Ge­çi­ler gaýalara we beýleki beýik ýerlere dyr­maş­mak­da ök­de jan­dar­lardyr. Ýa­ba­ny dag ge­çi­le­ri bol­sa, 60 de­re­je dik­li­gin­dä­ki de­pe­le­re-de dyr­ma­şyp bil­ýär­ler. Bu jan­dar­la­ryň be­den­le­ri­niň agyr­lyk mer­kez­le­ri­niň ýe­re ýa­kyn bol­ma­gy, be­den we toý­nak­la­ry­nyň gur­lu­şy de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny ýi­tir­män, be­ýi­ge dyr­maş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Dag ge­çi­le­ri­niň toý­nak­la­ry­nyň daş­ky bö­le­gi ga­ty, da­ba­ny ýum­şak we ma­ýyş­gak hä­si­ýet­li bol­ýar. Şol se­bäp­li kert ga­ýa­lar­da­ky ki­çi­jik çyk­gyt­la­ra ýa-da oýuk­la­ra aň­sat­lyk bi­len ýa­py­şyp bil­ýär­ler. Bu ugur­da­ky iň gi­ňiş­le­ýin yl­my bar­lag 2016-njy ýyl­da ge­çi­ri­lip­dir. “Zoo­lo­gy” žur­na­lyn­da ne­şir edi­len yl­my ma­ka­la­da De­mir­ga­zyk Ame­ri­ka­da­ky Rok­ki dag­la­ry­nyň Ka­na­da­da­ky bö­le­gin­de ýa­şa­ýan ak dag ge­çi­si­niň (“Oream­nos ame­ricanus”) 45 de­re­je­lik ýap­gy­da çyk­ýan pur­sat­la­ry ýaz­ga al­nyp, düýp­li öw­re­nil­di. Hü­när­men­ler bu jan­da­ryň, esa­san, bök­ýän pur­sat­la­ry­na üns ber­di­ler. Geçileriň bök­mek üçin ýo­ka­ry ga­la­nyn­da, yz­ky aýak­la­ryn­da du­rup, öň aýak­la­ry­ny be­de­ni­ne ýa­kyn tut­ýan­dy­gy anyk­lan­dy. Hü­när­men­ler dag ge­çi­le­riniň dik ýap­gyt­la­ra çy­ka­nyn­da de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny sak­lap, ýo­kar­ly­gy­na he­re­ket edip bil­ýän­di­gi­ni gör­dü­ler. Ola­ryň boý­nun­da­ky muskullarynyň dyr­maş­ma­ga ýar­dam ed­ýän­di­gi çak­la­nyl­ýar.