Hü­när­men­ler ko­lib­ri guş­la­ry ýa­ly uçup bil­ýän ro­bot iş­läp düz­dü­ler. Ro­bo­tyň eme­li aňy ko­lib­ri­le­riň he­re­ket­le­ri­ni “öw­re­nip”, ha­ky­ky guş­lar ýa­ly uç­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu ki­çi­jik “guş­ja­gaz” göz­leg-ha­las ediş mak­sat­ly ula­ny­lar. Ku­ba­nyň ada­la­ryn­da ýa­şa­ýan ko­lib­ri­ler se­kunt­da 15-80 ge­zek ara­ly­gyn­da ga­nat kak­ýar. Olar ho­wa­da hiç bir ta­ra­pa he­re­ket et­mez­den du­rup bil­ýär­ler. Bu guş­ja­gaz­la­ryň ga­nat ka­ky­şy­ny gör­mek üçin ýo­ka­ry hil­li ýö­ri­te ka­me­ra­lar ge­rek. Olar yz­ly­gy­na we dik ýo­ka­ryk hem uçup bil­ýär­ler. Gu­şuň bu ukyp­la­ry alym­la­ryň he­mi­şe üns mer­ke­zin­de bo­lup­dyr. Şol se­bäp­li in­že­ner­ler hä­zi­re çen­li köp za­dyň ýa­sal­ma­gyn­da bu gu­şdan ugur alyp­dyr­lar. Uç­ýan ro­bo­tyň ýa­sal­ma­gyn­da hem ko­lib­ri­ler has ýa­kyn­dan öw­re­nil­di. Ro­bo­tyň esa­sy bö­lek­le­ri 3 öl­çeg­li prin­ter­ler ar­ka­ly eme­le ge­ti­ri­lip­dir. Beý­le­ki bö­lek­le­ri­ni ýa­sa­mak­da ýö­ri­te memb­ra­na­dan we ug­le­rod sü­ýü­min­den peý­da­la­ny­lyp­dyr. Onuň ag­ra­my ba­ry-ýo­gy 12 gram. Mä­lim bol­şy ýa­ly, dron­la­ryň ho­wa gö­te­ril­me­gi üçin per­le­ri­niň bel­li bir tiz­lik­de aý­lan­ma­gy ze­rur­dyr. Dro­nyň ag­ra­my we per­le­ri­niň güý­ji onuň ba­ta­re­ýa­sy­nyň zar­ýa­dy­ny nä­çe­räk sak­la­jak­dy­gy­na tä­sir ed­ýär. Şol sebäpli dron­la­ryň bel­li bir uçuş wag­ty bol­ýar. Em­ma bu ro­bot­da has baş­ga­ça teh­no­lo­gi­ýa­dan peý­da­la­ny­lyp­dyr. In­že­ner­ler ko­lib­ri guş­la­ry­nyň he­re­ket­le­ri­ni ola­ryň ýa­şa­ýan te­bi­gy şert­le­rin­de öw­re­nip, komp­ýu­ter al­go­rit­mle­ri­ne ge­çi­rip­dir­ler. Köp wagt­lyk zäh­me­tiň ne­ti­je­sin­de ýü­ze çy­kan bu al­go­rit­m ro­bo­ta ha­ky­ky ko­lib­ri ýa­ly uç­ma­gy “öw­red­ýär”.
Bu üýt­ge­şik en­ja­my ABŞ-nyň West La­fa­ýett uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri iş­läp taý­ýar­lap­dyr­lar. Ony dö­re­den to­pa­ryň ýol­baş­çy­sy Sin­ýan Deng ro­bo­tyň ge­zen ýe­ri­niň kar­ta­sy­ny çy­ka­ryp bil­ýän­di­gi­ni, şol se­bäp­li has az sen­so­ra ze­rur­lyk du­ýlan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Ro­bo­ty ga­raň­ky­da hem ula­nyp bol­ýar.