Iň­lis we ma­laý alym­la­ry dün­ýä­niň iň uzyn tro­pik aga­jy­ny tap­dy­lar. 100 metr­den uzy­n­rak aga­ç gül aç­ýan iň uzyn ösüm­lik hem ha­sap­lan­ýar. Bor­neo ada­sy­nyň Sa­bah we­la­ýa­tyn­da­ky to­kaý­da üs­tün­den bar­lan aga­ja “Me­na­ra” (mi­na­ra) diý­lip at be­ril­di. Agaç Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa­nyň ygal­ly to­kaý­la­ryn­da “Dip­te­rocar­pacae” maş­ga­la­syn­dan “Sho­rea fa­gue­tia­na” to­pa­ry­na de­giş­li. Agaç il­kin­ji ge­zek Not­tin­gem uni­wer­si­te­ti­niň dok­to­ry Do­rin Boý­duň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän yl­my to­pa­ry ta­ra­pyn­dan anyk­lan­dy. Soň­ra Oks­ford uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri ol aga­jy has iç­gin öw­ren­di­ler. Oňa dyr­ma­şyp, uzyn­ly­gy­ny öl­çe­di­ler. Aga­jyň ag­ra­my kök­le­ri ha­sa­ba alyn­man­da 81 500 kg. Aga­jyň şa­ha­la­ry di­ňe çür ba­şyn­da bo­lup, onuň ýaý­ra­wy 40 met­re ba­ra­bar. Da­rag­tyň üç öl­çeg­li kar­ta­sy­ny taý­ýar­lan Oks­ford uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­me­ni dok­tor Alek­san­der Şen­kin bu aga­jyň agy­rdy­gy­na ga­ra­maz­dan, ýy­kyl­ma­jak­dy­gy­ny, jül­ge­de ös­ýän­di­gi se­bäp­li ýel­iň tä­si­rin­den go­ra­nan­dy­gy­ny we şeý­le köp ösen­di­gi­ni aýd­ýar. Şol okuw mek­de­bi­niň pro­fes­so­ry Ýad­win­der Mal­hi bu aja­ýyp aga­jyň ta­pyl­ma­gy­nyň, bio­lo­gik köp­dür­lü­li­ge baý to­kaý­la­ry go­ra­mak üçin edil­ýän ta­gal­la­nyň ýe­ri­ne düş­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär. Dok­tor Glen Reý­nolds bol­sa, soň­ky on ýyl­da Da­num jül­ge­sin­dä­ki go­ral­ýan çä­giň yzy­gi­der­li gi­ňel­dil­ýän­di­gi­ni aýd­ýar. Sa­bah we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi­ýe­ti 2025-nji ýy­la çen­li go­ral­ýan to­kaý zo­lak­la­ry­nyň çä­gi­ni we­la­ýa­tyň 30 gö­te­ri­mi­ne çen­li kö­pelt­me­gi mak­sat edin­ýär.