“Hä­zir­ki wagt­da pa­ra­sat­ly sal­gyt sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­le­rin­den, jem­gy­ýet­çi­lik eş­ret­le­rin­den peý­da­lan­ma­ýan ada­my tap­mak müm­kin däl­dir. Şol eş­ret­le­riň, dö­re­dil­me­gi bol­sa döw­let ta­ra­pyn­dan ma­li­ýe­leş­di­ril­ýär… Ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň ok­gun­ly ös­ýän şert­le­rin­de sal­gyt ul­ga­my ila­ta dur­muş ke­pil­lik­le­ri­ni üp­jün et­mek­de ma­li­ýe çeş­me­si­ni eme­le ge­tir­me­giň döw­le­tiň, hö­kü­me­tiň yg­ty­bar­ly kö­mek­çi­si bo­lup hyz­mat ed­ýär” di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­ýär.
Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň çalt dep­gin­ler­de ös­dü­ril­me­gin­de we ila­ty­my­zyň ýa­şaý­şy­nyň hil taý­dan ýo­ka­ry de­re­je­si­ni üp­jün et­mek­de ju­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan, her ýyl üçin ka­bul edil­ýän umu­my döw­let pul se­riş­de­ler gaz­na­sy­ny ke­ma­la ge­tir­me­giň we ulan­ma­gyň wa­jyp ma­li­ýe res­mi­na­ma­sy – “Döw­let býu­je­ti ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Bag­ty­ýar­lyk za­ma­na­myz­da döw­let býu­je­ti­niň çyk­da­jy­la­ry­nyň ag­ram­ly bö­le­gi dur­muş ul­ga­my­ny ma­li­ýe­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ril­ýär. 2019-njy ýyl üçin döw­let býu­je­tin­de bu gör­ke­zi­ji 76,6 gö­te­ri­me ba­ra­bar­dyr.
Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň döw­let ka­da­laş­dy­ry­ly­şy­nyň esa­sy se­riş­de­le­ri­niň bi­ri bo­lan sal­gyt­lar­dan we beý­le­ki hök­ma­ny tö­leg­ler­den býu­je­te ge­lip go­wuş­ýan se­riş­de­ler Döw­let býu­je­ti­niň bi­rin­ji de­re­je­li gir­de­ji­le­ri ha­sap­lan­ýar.
Esa­sy Ka­nu­ny­my­zyň 135-nji mad­da­sy sal­gyt ka­nun­çy­ly­gy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na esas­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­mak bi­len sal­gyt sal­ma­gyň äh­lu­mu­my­ly­gy­ny we deň­li­gi­ni yk­rar ed­ýän bol­sa, “Sal­gyt­lar ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Bi­te­wi Ka­nu­nynyň 3-nji mad­da­syn­da ka­nun­da bel­le­nen sal­gyt­lar ba­ba­tyn­da sal­gyt tö­leý­ji diý­lip yk­rar edi­len her bir ta­ra­pyň ola­ry tö­le­mä­ge borç­lu­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Her bir sal­gyt tö­leý­ji sal­gyt­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let býu­je­ti­ne öz wag­tyn­da we do­ly tö­le­mek bi­len yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ok­gun­ly ösü­şi­niň berk bin­ýa­dy­ny üp­jün et­mek­li­ge öz go­şan­dy­ny goş­ýan­dy­gy­ny unut­ma­ly däl­dir. Çün­ki, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let býu­je­ti hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar ýa­şaý­şy­nyň ke­pi­li­dir.
Is­len­dik ýol­lar bi­len sal­gyt tö­leý­ji­ler ta­ra­pyn­dan sal­gyt tö­le­mek­den bo­ýun ga­çy­ryl­ma­gy­nyň ka­nu­ny boz­mak bol­ýan­dy­gy­ny ýat­lad­ýa­rys. Ka­nu­ny boz­ma­gyň bol­sa, de­giş­li jo­gap­kär­çi­li­gi bol­ýar.
“Sal­gyt­lar ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Bi­te­wi Ka­nu­nyn­da sal­gyt hu­kuk bo­zul­ma­la­ry ne­ti­je­sin­de, Döw­let – býu­je­ti­ne ha­sap­la­nyl­ýan sal­gy­dyň pul möç­be­ri­niň azal­dyl­ma­gy üçin ma­li­ýe je­ri­me­le­ri­niň ula­nyl­ma­gy göz öňün­de tu­tu­lan­dyr. Sal­gyt tö­leý­ji­le­riň uly möç­ber­de sal­gyt­la­ry tö­le­mek­den bo­ýun ga­çyr­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly düýp­li hu­kuk bo­zul­ma­la­ry üçin je­na­ýat jo­gap­kär­çi­li­gi hem göz öňün­de tu­tu­lan­dyr.
Sal­gyt ka­nun­çy­ly­gy­nyň hem­me ta­lap­la­ry­ny her bir sal­gyt tö­leý­ji­niň do­ly ber­jaý et­me­gi hök­man­dyr. Bu bol­sa, öz ge­ze­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­dent Mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lan umu­ma­dam­zat bäh­bit­li we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne öz oňyn tä­si­ri­ni ýe­ti­rer.

Eýe­ber­di Täç­my­ra­dow,
Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi­niň Sal­gyt mü­di­ri­ýe­ti­niň Ser­dar şä­her Sal­gyt bö­lü­mi­niň şah­sy ta­rap­la­ry bar­lag bö­lüm­çe­si­niň Sal­gyt ins­pek­to­ry, yk­dy­sa­dy ylym­la­ryň kan­di­da­ty.