Şweýsariýanyň paýtagtyndaky “Palexpo” sergi merkezinde geçirilýän çärä gatnaşýan kompaniýalaryň sany geçen ýyllardakydan has köp boldy. 1905-nji ýylda ilkinji gezek geçirilen bu sergi 1924-nji ýylda halkara derejesine eýe bolupdy. 700 müň myhmanyň gelmegine garaşylýan çärede gysga wagtda zarýad alýan elektrokarlar, supersport ulaglary hem-de nusgalyk modeller has köp. Kompaniýalar 110 müň inedördül metr meýdanda gurlan 220 pawilýonda soňky tehnologiýa önümlerini tanyşdyrýarlar.
89-njy gezek geçirilýän Ženewa awtoulag sergisi 7-nji martda öz işine başlady. Awtoulaga bagyşlanan dünýäniň esasy sergileriniň biri bolan bu gözden geçiriliş 10 günläp dowam edýär.
Sergide “Peugeot”, “Honda”, “Renault” ýaly belli kompaniýalaryň elektroulaglary bilen bir hatarda, ozal ady eşidilmedik şereketleriň hem ulaglaryny görmek bolýar. “Piëch” atly şereketiň işläp düzen “Mark Zero” atly elektrokarynyň batareýasy 4 minut 40 sekuntda 80 göterim dolýar. Köp ýyllar “Porsche”-de tejribe toplan Toni Pieh tarapyndan döredilen şereketiň taýýarlan bu ulagynyň batareýasy ýokary tok akymyna çydamly bolup, ol gyzmaýar. Pieh täze ulagyň bir gezekki zarýady bilen 500 km ýol geçip biljekdigini aýdýar.
Üç hereketlendirijisi bolan ulag 0-100 km/sagat tizlige 3,2 sekuntda ýetýär. Ulagyň ýokary tizligi 250 km/s. Şeýle hem bu ulag modulýar bolmagy bilen tapawutlanyp, käbir böleklerini çalşyp bolýar. Mysal üçin, geljekde has ýeňil ýa-da has güýçli batareýa çyksa, häzirkisi bilen çalşyp bolar. Pieh bu tehnologiýany gibrid ulaglara, hatda benzin bilen işleýän ulaglara hem ornaşdyryp boljakdygyny aýdýar. Şereket nusgalyk görnüşi taýýarlanan ulagyň iki we dört orunlyk hem-de SUV modellerini öndürer.
Häzirki wagtda elektroulaglara zarýad bermek üçin köp wagtyň gerekdigi sürüjileri ikirjiňlendirýär. Emma täze tehnologiýalar bu meseläni aradan aýrar. Golaýda “Porsche” kompaniýasy hem 15 minutlyk zarýady bilen 400 km ýol geçýän ulagyny hödürläpdi. Ýakyn wagtdan elektroulaglara zarýad bermek hem adaty ýangyçly ulaglaryň bagyny doldurmak ýaly juda az wagt alar.
ýylyň awtoulagy
Serginiň öň ýanynda “Ýewropada ýylyň awtoulagy” saýlandy. Baş baýrak 23 ýurtdan 60 žurnalistiň ses bermeginde “Jaguar”-yň “I-PACE” atly SUV elektrokaryna berildi.
Sergide “Bugatti”-niň “La Voiture Noire” atly superlýuks ulagy tanyşdyryldy. Italýan brendiniň bu ulagy 1936-1938-nji ýyllar aralygynda öndürilen “Type 57 SC Atlantic” modeline meňzedilipdir. Gara reňkli ulagyň kuwwaty 1479 at güýjüne barabar bolup, oňa 12 503 150 dollar baha kesildi.
Sergide “Goodyear” kompaniýasy uçýan ulaglara niýetlenen “Aero” atly tigrini görkezdi. Ýerde duran mahaly beýlekilerden tapawudy bolmadyk tigir ulag uçup başlansoň, aýlanyp, ulagyň öňe hereket etmegine kömek edýär.
Nemes kompaniýasy “Volkswagen” “ID Buggy” atly nusgalyk elektrokaryny tanyşdyrdy. Iki orunlyk ulag 1964-1971-nji ýyllar aralygynda öndürilen “Manx” modeline meňzedilipdir. Ýolsuz ýerde ýöräp bilýän ulag suwa hem çydamly.
Ilkinji elektrokary
Awtoulaglaryň dizaýny bilen meşgullanýan “Pininfarina” kompaniýasy kuwwaty 1900 at güýjüne barabar ilkinji ulagyny tanyşdyrdy. “Battista” atly elektrokar 120 kWh batareýasy arkaly 480 kilometr ýol geçýär. Oňa 40 minutda 80 göterim zarýad berip bolýar. 100 km/sagat tizlige 2 sekuntda ýetýän ulagyň ýokary tizligi sagatda 350 km. Ulagdan jemi 150-siniň öndüriljekdigi habar berildi.
BMW kompaniýasy “M850i Individual Night Sky” atly üýtgeşik ulagy hödürledi. Diňe biri öndürilen ulagyň içi meteorit daşlary bilen bezelipdir.
“Mercedes-Benz” EQV atly mikroawtobusyny tanyşdyrdy. 8 orunlyk elektroulag bir gezekki zarýady bilen 400 km ýol külterleýär. Elektrokarlarynyň sanyny artdyrmak isleýän nemes brendiniň täze ulagynyň kuwwaty 201 at güýjüne barabar.
Dünýäniň öňdebaryjy awtoulag kompaniýasy “Kia” hem sergä täze ulaglaryny getiripdir. Koreý brendiniň nusgalyk ulagynyň içinde jemi 21 sany ekran bar. Şeýle-de, onuň daşky dizaýny we çyralary örän üýtgeşik.
Hyzmataşlyk ederler
Germaniýanyň iki iri kompaniýasy, şol birwagtyň özünde birnäçe ýyllyk bäsdeşler BMW bilen “Mercedes-Benz” (“Daimler” topary) kompaniýalary sürüjisiz ulaglary bilelikde taýýarlamak üçin ylalaşyk gazandylar. Mundan ozal hem elektrokarlaryň önümçiligi üçin 1 milliard dollarlyk şertnama baglaşandyklaryny aýdan kompaniýalar täze tehnologiýanyň 2020-nji ýylda taýýar boljakdygyny belleýärler. 5-nji derejeli awtonom ulaglaryň (sürüjä hiç hili zerurlyk ýok) golaý geljekde peýda boljakdygy bellenilýär. Ygtybarly ulaglary öndürmekde dünýä belli nemes kompaniýalary awtonom sürüş hem-de elektrokar tehnologiýasynda “Tesla”, “Google” ýaly kompaniýalardan yzda galmak islemeýär. Şeýle hem elektrokar batareýalarynyň önümçiliginde hytaý brendlerinden ozdurmak isleýär.