­şe­gi­ne ge­çen eken. – Og­lum, sen en­tek ýa­ta­ňok­my? – di­ýip, ol ýu­waş­lyk bi­len og­lun­dan so­rap­dyr.
– Ýok, ka­ka, ýö­ne gy­şa­ryp ýa­ty­ryn – di­ýip, og­ly jo­gap be­rip­dir.
– Göw­nü­me bol­ma­sa, sa­ňa ga­ty gö­dek jo­gap be­rä­ýip­di­rin öýd­ýän – di­ýip, ka­ka­sy aý­dyp­dyr. – Dog­ru­sy, men ýa­daw bo­lan­ly­gym üçin sak­la­nyp bil­män­di­rin. Me­ni ba­gyş­la. Ine, se­niň so­ran şol pu­luň, al!
Og­lan­jyk kro­wa­tyň gy­ra­syn­da otu­ryp: – Be.. ka­ka, sag bol! – di­ýip, ýyl­gy­ryp­dyr.
Soň­ra ýas­sy­gy­nyň aşa­gy­ny dö­rüş­di­rip, bir­nä­çe ýy­gyrt-ýy­gyrt ka­gyz pul­la­ry çy­ka­ryp­dyr. Ka­ka­sy og­lun­da­ky pul­la­ry gö­rüp, ýe­ne-de ga­har­la­nyp ug­rap­dyr. Og­lan­jyk bol­sa, äh­li pul­la­ry üýşürip, dyk­gat bi­len tä­ze­den sa­na­ma­ga baş­lap­dyr.
– Özüň­de bar bol­sa, nä­me üçin sen men­den pul so­ra­ýaň? – di­ýip, ka­ka­sy nä­ra­zy­lyk bil­di­rip­dir.
– Se­bä­bi men­dä­ki pul­lar ýe­ter­lik däl­di. In­di bol­sa, bu­lar la­ýyk bo­lar – di­ýip, og­lan­jyk ýyl­gy­ryp­dyr. Soň­ra ol: – Ka­ka, in­di bu ýet­ýär. Men se­niň bir sa­gat wag­ty­ňy sa­tyn alyp bi­le­rin­mi? Seniň er­tir iş­den bir sa­gat ir­räk gelip, meniň bi­len gar­ba­nyş­ha­na­da ag­şam­lyk edin­me­gi­ňi is­le­ýä­rin – di­ýip­dir.
Ter­ji­me eden Re­jep­my­rat Hu­daý­ber­di­ýew, Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.