“Oceanix” at­ly tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de su­wuň ýü­zün­de, bat­ma­ýan şä­her­le­riň dö­re­dil­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Adam­la­ryň ýa­şa­ma­gy üçin äh­li şert­le­riň dö­re­di­len bu tas­la­ma­sy­na Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy hem gol­daw ber­ýär. Tas­la­ma­nyň ýol­baş­çy­sy Mark Kol­lins bu tas­la­ma­nyň di­ňe na­za­ry­ýet bi­len çäk­li däl­di­gi­ni we onuň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni is­le­ýän­dik­le­ri­ni aýt­dy. Bu pi­ki­ri il­kin­ji bo­lup, binagär Býar­ke In­gels or­ta atyp­dyr. Il­kin­ji no­bat­da, 300 adam­ly ki­çi­räk oba­lar dö­re­di­ler. Al­ty­burç­luk gör­nüş­li bir-bi­ri­ne go­laý gu­rul­jak oba­lar bol­sa, 10 müň ilat­ly şä­he­ri eme­le ge­ti­rer. Bu şä­her­de aw­tou­lag­lar we ýük ulag­la­ry göz öňün­de tu­tul­man­dyr. Ola­ryň ýe­ri­ne ki­çeň­räk gä­mi­lerden we dron­lar­dan peý­da­la­ny­lar. Gün­de­lik dur­muş­da ula­ny­lan zat­lar­dan eme­le ge­len zi­bil­ler bol­sa, gaý­ta­dan iş­le­ni­ler. Su­wuň ýüzündäki oba­nyň bel­li ýer­le­rin­de we su­wuň aşa­gyn­da dür­li mi­we­dir gök önüm­ler ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­ler. Ýa­şa­mak üçin iň zerur zatlaryň biri bo­lan arassa suw ho­wa­dan al­nar. Su­wuň ýü­zün­de bo­lan­dy­gy se­bäp­li, çyg­ly ho­wa­dan suw al­mak has aň­sat bo­lar. Hä­zir­ki wagt­da teh­no­lo­gi­ýa­nyň ýe­ten de­re­je­si ho­wa­dan suw al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär we şeý­le en­jam­lar köp ýer­de ula­nyl­ýar. Oba­ny eme­le ge­tir­ýän inf­rast­ruk­tu­ra­nyň su­wuň aşa­gyn­dan bir-bi­ri­ne bi­rik­di­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Şeý­le­lik­de, güýç­li tol­kun ýa-da ýel jaý­la­ra tä­sir edip bil­mez. Şä­her­de mek­dep, ki­tap­ha­na we beý­le­ki äh­li ze­rurlyklar göz öňün­de tu­tu­lan. Şä­he­riň düý­bi tu­tu­lan­da ula­nyl­jak ma­te­ria­lyň be­ton­dan üç es­se berk bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, as­lyn­da ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri su­wuň ýüzünde ýa­şa­ýan adam­lar hem bar. Pe­ru bi­len Bo­li­wi­ýa­nyň ara­ly­gyn­da­ky Ti­ti­ka­ka kö­lün­de ga­myş­dan edi­len adajyk­lar­da uro at­ly hal­ky­ýet ýa­şa­ýar. Uro­lar jaý­la­ry­ny, öý goş­la­ry­ny, hat­da ga­ýyk­la­ry­ny hem şol bir ga­myş­dan ýa­sa­ýar­lar. Dag ge­riş­le­ri­niň ara­syn­da­ky bu köl­de dö­re­di­len iň uly ada­jyk 10 ho­ja­ly­ga ni­ýet­le­nen. Bu ada­jyk­lar­da mek­dep, Sag­lyk öýi, hat­da Ra­dio öýi hem bar.