Rim – ka­to­lik but­ha­na­sy­nyň bar­dy­gy ba­ra­da­ky il­kin­ji maglumatlar bi­ziň eý­ýa­my­my­zyň IV asy­ry­na de­giş­li bo­lup, ki­tap­ha­na­çy­nyň we­zi­pe­si ba­ra­da il­kin­ji ge­zek VIII asyr­da ýat­la­nyp ge­çil­ýär. XIII asy­ryň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da nä­bel­li se­bäp­le­re gö­rä, ki­tap­ha­na­nyň gaz­na­sy­nyň ep-es­li bö­le­gi ýi­ti­ril­ýär.
Ki­tap­ha­na Awi­non­da Rim pa­pa­sy Ioann XXII (1316-1334) ta­gal­la­la­ry bi­len tä­ze­den di­kel­dil­ýär. Awi­non hä­zir­ki za­man Fran­si­ýa­syn­da ýer­le­şip, 1309-1378-nji ýyl­lar­da ol ýer­de ka­to­lik but­ha­na­sy­nyň baş­tu­ta­ny­nyň re­zi­den­si­ýa­sy ýer­le­şip­dir.
Hä­zir­ki za­man Wa­ti­kan ki­tap­ha­na­sy pa­pa Ni­ko­laý V (1447-1455) ta­ra­pyn­dan esas­lan­dy­ryl­ýar. Onuň döw­rün­de ki­tap­ha­na­nyň gaz­na­sy 1200 gol­ýaz­ma­dan yba­rat bo­lup­dyr. Pa­pa Pa­wel V (1605-1621) döw­rün­de ki­tap­ha­na­dan res­mi­na­ma­la­ryň ar­hi­wi bö­lü­nip aý­ry­lyp, giz­lin­lik­de sak­la­nyl­ýar. 1715-1716-njy ýyl­lar­da Si­r­iýa we Mü­sü­re ama­la aşy­ry­lan sy­ýa­hat­la­ryň ne­ti­je­sin­de, ki­tap­ha­na üçin ýüz­ler­çe ga­dy­my gol­ýaz­ma­lar ge­ti­ri­lip­dir. 1891-nji ýyl­da ki­tap­ha­na Awi­non­dan Wa­ti­ka­na gö­çü­ril­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da ki­tap­ha­na­nyň gaz­na­syn­da 1,6 mil­li­on­dan gow­rak ki­tap, 180 müň gol­ýaz­ma, 8 müň 300 sa­ny ýyg­ma harp­lar bi­len çap edi­lip çy­ka­ry­lan il­kin­ji ki­tap­lar, 300 müň şa­ýy pul we me­dal, 150 müň sa­ny dür­li ha­şam­la­nan su­rat­lar we kar­ta­lar sak­la­nyl­ýar. IV asy­ryň or­ta­la­ry­na de­giş­li el­ýaz­ma gör­nüş­li In­jil ki­tap­ha­na­nyň iň gym­mat­ly nus­ga­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar.