Ge­çen asy­ryň 1980–1990-njy ýyl­la­ryn­da, “ma­wy ek­ran” ar­ka­ly ýaý­ly­ma be­ril­ýän “Sa­ti­ri­ki sah­na­lar­da” Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti Ber­di Aşy­row (Eme­nek) bi­len onuň maş­ga­la­sy Ýal­py­lyň keş­bin­de çy­kyş eden we to­ma­şa­çy­lar köp­çü­li­gi­niň gyz­gyn söý­gü­si­ne my­na­syp bol­ma­gy ba­şa­ran Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti Oraz­gül Ap­ba­so­wa­ny me­ge­rem, hem­me ta­na­ýan­dyr. Men ýa­kyn­da bu ha­ly­pa akt­ri­sa­nyň dö­re­di­ji­lik we dur­muş ýo­ly bi­len gy­zyk­la­nyp, ony oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dim. Ýa­dy­ňyz­da bol­sa, öň­ki Mol­la­ne­pes adyn­da­ky aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ry­nyň sah­na­syn­da öz­bek dra­ma­tur­gy Se­ýit Ah­me­diň pýe­sa­sy esa­syn­da, te­at­ryň şol wagt­ky re­žiss­ýo­ry Aman Kö­me­ko­wyň sah­na­laş­dy­ran “Ge­lin­le­riň goz­ga­la­ňy” spek­tak­lyn­da Oraz­gül ýe­di ogul­ly, ýe­di ge­lin­li Ga­ýyn ene, Per­man­bi­bi­niň dör­dün­ji gel­ni Lut­fi­ho­nyň keş­bin­de çy­kyş ed­ýär­di. Spek­tak­lyň do­wa­myn­da Per­man­bi­bi­niň bagt­ly maş­ga­la­sy ba­ra­da gep­le­şik taý­ýar­la­mak üçin, ra­dio­žur­na­lis­ti­niň gel­ýän ýe­ri bar. Ana şon­da ra­dio­žur­na­lis­te ge­lin­le­riň iş­le­ýän pur­sa­dy­ny ýaz­ga ge­çir­mek ge­rek bol­ýar. Şon­da Lut­fi­ho­nyň pa­law bi­şir­me­li ýe­rin­de Oraz­gül el­ti­le­ri­ne ga­rap: – Ge­lin­le­ru-u, tü­wi ge­ti­riň, ge­lin­le­rä-ä, kä­şir ge­ti­riň – di­ýip, aýa­gal­dy­gy­na kep­gi­ri ga­za­nyň gy­ra­sy­na urup, gy­gyr­ýan ýe­ri spek­tak­lyň has şow­ly çyk­ma­gy­na tä­si­ri­ni ýe­ti­rip­dir. Şon­dan bä­ri aý aý­la­nyp-ýyl­lar geç­di. Per­man­bi­bi­niň keş­bi­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýän Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti So­na My­ra­do­wa ara­dan çyk­dy. Em­ma mu­ňa ga­ra­maz­dan te­at­ryň dö­re­di­ji­lik to­pa­ry­nyň bu gül­kü­li ese­ri re­per­tu­ar­dan aý­ra­sy gel­me­di. Bu spek­tak­ly tä­ze­den iş­läp ady­na-da “Ge­lin­ler” da­kyp, esa­sy keşp bo­lan Per­man­bi­bi enä­niň keş­bi­ni-de Oraz­gül Ap­ba­so­wa ynan­dy­lar. Hä­zir­ki wagt­da, “Ge­lin­ler” spek­tak­ly paý­tag­ty­my­zyň Baş dra­ma te­at­ry­nyň be­ze­gi bol­mak bi­len, muş­dak­la­ry­ny be­gen­di­rip gel­ýär.
Ýur­du­my­zyň Baş dra­ma te­at­ryn­da ýaş­ly­gyn­dan baş­lap, hä­zir­ki gün­le­re çen­li ab­raý­ly zäh­met ýo­lu­ny ge­çen, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti, Oraz­gül Ap­ba­so­wa 1941-nji ýy­lyň okt­ýabr aýy­nyň 18-ine, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka et­ra­by­nyň Mag­tym­ga­la oba­syn­da daý­han maş­ga­la­da dün­ýä in­ýär. Oraz­gü­lüň ça­ga­lyk döw­ri kyn­çy­lyk­ly geç­ýär. Ol ene mäh­rin­den ju­da ir mah­rum bol­ýar. Oraz­gül 1-nji klas­dan 4-nji synpa çen­li Mag­tym­ga­la oba­syn­da, 5-nji synpdan 7-nji synpa çen­li Goz­gan oba­syn­da, 8-nji synpy Gow­şut oba­syn­da ýer­leş­ýän “Şe­kem” at­ly ýe­tim­ler öýün­de, 9-njy we 10-njy synp­la­ry-da Ki­row adyn­da­ky kol­hoz­da ýer­leş­ýän 17-nji or­ta mek­dep­de okap, or­ta bi­li­mi al­ýar. Oraz­gü­lüň ka­ka­sy Ap­bas aga daý­han­çy­lyk bi­len meş­gul bol­ýar eken. Ol Oraz­gü­li ýe­ke özi ek­le­me­li bo­lan­ly­gy se­bäp­li kän gö­çüp-go­nup­dyr. 1958-nji ýyl­da or­ta mek­de­bi ta­mam­lan Oraz­gül Ka­ka et­ra­byn­da­ky me­de­ni­ýet öýü­niň halk te­at­ryn­da çe­per ýol­baş­çy bo­lup iş­le­ýär. Ol sah­na­laş­dy­ry­lan spek­takl­lar­da, ar­tist hök­mün­de çy­kyş edip, çe­per hö­wes­jeň­ler to­pa­ryn­da bol­sa, goş­gu­la­ry ýat­dan okap, tans eder eken. Şol dö­wür­ler, Aş­ga­bat şä­he­rin­de ýer­leş­ýän (öň­ki 1-nji park) hä­zir­ki Aş­ga­bat se­ýil­gä­hin­de, çe­per hö­wes­jeň­le­riň fes­ti­wa­ly ge­çi­ri­ler eken. Ana şol fes­ti­wa­la Ka­ka et­ra­by­nyň halk te­at­ry hem “Zöh­re we Ta­hyr” at­ly spek­tak­ly bi­len gat­naş­ýar. Oraz­gül bu oýun­da Ma­hy­myň keş­bin­de çy­kyş ed­ýär. Bu te­at­ryň şol wagt­ky re­žiss­ýo­ry Ýa­kup Ymam­gu­ly­ýew, Oraz­gü­lüň keşp jan­lan­dy­ry­şy­na pi­sin­di otu­ryp, oňa ar­tist bol­ma­gy mas­la­hat ber­ýär. Oraz­gül Ap­ba­so­wa halk te­at­ryn­da bir ýyl iş­lä­nin­den soň, 1959-njy ýyl­da Aş­ga­ba­da gaýd­ýar. Bu ýer­de ol, 2-nji Se­ýil­gä­hiň ýa­nyn­daky Ýü­pek fab­ri­gi­ne işe ýer­leş­ýär. Bu ýer­de işi­niň da­şyn­dan fab­rik­de he­re­ket ed­ýän çe­per hö­wes­jeň­ler gur­na­gy­na-da gat­na­ýar. Çe­per hö­wes­jeň­ler to­pa­ry her baý­ram­çy­lyk­da öz­le­ri­ne de­giş­li bo­lan me­de­ni­ýet öýü­niň sah­na­syn­da çy­kyş edip, hal­ky­my­zyň me­de­ni­ýet­li dynç al­mak­la­ry­na uly go­şant goş­ýar.
– Bir gün iş­den soň, ba­zar­da aý­la­nyp ýör­käm, ma­ňa Aman Kö­me­kow duş­dy. Ol ma­ňa ar­tist bol­ma­gy mas­la­hat ber­di. Me­niň fab­rik­de çe­per hö­wes­jeň­ler gur­na­gyn­da çy­kyş ed­ýä­ni­mi bil­ýän eken. Soň se­re­dip otur­sam, ol Mol­la­ne­pes adyn­da­ky te­at­ryň ar­tis­ti hem re­žiss­ýo­ry bo­lup çyk­dy. Şeý­dip men Aman aga­nyň kö­mek-gol­daw ber­me­gi bi­len, 1964-nji ýyl­da şol te­at­ryň ýa­nyn­da­ky stu­di­ýa­nyň ta­ly­by bol­dum otu­ry­ber­dim. Bu ýer­de bi­ze akt­ýor us­sat­ly­gyn­dan, Isi­dir Gri­gor­ýe­wiç Gro­mow, Aman Gur­ban­dur­dy­ýew, sah­na di­lin­den Oraz Çer­ke­zow, sah­na he­re­ke­tin­den Nur­mu­ham­met Keş­şi­kow, tans­dan Sa­la­wat Ke­ma­lo­wiç Ab­dul­lin da­gy tä­lim ber­di. Bi­ziň to­pa­ry­myz stu­di­ýa­nyň bi­rin­ji ýylynda “Zo­ra­ýak­dan dok­tor bo­lan” sah­na oý­nu­ny taý­ýar­la­dy. 3-nji ýyllykda-da “Iki aga­nyň hyz­mat­kä­ri” at­ly oý­ny go­ýup, şon­da-da ma­ňa hyz­mat­kär gyz Smi­ral­di­na­nyň keş­bi­ni ynan­dy­lar – di­ýip, Oraz­gül özü­niň ýaş­lyk döw­rü­ni hem-de ta­lyp­lyk ýyl­la­ry­ny buý­sanç bi­len ýat­la­ýar.
1967-nji ýyl­da stu­di­ýa­ny ta­mam­la­nyn­dan soň, Oraz­gül da­gy­nyň to­pa­ry­ny Da­şo­guz­da­ky Nur­mu­ham­met An­da­lyp adyn­da­ky saz­ly-dra­ma te­at­ry­na işe ýol­la­ýar­lar. Bu te­at­ryň sah­na­syn­da hem Oraz­gü­lüň ta­lyp­ka-da gat­na­şan “Zo­ra­ýak­dan dok­tor bo­lan” at­ly spek­takl bol­ýar. We­la­ýat te­at­ryn­da do­kuz ýy­la go­laý zäh­met çe­ke­nin­den soň, 1975-nji ýyl­da Oraz­gül kurs­daş­la­ry Ýag­şy­my­rat Aky­ýew we Şem­şat Ah­me­do­wa da­gy bi­len Mol­la­ne­pes te­at­ryn­da iş­läp baş­la­ýar­lar. Bu te­at­ryň sah­na­syn­da il­kin­ji ge­zek Oraz­gü­le “Ömür da­wa­sy” at­ly spek­takl­da ha­ly­pa ar­tist Aman Gul­mäm­me­dow bi­len keşp jan­lan­dyr­mak bag­ty mi­ýes­ser ed­ýär. Ol bu spek­takl­da ha­ly­pa akt­ýo­ryň ýan­ýol­da­şy­nyň keş­bi­ni jan­lan­dyr­ýar. Şol keşp­de Oraz­gü­li syn­lan te­at­ryň re­žiss­ýor­la­ry yz­ly-yzy­na keşp tab­şy­ryp baş­la­ýar­lar. Ol meş­hur “Ne­si­mi” spek­tak­lyn­da Ioan­nu­syň, “Ge­lin­le­riň goz­ga­la­ňyn­da” Lut­fi­ho­nyň, “Ha­sar” bal­la­da­syn­da Ak sü­lü­giň, “Har­man dä­li” spek­tak­lyn­da kem­pi­riň, “Gö­rog­ly” spek­tak­lyn­da Ga­dym pe­ri­niň, “Ge­lin gel­ýär” oý­nun­da ýa­man­ja enä­niň keşp­le­rin­de çy­kyş ed­ýär. Şol san­da “Ba­zar aga­nyň zür­ýat­la­ry”, “Ne­jep og­lan”, “Ene top­rak”, “Ber­nar­da al­ba­nyň öýi”, “Oguz” we “Gi­ýew­le­riň bäs­le­şi­gi” ýa­ly spek­takl­lar­da­ky jan­lan­dy­ran keşp­le­ri Oraz­gü­lüň kä­mil­leş­me­gi­ne giň ýol aç­ýar. Oraz­gül Ap­ba­so­wa di­ňe bir te­at­ryň sah­na­syn­da çy­kyş et­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, ol ki­no sun­ga­ty­na hem öz go­şan­dy­ny go­şan akt­ri­sa­dyr. Ol ki­no­re­žiss­ýor Il­my­rat Bek­mi­ýe­wiň “Jen­net ba­gy”, Hal­mäm­met Ka­ka­ba­ýe­wiň “Jen­net gu­şy”, Ka­kow Oraz­sä­he­do­wyň “Ça­kan aga”, We­pa Işan­gu­ly­ýe­wiň “Bag­ta bar­ýan ýol­lar”, Ka­nal­ber­di Ga­ra­ýe­wiň “Söý­gi dur­mu­şyň be­ze­gi” at­ly film­le­rin­de dür­li keşp­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Oraz­gül esa­sy işi­niň da­şyn­dan türk­men te­le­wi­de­ni­ýe­si hem-de Oguz­han adyn­da­ky “Türk­men­film” bir­le­şi­gi bi­len hem ýa­kyn ara­gat­na­şyk­da bo­lup, özü­ne tab­şy­ryl­ýan keşp­le­ri us­sat­lar­ça ýe­ri­ne ýe­ti­rip, giň to­ma­şa­çy­lar köp­çü­li­gi­niň söý­gü­si­ni ga­zan­ýar. Oraz­gül Ap­ba­so­wa­nyň hä­zir­ki iş­le­ýän ýe­ri bo­lan, paý­tag­ty­my­zyň Baş dra­ma te­at­ryn­da, oňa ha­ly­pa di­ýip ýüz­len­ýär­ler. Onuň şä­girt­le­ri­niň bi­ri te­at­ryň ar­tist­ler to­pa­ry­nyň mü­di­ri ar­tist, Sa­dap­jan Oru­no­wa ha­ly­pa­sy ba­ra­da şeý­le diý­ýar:
— Ma­ňa Oraz­gül ha­ly­pa­nyň arist­lik us­sat­ly­gy diý­seň ýa­ra­ýar. Bi­ze on­dan öw­ren­mä­ge diý­seň zat kän. Ma­ňa-da Oraz­gül ha­ly­pa bi­len bir­nä­çe spek­takl­lar­da partn­ýor bo­lup çy­kyş et­mek mi­ýes­ser et­di. Olar­dan “Ba­zar aga­nyň nes­li”, “Gi­ýew­le­riň bäs­le­şi­gi”, “Ge­lin­ler” at­ly spek­takl­la­ry ag­zap ge­çe­sim gel­ýär. Soň­ky ag­zap ge­çen spek­tak­lym­da Oraz­gül ha­ly­pa ýe­di og­luň we ýe­di gel­niň ene­si, Per­man­bi­bi­niň keş­bin­de çy­kyş ed­ýär. Men we­lin, onuň Mäh­ri at­ly luk­man gel­ni­niň keş­bi­ni jan­lan­dyr­ýa­ryn. Şon­da ge­lin­le­riň zäh­met hak­la­ry­ny, ene­le­ri­ne ge­ti­rip ber­ýän sah­na­syn­da, ma­ňa “Ha­ny aýt ge­lin, sa­ňa nä­me­jik alyp be­re­ýin” diý­ýär. Men “Aka­de­mik Iwan Paw­lo­wyň aýt­ma­gy­na gö­rä, her bir me­di­si­na iş­gä­ri dyr­nak­la­ry­ny ma­nik­ýur et­me­li di­ýe­nim­de“, ol “Şu­nuň ha­ýy­şy­ny ýe­ri­ne ýe­ti­re­ýin, ki­miň gel­ni di­ýip so­ran­la­ryn­da, Per­ma­bi­bi­niň gel­ni di­ýer­ler” di­ýip, buý­sa­nan­da men hem şat­la­na­ny­my duý­man gal­ýa­ryn.
Oraz­gül ha­ly­pa­nyň dur­muş­da­ky sa­da­dan my­la­ýym hä­si­ýet­le­ri, ony sah­na dur­mu­şyn­da-da be­ze­ýär. Us­sat ar­tist, öz kä­ri­niň us­sa­dy Oraz­gül Ap­ba­so­wa­nyň teatr hem-de ki­no sun­ga­tyn­da bi­ti­ren iş­le­ri­ni göz öňün­de tu­tu­lyp, oňa 1991-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti, 2006-njy ýyl­da-da Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti di­ýen hor­mat­ly at­lar da­kyl­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da Oraz­gül Ap­ba­so­wa­nyň bagt­ly maş­ga­la­sy bar. Ol bir gy­zy, üç ag­ty­gy bi­len eş­ret­li za­ma­na­my­zyň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ýar hem zäh­met çek­ýär. Se­bä­bi sah­na onuň dur­mu­şy, yk­ba­ly, sun­gat onuň ja­ny-te­ni. Ol teatr­syz dur­mu­şy göz öňü­ne-de ge­ti­rip bil­me­ýär.
— Biz hä­zir örän bag­tly dö­wür­de ýa­şa­ýa­rys. Bi­ziň me­de­ni­ýe­ti, sun­ga­ty söý­ýän, ön­jeý­li zäh­met çe­kip Wa­ta­ny­my­zy gül­le­dip ös­dür­mä­ge go­şant goş­ýan adam­la­ryň sar­pa­sy­ny be­lent tut­ýan Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­miz bar. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze berk jan sag­lyk, uzak ömür, il bäh­bit­li ýurt äh­mi­ýet­li tut­ýan tu­tum­ly iş­le­rin­de ro­waç­lyk ar­zuw et­mek bi­len, tä öm­rü­mi­ziň ah­yry­na çen­li, muş­dak­la­ry­my il ha­lar, döw­re­bap eser­ler bi­len be­gen­dir­jek­di­gi­me, gi­jä­mi-gün­diz edip zäh­met çek­jek­di­gi­me ynan­dy­ra­sym gel­ýär – di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti, hal­kyň söý­gü­li akt­ri­sa­sy Oraz­gül Ap­ba­so­wa öz ýü­rek buý­san­jy­ny be­ýan ed­ýär.

Ak­my­rat Ho­ja­ber­di­ýew,
Oguz­han adyn­da­ky “Türk­men­film” bir­le­şi­gi­niň hü­när­me­ni.