Ko­reý me­de­ni­ýe­ti öz göz­ba­şy­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýar. Ko­reý di­lin­de ýa­zy­lan bir­nä­çe ga­dy­my ýa­zuw çeş­me­le­ri bo­lup, ko­reý elip­bi­ýi 1446-njy ýyl­da dö­re­di­lip­dir. Ony öw­ren­mek örän aň­sat. Ko­reý­ler öz elip­bi­ýi­ni “Han­gul” di­ýip at­lan­dyr­ýar­lar. Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­da her ýy­lyň 9-njy okt­ýab­ryn­da ko­reý elip­bi­ýi­niň gü­ni bel­le­nil­ýär. Dün­ýä­de ko­reý­çe gep­leş­ýän­le­riň sa­ny 80 mil­lio­na go­laý. Eý­sem, ko­reý­le­riň baş­ga nä­hi­li gym­mat­lyk­la­ry bar­ka?!

Ko­reý­ler­de ça­ga­la­ra aý­ra­tyn sar­pa go­ýul­ýar. Ko­re­ýa­da ça­ga dog­lan gü­ni bir ýaş­ly diý­lip ha­sap edil­ýär. Mu­nuň se­bä­bi­niň ir­ki dö­wür­ler­de nol sa­ny ba­ra­da­ky dü­şün­jä­niň ýok­du­gy bi­len bag­ly­dy­gy aý­dyl­ýar. Örän ga­dym­dan bä­ri bar bo­lan bu däp hä­zir hem do­wam edip gel­ýär. Şeý­le hem ça­ga­nyň do­gul­ma­gy­nyň 100-nji gü­ni aý­ra­tyn bel­le­nil­ýär. Ça­ga bir ýa­şan­da bol­sa, diş to­ýy hök­mün­de bel­le­nil­ýär. Oňa ça­gy­ry­lan­lar sow­gat­ly gel­ýär­ler, myh­man­la­ra hö­dür-ke­rem edil­ýär. Diş to­ýun­da bä­be­gi pul, da­rak, ki­tap, ga­lam, gaý­çy, sa­gat ýa­ly zat­la­ryň ara­syn­da otur­dyp, üs­tün­den no­gul-na­bat seç­ýär­ler. Ça­ga il­ki şo­la­ryň haý­sy­sy­ny al­sa, gel­jek­de şo­nuň bi­len bag­ly kä­ri saý­la­jak­dy­gy­na yrym edil­ýär. Ko­re­ýa­da her ýy­lyň 5-nji ma­ýy Ça­ga­la­ryň gü­ni hök­mün­de bel­le­nil­ýär. Ýurt­da Tä­ze ýyl baý­ra­my iki ge­zek bel­le­nil­ýär. Bi­ri 1-nji ýan­war­da, beý­le­ki­si Aý se­ne­na­ma­sy­na gö­rä dü­zü­lip, köp­lenç few­ral aýy­na ga­bat gel­ýär.

Birmeňzeş oýunlar oýnaýarlar
Ko­reý ça­ga­la­ry­nyň oý­na­ýan oýun­la­ry bi­ziň mil­li oýun­la­ry­my­za meň­zeş­di­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. “Je­gi­ça­gi” at­ly ko­reý oý­ny leň­ke (leň­ňe) oý­nu­na meň­ze­ýär. Leň­ke ýa­sy gur­şu­nyň da­şy­na ge­çi­ ýa-da goý­un de­ri­si­niň ber­ki­dil­me­gi bi­len ýa­sal­ýan bol­sa, je­gi­ça­gi­de şa­ýy­lyk pu­luň da­şy­na ka­gy­zyň oral­ma­gy bi­len (je­gi) ýa­sal­ýar. Gyş pas­lyn­da has köp oý­nal­ýan bu oý­ny, esa­san, Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gyn­da oý­na­mak dä­be öw­rü­lip­dir. Ýe­ke­lik­de ýa-da to­par bo­lup hem oý­nal­ýan oý­nuň bir­nä­çe gör­nü­şi bo­lup, adat­ça “kim köp bök­dür­me­şek” düz­gü­ni has ýaý­ran­dyr. Ýag­ny, haý­sy oýun­çy je­gi­ni ýe­re ga­çyr­maz­dan has köp bök­dü­rip bil­se, şol ýe­ňi­ji bol­ýar. Be­de­niň de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny bir aýa­gyň bi­len saz­la­mak we je­gi­ni her ge­zek dep­mez­den ozal aýa­gy­ňy ýe­re de­gir­mek oý­nuň iň kyn ta­ra­py ha­sap­lan­ýar. Ýe­ne bir gör­nü­şin­de oýun­çy­lar döw­re gu­rap du­rup, je­gi­ni ge­zek­li-ge­ze­gi­ne de­pip, bir-bi­ri­ne ge­çir­me­li. Je­gi­ni ýe­re ga­çy­ran oýun­çy je­gi­ni on­dan öň­ki özü­ne atan oýun­ça ge­ti­rip ber­ýär. Ol oýun­çy je­gi­ni ýo­ka­ryk at­ýar, beý­le­ki oýun­çy bol­sa, ony eli bi­len ho­wa­da­ka gap­ma­ga sy­na­nyş­ýar. Ga­pan­dan soň­ bol­sa, oý­na gaý­ta­dan go­şul­ýar. Dä­be gö­rä je­gi­ça­gi­ şeý­le oý­nal­ýan hem bol­sa, onuň tä­ze oý­na­lyş usul­la­ry hem ös­dü­ril­ýär. Şeý­le hem bu oýun dür­li ýaş­ly ça­ga­la­ryň ara­syn­da ýy­lyň is­len­dik wag­tyn­da hem oý­nal­ýar. Ta­ryh­çy­lar je­gi­niň öň­ki ýyl­lar­da de­ri bö­le­gin­den ýa­sa­lan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

täze düzgünler girizilýär
2000-nji ýyl­da bu ga­dy­my oý­ny tä­ze nes­liň ara­syn­da ýaý­baň­lan­dyr­mak hem-de onuň düz­gün­le­ri­ni kes­git­le­mek mak­sa­dy bi­len, Ko­reý je­gi­ça­gi as­so­sia­si­ýa­sy dö­re­dil­di. Beý­le­ki ga­dy­my ko­reý mil­li oýun­la­ry bi­len bir ha­tar­da, mek­dep­ler­de be­den­ter­bi­ýe der­sin­de bu oýun hem oý­nal­ýar. 2011-nji ýyl­da ame­ri­kan kom­pa­ni­ýa­sy je­gi­ça­gi­den ugur alyp, kik­bo at­ly oý­na­waç çy­kar­dy.
Ko­re­ýa­da “gong gi” at­ly oýun hem örän meş­hur­dyr. Ol edil bäş­daş ýa­ly bo­lup, daş­ja­gaz­lar ýa-da plast­mas­sa­dan ýö­ri­te ýa­sa­lan to­ga­lak top­ja­gaz­lar bi­len oý­nal­ýar. Oýun eliň aýa­sy bi­len bäş da­şy ho­wa atyp, eliň ar­ka­sy bi­len hem­me­si­ni tu­tup bil­ýän­çäň do­wam ed­ýär.

Aý­se­nem ATA­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler
mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry
ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.