Günlerde bir gün mugallym okuwçylara durmuş barada sapak alarlykly tejribe geçirip görmegi teklip edýär. Okuwçylar bu teklibi ikirjiňlenmän kabul edýärler. Mugallym:
– Diýmek, gepleşdik. Ertir ähliňiz ýanyňyz bilen bir kilogram kartoşka getiriň! – diýýär.
Okuwçylar bu ýumşa hiç hili düşünmedik bolsalar hem mugallymyň tabşyran ýumşuny ýerine ýetirýärler. Mugallym synpa gireninde okuwçylaryň hersiniň partasynyň üstünde düýnki sargydynyň taýýardygyny görýär. Mugallym olaryň bilesigeliji gözlerine mähirli seredip:
– Indi bolsa, şu güne çenli bagyşlamadyk her bir joraňyzyň ýa-da dostuňyzyň adyny bir kartoşka ýazyp torba salyň! – diýýär.
Käbir okuwça üç-dört sany kartoşka ýeterlik bolan bolsa, käbiri getiren kartoşkasynyň ählisine at ýazypdyr. Mugallym özüne bakýan soragly nazarlara seredip, tejribäniň ikinji şertini düşündirýär:
– Bir hepdäniň dowamynda bu torbalary ýanyňyzdan aýyrmaly däl, öýde, okuwda, ýolda hemişe ýanyňyzda bolmaly.
Aradan bir hepde geçýär. Mugallym synpa giren badyna, ýumşy birkemsiz ýerine ýetiren okuwçylar ýerli-ýerden närazylyklaryny aýdyp başlaýarlar:
“Mugallym, bu torbany hemme ýere alyp gitmek örän kyn” diýýäni haýsy, “Kartoşkalar çüýräp başlady” diýýäni haýsy. Mugallym okuwçylaryna ýylgyryp, şeýle ündew beripdir:
– Görşüňiz ýaly, biz başgalary bagyşlaman, aslynda özümizi jezalandyrýarys. Ruhumyzda agyr ýük götermäge mejbur bolýarys. Bagyşlamaga garşymyzdaky adama eglişik etmek diýip düşünýäris. Bagyşlamak, ilki bilen, özümize edýän ýagşylygymyzdyr.
Öýke – duşmanyň,
akyl – dostuň.