Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda özara bähbitlilik hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde dünýäniň ähli ýurdy, şol sanda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar barha ösdürilýär. Ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde ýokary derejedäki döwlet saparlarynyň uly ähmiýeti bardyr. Muňa şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzda döwlet saparynda bolan hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hatarynda ilkinji saparyny biziň ýurdumyza amala aşyran Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň sapary hem aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen-koreý hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hil taýdan täze derejelere ýetdi hem-de baý many-mazmuna eýe boldy. Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýokary derejede ösdürilýär. 2007-nji ýylda Aşgabatda Koreýanyň, 2013-nji ýylda bolsa Seulda Türkmenistanyň ilçihanalarynyň açylmagy iki dostlukly döwletiň diplomatik gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ädimleriň biri boldy.
Koreýa Respublikasy türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan üç ugry – suw, ulag we energetika diplomatiýasy boýunça işjeň hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär. Ýurdumyzda öňdebaryjy koreý kompaniýalary üstünlikli iş alyp barýarlar. Olar nebiti gaýtadan işleýän hem-de gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy we döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýarlar. Dostlukly ýurduň dünýä belli kompaniýalary bolan “LG International Corporation” hem-de “Hyundai Engineering Co., Ltd” koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň kenarynda sebitiň iri polimer zawody guruldy. Mundan başga-da, “Samsung” we “LG” kompaniýalary ýurdumyzyň nebitgaz toplumyndaky maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýärler.
Şu ýylyň fewral aýynda söwda, ykdysady, ylym we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisi Günorta Koreýanyň paýtagty Seul şäherinde geçirildi. Bu mejlisiň çäklerinde hem söwda-ykdysady, energetika, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, oba hojalygy, bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, syýahatçylyk hem-de standartlaşdyrmak ulgamlarynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň barşynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen koreý kompaniýalarynyň arasynda suw hem-de oba hojalygy we başga ugurlar boýunça hem hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky resminamalara gol çekilmegi bolsa, iki ýurduň hususy pudagynyň arasynda gönüden-göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şert döretdi.
Ine, şu ugurlardan gözbaş alýan türkmen-koreý hyzmatdaşlygy bu doganlyk ýurduň Prezidentiniň amala aşyran sapary bilen has-da ýokary derejelere çykdy. Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-koreý gepleşikleriniň netijeleri boýunça onlarça ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekilmegi türkmen-koreý gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de ösdürmäge, netijeli işewür gatnaşyklaryny we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikler açdy.
Soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda ynsanperwer gatnaşyklar hem işjeň ösdürilýär. Ylym we bilim, medeniýet we syýahatçylyk ugurlarynda gatnaşyklar giňeldilýär. Iki ýurduň arasynda köp sanly medeni çäreler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynyň koreý dilinde neşir edilmegi türkmen-koreý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň has-da berkeýändiginiň subutnamasydyr. Koreýa Respublikasynyň döredijilik işgärleri Türkmenistanda geçirilýän halkara maslahatlara işjeň gatnaşýarlar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň gündogar dilleri we edebiýaty fakultetinde koreý diliniň okadylmagy bilim ulgamynda alnyp barylýan üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.
Resul Annaýew,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.