Türkmen halkymyzyň ykbalyna öwrülip, onuň milliligini äleme äşgär eden mukaddes milli mirasymyz bolan el halysy özüniň at-abraýyny öçmeýän Gün şöhlesi ýaly saklap gelýär. Sebäbi türkmen halysynyň her bir çitiminde, her bir öýdüminde, her nagşynda merdana halkymyzyň gojaman taryhy jemlenen. Taryhy geçmişiň wakalary türkmen zenanlarynyň kalbynda ruhy taýdan özgerdilip, halylaryň nagyşlaryna siňdirilipdir hem-de nesilden-nesle geçirilip, birnäçe asyrlaryň dowamynda timarlanypdyr we kämilleşdirilipdir.
Türkmen halysynyň gölüniň şekili türkmen halkynyň häsiýetlerini özünde jemleýän mukaddesligi aňladýan nyşan hökmünde kabul edilýär.Türkmen halkynyň bitewüligini, agzybirligini alamatlandyrýan haly gölleriniň Döwlet baýdagynda ornaşdyrylmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň nyşanlarynyň aýrylmaz bölegi bolup hyzmat edýär. Şonuň bilen bir hatarda, Aşgabat şäherindäki täze Halkara howa menziliniň ýolagçy terminalynyň ýokarsyny (üçegini) bezeýän we “Iň uly göl” diýen ada laýyk gelýän binagärlik aýratynlygy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen haly gölleri miras galdyrylan haly sungatyna sarpa goýulýandygyny görkezýär.
Türkmen halysy – gözelligiň nusgasy diýlip aýdylmagynyň özi el halylaryny häsiýetlendirýän görkezijileriň tutuş toplumyna berlen ýokary bahadyr. El halylarynyň hilini häsiýetlendirýän şeýle görkezijilere çitiminiň inçeligi, reňkiniň solmaýandygy, pürüniň gyrymsylygy, tekizligi, hapalanmazlyga durnuklylygy, berkligi, ses siňdirijiligi, gölleriniň gönüligi degişlidir. Şu görkezijileri öz içine alýan standartlara laýyklykda, el halylaryny “inçe halylar”, “nepis halylar”, “çeper halylar” diýen toparlara bölýärler. Bu aýdylanlardan görnüşi ýaly, türkmen el halylary gözelligiň, berkligiň, durnuklylygyň, ekobelginiň ýokary hilini özünde jemleýär.
Ýurdumyzda hereket edýän bäsleşige ukyply hil ulgamy hormatly Prezidentimiziñ geçirýän syýasy, ykdysady özgertmeleriniň esasynda ýylsaýyn kämilleşýär. Bu ulgamyň alyp barýan işleriniň netijeliligini ýurdumyzyň dürli pudaklarynda öndürilýän we hil ulgamynyň halkara standartlarynyň laýyklyk sertifikatlaryna mynasyp bolup, eksport edilýän önümleriniň artýan sanyny görkezýär. Islendik önümiň, şol sanda halylaryň hem ýokary hilliligi, olaryň bazarda bäsleşige ukyplylygy bilen häsiýetlendirilýär. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlara ýerlenilýän önümleriň möçberini artdyrmak baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzda öndürilen, şol sanda eksport üçin niýetlenen önümleri sertifikatlaşdyrmak we milli laýyklyk nyşany bilen belgilemek işleri, halkara bazarlarynda bäsleşige ukyplylygy gazanmak üçin mahabatlandyrmagyň guraly bolup hyzmat edýär.