Tow­şan­ iň go­wy gö­rül­ýän eý­je­jik jan­dar­ ha­sap­lan­ýar. Şol se­bäp­li er­te­ki­dir mult­film­le­riň baş gah­ry­ma­ny bol­mak köp­lenç tow­şa­nyň pa­ýy­na düş­ýär. Uzyn gulakly bu jan­da­ryň 50 tö­we­re­gi gör­nü­şi bar. El­bet­de, ola­ryň hem­me­si-de owadan. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, ola­ryň ara­syn­da has ta­pa­wut­lan­ýan­la­ry bar. Ola­ryň kä­bir­le­ri ba­ra­da gyzykly mag­lu­ma­tlary dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.

1 Na­kys­ja gol­land tow­şa­ny dün­ýä­de iň eý­je­jik tow­şan­jyk ha­sap­lan­ýar. Ag­ra­my ba­ry-ýo­gy 800-1000 gram ara­ly­gyn­da bol­up, o­la­ryň iň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy gu­lak­la­ry­nyň beý­le­ki tow­şan­la­ryň­ky ýa­ly uzyn bol­maz­ly­gy­dyr.
2 Ýol­bars kel­le­li tow­şa­nyň boý­nun­da ýol­bar­syň­ka meň­zeş tüý­le­ri bol­ýar. Pez­ze­rip du­ran bu tüý­ja­gaz­lar ola­ry has owa­dan gör­kez­ýär.
3 Gol­land lop tow­şa­ny öý­de­çi jan­dar­la­ryň bi­ri bo­lup, ola­ryň ag­ra­my 1,8 ki­log­ra­ma çen­li bol­ýar. Bu jan­dar dün­ýä­niň beý­le­ki ýer­le­ri­ne Gol­lan­di­ýa­dan ýaý­rap­dyr. Sal­py gu­lak­la­ry ola­ry has owa­dan gör­kez­ýär. Lop tow­şan­la­ry­nyň açyk na­rynç, me­lew­şe-çal, go­ýy go­ňur, ak reňk­li­le­ri bar. Gys­ga aýak­ly bu tow­şan­la­ryň gu­lak­la­ry­nyň uzyn­ly­gy 12 san­ti­met­re ýet­ýär.
4 An­go­ra tow­şa­ny­nyň ady Tür­ki­ýä­niň paý­tag­ty An­ka­ra­nyň ga­dy­my ady bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Uzyn we my­myk tüý­li, adat­ça, ak reňk­li bol­ýan bu jan­dar hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň köp ýer­le­rin­de öý haý­wa­ny hök­mün­de sak­lan­ýar. Şeý­le hem bu jan­da­ryň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy onuň tü­ýü­niň gyr­ky­lyp, sü­ýüm hök­mün­de peý­da­la­nyl­ma­gy­dyr. Onuň tü­ýi goý­nuň­ka ga­ra­nyň­da iki es­se ýy­ly ha­sap­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da Hy­taý, Fran­si­ýa, Weng­ri­ýa, Ar­gen­ti­na, Çi­li, Ger­ma­ni­ýa, Bra­zi­li­ýa ýa­ly ýurt­lar­da bu tow­şa­nyň tü­ýü­ni al­mak üçin ony ýö­ri­te ide­d­ýär­ler.
5 Jer­si­niň tüý­li tow­şa­ny­nyň ag­ra­my 1-1,5 kg, dik­ge­rip du­ran gu­lak­la­ry­ 6 san­ti­metr­den uzy­n­rak bol­ýar. Öý­de­çi tow­şan­lar edil pi­şik­ler ýa­ly oýun­çyl bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar­lar. My­my­jak tüý­li jan­dar 7-10 ýyl tö­we­re­gi ýa­şa­ýar. Bak­ja önüm­le­ri­ni we mi­we­le­ri ha­la­ýan bu jan­dar­lar oý­na­waç­ oý­na­ma­gy hem go­wy gör­ýär­ler.