Yşygyň jisimleri we reňkleri görmegimize ýardam edýän energiýanyň bir görnüşidigi hemmä mälimdir. Ýagtylygyň gyzgyndygyny pikir edýän bolmagymyz mümkin. Eýsem, yşygyň sowuk hilisi hem bolýarmyka?! Sebäbi ýagtylandyrylmak üçin peýdalanylýan çyralar ýakylan wagty gyzgyn bolýarlar. Şeýle-de Gün hem ýagtylyk saçýar. Onuň şöhlesiniň gyzgynlygyny biz ondan näçe daşda bolsak hem duýup bilýäris. Ýagny daş-töweregimize seredenimizde, ýagtylyk çeşmesiniň şol birwagtda gyzgynlyk hem ýaýradýandygyny duýýarys. Şol sebäpli adatça, ýagtylyk gyzgyn hasaplanýar. Onda sowuk yşyk nämeka?! Tebigatda gabat gelýän käbir jandarlaryň bedenleri hem ýagtylyk saçyp bilýär. Mysal üçin, ýaldyrawuk tomzak hem şeýle jandarlaryň biridir. Olaryň bedeni gijesine şöhle saçýar. Onuň ýagtylygynyň beýleki yşyk çeşmelerinden tapawudy ot we gyzgynlyk bilen baglanyşygynyň ýoklugydyr. Olar ýagtylygyň sowuk görnüşi hasaplanýar.Adaty lampalar elektrik energiýasynyň 3-4 göterimini ýagtylyga öwürýär. Tygşytly lampalarda elektrik energiýasynyň has köp mukdary şöhlä öwrülýär. Şol sebäpli olar has az gyzýar. Ýaldyrawuk tomzaklar bolsa, energiýasynyň 100 göterimini ýagtylyga öwürýär. Ýagny ýagtylyk saçýandygy sebäpli hiç hili gyzmaýar. Lampalar bilen bu jandarlaryň arasynda ýagtylyk öndürmegiň netijeliligi baradaky tapawut ýagtylyk tehnologiýasy bilen iş salyşýan hünärmenleriň üns merkezinde saklanýar.