Dün­ýä­niň iň uly jan­da­ry ha­sap­lan­ýan gök kit­le­riň öz ara­la­ryn­da ha­bar­laş­ýan di­li­niň bar­dy­gy anyk­lan­dy. Uzyn­ly­gy 30 metr­den, ag­ra­my 150 ton­na­dan geç­ýän bu jan­dar­lar tom­su­na iý­mit­len­mek, gy­şy­na kö­pel­mek üçin müň­ler­çe km ýüz­ýär­ler. Şol se­bäp­li olar öz ara­la­ryn­da uzak ara­lyk­dan hem ha­bar­la­şyp bil­ýär­ler. Ka­li­for­ni­ýa­da­ky Mon­te­reb Beý okea­na­ri­um yl­my bar­lag ins­ti­tu­ty­nyň (MBA­RI) hem-de Sten­ford uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri gök kit­le­ri has ýa­kyn­dan öw­ren­mek mak­sa­dy bi­len bar­lag ge­çir­di­ler. Deň­iz jan­dar­la­ry­ny öw­re­ni­ji­ler kit­le­riň öz ara­syn­da ha­bar­laş­mak­la­ry üçin aý­ra­tyn di­li­niň bar­dy­gy­ny ýü­ze çy­ka­r­dy­lar we bir-bi­ri­ni ça­gyr­mak üçin ulan­ýan se­si­ni A, B, C we D gör­nü­şin­de dör­de böl­dü­ler. Ola­ryň se­si deň­ziň düý­bü­ne hem-de kit­le­riň ar­ka­sy­na ýer­leş­di­ri­len ýö­ri­te en­jam­lar ar­ka­ly diň­le­nil­di. Sten­ford uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­me­ni Wil­li­am Oest­rih anyk­la­nan äh­li se­siň bir-bi­ri­ne meň­zeş­di­gi­ni, şeý­le hem kit­le­riň se­si­ni ýaz­dyr­ma­gyň aň­sat däl­di­gi­ni aýd­ýar. Hü­när­men ke­nar­dan 30 km uzak­lyk­da, su­wuň 900 met­r aşa­gyn­da A, B we D ses­le­ri­ni diň­läp bol­ýan­dy­gy­na, C se­si­niň ýy­gy­ly­gy­nyň örän pes­di­gi se­bäp­li ony diň­le­me­giň örän kyn­dy­gy­na ün­si çek­ýär. Ge­çi­ri­len yl­my bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de ola­ryň 1600 km daş­lyk­dan hem bir-bi­ri­niň se­si­ni eşid­ýän­di­gi anyk­lan­dy. Uni­wer­si­te­tiň hü­när­men­le­ri dört ýy­lyň do­wa­myn­da on müň­ler­çe se­si ýaz­ga ge­çir­di­ler. Em­ma en­tek ola­ryň haý­sy ýag­daý­da nä­hi­li ses çy­kar­ýan­dy­gy do­ly anyk­lan­ma­dy. Ony öw­ren­mek üçin bol­sa, ola­ryň öz­le­ri hem wi­deo­ýaz­ga alyn­dy. Ge­çen asyr­da gök kit­le­riň sa­ny aw­lan­ma­gy se­bäp­li azal­yp­dy. Soň­ky ýyl­lar­da bol­sa, aw­lan­ma­ga gi­ri­zi­len çäk­len­dir­me­le­riň ha­sa­by­na ar­typ baş­la­dy.