Rus­si­ýa­nyň hö­kü­me­ti dün­ýä bel­li rus ýa­zy­jy­sy Iwan Bu­ni­niň dog­lan gü­nü­niň 150 ýyl­ly­gy­ny bellemek we oňa taý­ýar­lyk gör­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti­niň dü­zü­mi­ni tas­syk­la­dy. Rus ede­bi­ýa­ty­nyň nus­ga­wy ýa­zy­jy­sy 1870-nji ýy­lyň 22-nji okt­ýab­ryn­da Wo­ro­než­de do­gul­ýar. Onuň 150 ýyl­lyk ýu­bi­le­ýi 2020-nji ýyl­da bel­le­ner. Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin meş­hur rus ýa­zy­jy­sy we şa­hy­ry, No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy­nyň eýe­si Iwan Bu­ni­niň dog­lan gü­nü­niň 150 ýyl­ly­gy­ny bellemek ba­ra­da­ky ka­ra­ra ge­çen ýy­lyň 30-njy iýu­lyn­da gol çe­kip­di.
Iwan Bu­ni­ni 1923-nji, 1930-njy we 1932-nji ýyl­lar­da, No­bel baý­ra­gy­na tek­lip ed­ýär­ler. 1933-nji ýyl­da şwed Aka­de­mi­ýa­sy ony “Rus nus­ga­wy kyssasyny ös­dür­mek­de asyl­ly hyz­mat­la­ry üçin” No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy bi­len sy­lag­la­ýar. Ol şeý­le baý­ra­ga eýe bo­lan il­kin­ji rus ýa­zy­jy­la­ry­nyň bi­ri­dir. “Gu­şuň kö­le­ge­si”, “Do­gan­lar”, “Soň­ky güýz”, “Mu­gal­lym”, “San-Fran­sis­ko­ly je­nap”, “Nä­let­li gün­ler” ýa­ly eser­le­ri bi­len uly ab­ra­ýa eýe bo­lan Bu­ni­niň döredijiligine giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi ta­ra­pyn­dan uly gy­zyk­lan­ma bi­ldirilýär. Bu­nin 1953-nji ýy­lyň 8-nji no­ýab­ryn­da Pa­riž­de ara­dan çyk­ýar.