Dart­mut kol­le­jin­de bi­lim al­ýan ta­lyp­la­ryň taý­ýar­lan tas­la­ma­syn­da Gy­zyl pla­ne­ta­da ekin ekip, on­dan ha­syl al­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. NA­SA köp wagt­dan bä­ri gaý­ry pla­ne­ta­lar­da iş­le­jek kos­mo­nawt­la­ryň we ast­ro­nom­la­ryň ýa­şa­mak­la­ry üçin ýa­şa­ýyş şert­le­ri­ni dö­ret­me­giň ala­da­sy­ny ed­ýär. Dür­li ýurt­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ri­len Hal­ka­ra kos­mos be­ke­din­de bol­sa, dür­li ot­la­ry ös­dür­ýän ýö­ri­te la­bo­ra­to­ri­ýa bar. Beý­le­ki pla­ne­ta­lar­da we kos­mos be­ket­le­rin­de, esa­san, top­rak­syz şert­ler­de ösüm­lik ýe­tiş­dir­me­giň ala­da­sy edil­ýär. Kol­le­jiň ta­lyp­la­ry­nyň taý­ýar­lan ýy­la­dyş­ha­na tas­la­ma­syn­da hem top­rak­syz eke­ran­çy­lyk göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Ýy­la­dyş­ha­na­nyň ýo­kar­syn­da ýer­leş­di­ri­len gap­da ösüm­lik­le­riň boý al­ma­gy üçin ge­rek­li iý­mit­len­di­ri­ji er­gi­ni sak­la­ýan tan­ker bo­lar. Ýyl­ad­yş­ha­na­nyň içi­nde ýer­leş­di­ri­len LED çy­ra­lar ösüm­lik­le­riň fo­to­sin­te­zi­ne ýar­dam eder. Tas­la­ma NA­SA-nyň hü­när­men­le­ri­niň göw­nün­den tur­dy. Şol se­bäp­li ta­lyp­la­ra NA­SA-da tej­ri­be­lik geç­mek müm­kin­çi­li­gi dö­re­dil­di. Bu ýy­la­dyş­ha­na 4 ast­ro­no­myň 600 gün­lük iý­mit ze­rur­ly­gy­ny üpjün edip bi­ler. Ol ýer­de ke­lem, so­ýa, kar­toş­ka, brok­ko­li, ýer­tu­da­na, bug­daý we ýer ba­da­my ýa­ly ekin­ler eki­ler.
Tas­la­ma­ny taý­ýar­lan ta­lyp­lar bu gur­lu­şyň ag­ra­my­nyň 9130 ki­log­ram­dy­gy­ny bel­läp, onuň bir ge­zek­ki uçuş­da Mar­sa äki­di­lip bi­lin­jek­di­gi­ni aýd­ýar­lar. Ýy­la­dyş­ha­na­nyň do­lu­ly­gy­na di­ýen ýa­ly aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­gam bi­len üp­jün edi­len­di­gi­ we oňa gö­zeg­çi­lik et­me­giň ze­rur däl­di­gi aý­dyl­ýar. Şeý­le­lik­de ast­ro­nom­la­ryň yl­my iş­le­ri üçin has köp wag­ty bo­lar.