Eks­ka­wa­tor­lar gur­lu­şyk, oba ho­ja­ly­k we başga-da birnäçe ugurlarda giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Eks­ka­wa­tor­lar köp­lenç çu­kur ýa-da kanal gaz­mak üçin ula­nyl­ýan hem bol­sa, kö­ne bi­na­la­ryň ýy­kyl­ma­gyn­da, kä­bir ýük­le­riň ýük­len­me­gin­de, tur­ba­ ge­çiriji­le­ri gur­mak­da we baş­ga mak­sat­lar üçin hem ula­nyl­ýar. Eks­ka­wa­to­ryň ta­ry­hy se­na­gat öw­rü­li­şi­gi bi­len de­ňe­çer. Em­ma bu ýö­ri­te­leş­di­ri­len iş ula­gy hä­zir­ki ýag­da­ýa gel­me­gi üçin köp üýt­geş­me­le­ri baş­dan ge­çir­di.
Eks­ka­wa­to­ryň il­kin­ji gör­nü­şi­ni ame­ri­ka­ly Wil­li­am S. Otis oý­lap tap­ýar. De­mir ýol gur­lu­şy­gy­ny bel­le­nen wagt­da ta­mam­la­mak mak­sa­dy bilen ga­zy­lyp çy­ka­ry­lan top­ra­gy gys­ga wagt­da aýyr­mak üçin çöz­güt göz­le­ýär. Şol ma­hal­lar tä­ze peý­da bo­lup baş­lan bug­ly he­re­ket­len­di­ri­ji­li ýö­ri­te­le­şen iş ula­gy­nyň has ne­ti­je­li bol­jak­dy­gy­na göz ýe­tiren Wil­li­am S. Otis inžener dosty Çarlz H. Frençden kö­mek so­ra­ýar. Şeý­le­lik­de, olar 1835-nji ýyl­da dün­ýä­niň il­kin­ji eks­ka­wa­to­ry­ny iş­läp düz­ýär­ler.
1882-nji ýyl­da bol­sa, bu­guň güý­jün­den has ne­ti­je­li peý­da­lan­mak mak­sa­dy bi­len gid­raw­li­k, ýag­ny su­wuk­lyk bi­len iş­le­ýän eks­ka­wa­tor peý­da bol­ýar. Bu ýö­ri­te­leş­di­ri­len ma­şy­ny “Ser W.G. Armst­rong & Com­pa­ny” şereketi Ang­li­ýa­da ön­dür­ýär. 1884-nji ýyl­da Riçard P. Tew aýlanýan eks­ka­wa­to­ry iş­läp düz­ýär. Şon­dan soň­ky ýyl­lar­da “Bucyrus” we “Ma­ri­on Steam Shovel” şe­re­ket­le­ri has kä­mil eks­ka­wa­tor­la­ry iş­läp düz­ýärler.
1930-njy ýyl­lar­da eks­ka­wa­tor­lar­da hem beý­le­ki mo­tor­ly ulag­lar­da bol­şy ýa­ly, di­zel mo­tor ula­ny­lyp baş­lan­ýar. Il­kin­ji ýag­ly gid­raw­lik ul­gam­ly eks­ka­wa­tory “Gra­dall” şereketi çy­kar­ýar. Hä­zir­ki wagt­da hem önüm­çi­li­gi do­wam et­di­ril­ýän “Gra­dall” eks­ka­wa­tor­la­ry­nyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy onuň sus­gu­jy­nyň aý­la­nyp bil­me­gi­dir.
Il­kin­ji ti­gir­li eks­ka­wa­tor­lar Kar­lo we Ma­rio Bru­ne­ri ta­ra­pyn­dan 1948-nji ýyl­da iş­le­nip dü­zül­ýär. 1954-nji ýyl­da onuň pa­ten­ti­ni we önüm­çi­li­gi­ni SICAM kom­pa­ni­ýa­sy sa­tyn al­ýar. Bu kom­pa­ni­ýa soň­ra “Yum­bo S25” mo­de­li­ni ön­dür­ýär. Bu mo­de­liň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy öz da­şyn­dan do­lu­lyg­yna aý­la­nyp bil­me­gidir.
Hä­zir­ki eks­ka­wa­tor­la­ra iň meň­zeşi 1954-nji ýyl­da Ger­ma­ni­ýa­da ön­dü­ril­ýär. Di­zel he­re­ket­len­di­ri­ji­li, do­lu­ly­gy­na gid­raw­lik gur­luş­ly we zyn­jyr­ly ula­gy “De­mag” kom­pa­ni­ýa­sy çy­kar­ýar. Şon­dan soň­ra ulanyl­ma­gy­nyň aň­sat­ly­gy, ýo­ka­ry ne­ti­je­li­li­gi se­bäp­li gid­raw­li­k eks­ka­wa­tor­lar sus­gu­jy ýüp bi­len çe­kil­ýän eks­ka­wa­tor­la­ryň or­nu­ny alyp baş­la­ýar. 1960-njy ýyl­la­ryň ahy­ryn­da sus­gu­jy­nyň göw­rü­mi 7,6 kub metr bo­lan “Pocla­in EC1000” eks­ka­wa­to­ry sa­tu­wa çy­ka­ryl­ýar. 1980-nji ýyl­lar­da sus­gu­jy 23 kub metr­lik “RH-300” mo­de­li peý­da bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da 52 kub metr­lik sus­gu­jy bo­lan eks­ka­wa­tor­lar mag­dan kän­le­rin­de we beý­leki ýer­ler­de ulanylýar.