XIII asyryň ussat ýazyjysy Sady Şirazynyň (1195—1226) edebiýat äleminde gazanan üstünligini beýan ederden söz asgyn gelse gerek. Günbatarly tankytçylar onuň iküç ýylyň içinde “Bossan” we “Gülüstan” ýaly iki beýik nusgawy eseri ýazyp bilşine, dogrusy, haýran galýarlar. Her bir gündogarly tarapyndan tanalýan we beýik eser diýlip, ykrar edilen bu kitaplar deňsiz-taýsyz şahyranalygy we dürli röwüşliligi bilen tapawutlanýar. Sady hiç hili girdejisi bolmadyk we özüni hemişe mysapyr ýaly alyp baran adam bolupdyr. Ol Geýlany we Sühreberdi ýaly sopy pirlerden ylym öwrenipdir.
Sagdy “Gülüstan” atly eserinde pars dilini öwrenýänler üçin gollanma bolup biljek derejede sada sözleri we sözlemleri saýlamaga ýykgyn edipdir. Ol bu eserinde, göräýmäge, diňe ahlak sypatlary bilen bagly dana sözlerdir hekaýatlary beýan etse-de, aslynda, beýik sopular tarapyndan ýazga geçirilip bilinjek çuňňur sufizm pelsepesini özünde jemleýän ajaýyp kitaby ýazmagyň hötdesinden gelipdir. Eserde maglumatlaryň köpdürlüligine garamazdan, olaryň biri-biriniň içinden ussatlarça eriş-argaç geçirilmegi okyjyny haýrana goýýar.
“Bossan” we “Gülüstan” eserleri dürdäneleriň, atalar sözleriniň we öwüt-nesihatlaryň çeşmesidir. Olar dürli häsiýetli adamlar tarapyndan hem makullanjak derejede ussatlarça ýazylypdyr. Bu bolsa, Sadynyň sopuçylyk ylmyndan ýüküni kemsiz tutandygyndan, sufizmi belli bir galyba salyp, halka ýetirendiginden habar berýär. Ol nusgawy edebiýatyň däp bolup gelen formasyny saýlamak bilen, aýtmak isleýän esasy pikirleriniň ýoýulmazlygyny we şonlugyna-da halka ýetirilmegini ýola goýupdyr. Şunlukda, hiç kim gündogar edebiýatyndan Sadyny çetleşdirip bilmese gerek. Bu bolsa sufizm pelsepesiniň durkuny ýitirmän saklanmagyna uly goşant goşupdyr.
Biziň şol ajaýyp eserlerden saýlan aşakdaky setirlerimiz okyjynyň düşünäýjek manylaryny özünde jemleýär.
Öten-geçenleriň parasatly sözlerini eşitmek üçin
Hüşgär gulagyňdan gaflat pagtasyny aýyr.
Gapy
Bu gapydan ýüz öwren betbagtdyr
Sebäbi onuň başga gapy tapjak gümany ýok.
Jöwher bilen tozan
Jöwher laýa gaçsa-da, gymmaty gaçmaz
Tozan göge galsa-da, gymmaty artmaz.
Ýow güni
Ýow güni gödek öküz däl-de, ýüwrük at derde ýarar.
Alhimik bilen akmak
Alhimik hasratdan we lapykeçlikden öler,
Akmak bolsa, harabadan hazyna tapar.
Dür
Bulutdan syrygyp gaýdan damja
Deňzi görüp, utanjyna şeýle diýdi:
«Deňiz barka, men kimmişim?»
Özüni pespäl alyp barany üçin
Sadap ony bagryna basdy-da besledi.
Ogry bilen ýorgan
Ogry gijäniň ýary derwüşiň öýüne girdi. Emma çolpusyna hiç zat ilmedi. Ol öýden çykyp barýarka, derwüş onuň lapynyň keçdigini duýdy. Soňam eli boş çykmasyn diýip, üstündäki ýorganyny oňa tarap oklady.
Öwrenmek:
«Meni nyşana almadyk adam
Menden ok atmagy öwrenip bilmez».
Biedep
Gülapdan doly howza
It gaçyp, hapalaýan mysaly,
Jemgyýetdäki biedep sebäpli-de
Okumyşlar kösener.
Alymlar bilen takwalar
Köpräk zähmet çekerleri ýaly, alymlary puldan hor etme,
Takwalygyny saklar ýaly, takwalara-da gara şaýam berme.
Içýan
Içýandan:
– Näme üçin gyşda daşaryk çykmaýarsyň? – diýip soradylar.
Içýanam:
– Ýazdan näme haýyr gördüm, gyş daşaryk çykar ýaly? – diýip, jogap berdi.
Öl agaç egreler,
Guransoň, ony diňe ot gönelder.
Gämi
Kapitany Nuh bolsa, dowla düşere esas ýok.
Gurt çagasynyň ykbaly
Adamlaryň ýanynda ulalsa-da, gurt çagasynyň ykbaly ýene gurtlugyna galmakdyr.
Miwesiz agaç
Miwesiz agajy daşlan tapylmaz.
Tekepbirlik
Tekepbir adam
Haky eşider öýtme.
Dogry ýol
Dogry ýoldan ýöreýän adamyň azaşanyna gabat gelmedim.
Kapasa
Totuguş garga bilen bir kapasa düşse,
Daşaryk çykmagy özüne uly bagt saýar.
Süsüşmek
Goç bilen süsüşen sen,
Basym ýarylan baş görersiň.
Täze oturdylan nahal
Täze oturdylan nahaly ýeke adamam goparyp biler,
Emma nahala puryja ber, telim düýe çekse-de, butnadyp bilmez.
Ýamanlyga – ýagşylyk
Ýamanlyga ýagşylyk bilen jogap bermek ýagşylyga ýamanlyk bilen jogap gaýtaran ýalydyr.
Sowgat
Ogul, Alynyň öýünde zähmet çekýän bolsaň, Weliden sowgada garaşma.
Öz kemiňi bilmek
Parasatly kişiniň gözünde pil bilen döwüş guramakçy bolýan adam batyr däldir. Batyr adam gany beýnisine uranda, gelşiksiz söz sözlemeýän adamdyr.
Bir adam ýanyndaka paýyş sözleri aýdypdyr. Olam:
– Eý, menden kän zada garaşýan adam! Men, aslynda, seniň sögünç sözleriňdenem has erbet adam. Men özümiň ähli kemimi bilýärin, emma sen weli bilmeýärsiň – diýipdir.
Saýlamak
Ho-ol, ileride gaçybatalga, yzyňda-da galtaman dur. Durmasaň, utan sen bolarsyň, ýatsaňam ölersiň.
Aç galan derwüş
Nahar berilmedik biçäre derwüşe gözüm düşende,
Öňümdäki aşym zäher-zakguna öwrülýär.
Binýady berk bolmadyk binanyň boýuny beter beýgeltme,
Beýgeltseňem ätiýaçly bol.
Ýatan bilen oýa
Bir adamyň ukusy oýa wagtyndan bähbitli bolsa,
Onuň ýaşanyndan öleni ýegdir.
Hasyl
Orak möwsümi göz ýetirersiň
Ýaltalygyň hasyl bermeýändigine.
Maglumat bilen ylym
Her näçe akyl ýöretseň-de, amala etmezden bilip bilmersiň.
Kitapdan mas ýüklenen eşek ne alymdyr, ne-de akylly.
Zandynda bolmasa, ol janawar näme öwrensin?
Arkasyndaky ýüki kitap boldy nä, odun boldy nä, tapawudy barmy?!
Pil çopany
Bir pili salara agylyň bolmasa,
Pil çopany bilen dost bolma.
Sag-salamatlyk we hazyna
Derýada san-sajaksyz hazyna bardyr
Emma salamatlyk isleseň kenardadyr.
Tilki hem-de düýeler
Bir tilki howsala düşüp, aýak aldygyna gaçyp barýardy. Öňünden çykan ondan näme bolandygyny sorady. Tilki:
– Düýeleri hak-heşdeksiz işletmäge äkidip barýarlar – diýdi.
– Haý, akmak diýsäni! Munuň seniň bilen näme dahyly bar? Sen düýä meňzäňogam ahyry.
– Ýuwaşyrak! Birden hilegäriň biri maňa düýe diýäýse, onsoň meni kim halas eder?
Altyn
Bir kisejik altyny bolan adam edil gözüň göreji ýaly gymmatlydyr.
Zergär ogluna: «Altyny bolan begdir» diýmänmi näme?
Geplemek
Geplemekden gaýry hiç zat etmeýän alym
Adamlaryň kalbynda orun alyp bilmez.
Müritler bilen pirler
Müritler çagadanam ejizdir,
Pirler bolsa, daşdan örülen diwar ýalydyr.
Akmaklara şeýle kän nygmat berlipdir welin,
Ýüz alym muňa haýran galýar.
Bukuda oturan bars
Seniň jeňňellikdir öýden ýeriňde bars bukuda oturan bolmagy mümkin.
Daşky sypat
Ilki derwüşiň ähli häsiýetine eýe bol,
Şondan soň, tatar külahyny geý.
Iňňe
Iňňäniň agyrysyna çydamaýan bolsaň, içýanyň ýaşaýan deşigine barmagyňy sokma.
Howp
Derwüş Haka aşyk bolmak halatyndan çykman dursady,
Ol iki dünýäge bölünerdi.
Derwüş bilen tütjar
Günorta Arabystana barýarkam, Kufede (demirgazykda) kerwene aýakýalaň, ýyrtyk jindeli bir derwüş goşuldy. Pukara bendedigi daşyndan bildirip durdy. Ol giň ädimler bilen ýöräp barşyna şu setirleri sanaýardy:
Ne-hä düýe daşaýan
Ne-de düýe ýüküni.
Ne-hä dolandyrýaryn
Ne-de dolandyrylýan.
Öten, häzir, gelejek –
Hijisinden gorkym ýok.
Ine-gana dem alýan
Ine-gana ýaşaýan.
Düýäniň üstünde oturan tütjar derwüşe ýüzlenip: – Sen gowusy, yzyňa dolan. Ýogsa ýoluň hupbatyndan, açlykdan ölersiň – diýdi.
Derwüş oňa ünsem bermedi-de, öz ýoly bilen ýöräberdi.
Beni-Hamud jülgesine baranymyzda, ýaňky tütjar amanadyny tabşyrdy. Tabydyň ýanynda duran derwüş şeýle diýdi:
– Men kynçylyklar sebäpli ölmedim. Emma sen düýäniň üstünde otursaňam öldüň. Akmaklar gündiz şem ýakarlar. Gije-de yşyklarynyň bolmaýyşyna geň galarlar.
Geleňsiz
Geleňsize nesihat berýän adamyň özi öwüt-ündewe mätäçdir.
Gaplaňyň awy
Gaplaň süreniniň garaňky oýugynda ýatan ýerinden näme awlap biler?
Ýol
Eý, çarwa, gynansagam, Mekgä barmasaň gerek,
Sebäbi bu barýan ýoluň Türküstana eltýär.
Türk dilinden terjime eden
Ahmet MELÄÝEW.