Goşar we diwar sagatlarynyň wagty görkezýän dilleri diňe bir tarapa aýlanýar. Munuň sebäbi Günüň dogup-batýan tarapy bilen baglydyr. Gadymy müsürliler Günüň her günki yzygiderli hereketini öwrenip, Günüň belli wagtda dogýandygyna, asmanyň şol bir ýerine ýetýändigine we ýaşýandygyna göz ýetiripdirler. Şeýlelikde, günüň wagtyny böleklere bölüp boljakdygyny öwrenipdirler we Günüň gaýtalanýan hereketinden ugur alyp, ilkinji Gün sagadyny ýasapdyrlar. Bu sagat açyk asmanyň astynda, daşyň üstünde, tekiz ýerde goýlupdyr. Ilki diňe onuň kölegesine seretmek arkaly günüň näçe wagtynyň geçendigini, näçe wagtdan garaňky düşjekdigini çaklapdyrlar. Müsüriň Ýer togalagynda ýerleşýän ýeri demirgazyk ýarym şarda bolup, ekwatora hem golaýdyr. Şol sebäpli Müsürde Gün dogan mahaly sagadyň kölegesi günbatary görkezip, beýige galdygyça demirgazyga, ýagny saga tarap hereket edýär. Günüň batjak wagty bolsa, sagadyň kölegesi gündogary görkezýär. Wagtyň geçmegi bilen sagatlar has kämilleşdirildi. Onuň kölegesiniň düşýän ýerlerine sanlar ýazylyp, sagadyň näçe bolandygy hem öwrenildi. Soňky ýyllarda wagty hasaplamak has kämilleşdirilip, dürli sagatlar peýda boldy. Jübä salynýan, goşara dakylýan towly sagatlardan soňra batareýaly sagatlar hem işlenip düzüldi. Emma onuň diliniň aýlanýan tarapy öňküligine galdyryldy. Hatda käbir zadyň ugry aýdylanda, “sagadyň diliniň ugruna görä” diýlip düşündirilýär.
Ekwatoryň günortasynda, ýagny günorta ýarym şarda Gün dogan wagty islendik zadyň kölegesi günorta düşýär. Gün ýokary galdygyça çepe aýlanyp başlaýar. Eger-de ilkinji sagat Awstraliýada, Günorta Afrika Respublikasynda ýa-da Çilide oýlanyp tapylan bolsa, sagadyň dili çepe, ýagny häzirkisiniň tersine bolup bilerdi.