Suwda ynsanyň, ýeriň, janly-jandaryň, ösümlikleriň teşneligini gandyrýan gudrat jemlenendir. Suw ähli zadyň dirilik çeşmesi bolup, pähimdar pederlerimiz suwy berekediň, bolçulygyň sakasy hasaplapdyrlar we oňa örän uly sarpa goýupdyrlar. Kärizleri, ýaplary, howuzlary gazyp, jykyrlary gurupdyrlar. Şeýdibem, türkmen ýaýlalaryny suwaryp gülledipdirler, bagy-bossanlyga öwrüpdirler.
Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan goldaw bermegi bilen ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Täze suw desgalary, suwaryş we şor suw ulgamlary gurlup, ulanylmaga berilýär.
Ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri suwarymly ekerançylyk bilen meşgullanyp gelipdirler. Mälim bolşy ýaly, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy ýaşaýşyň çeşmesi bolan suw bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Elbetde, halk arasynda “Suw damjasy – altyn dänesi” diýen paýhasly sözler ýöne ýerden dörän däldir. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda oba hojalyk ekinleri üçin suwy aýawly peýdalanmagy, onuň her bir damjasyny ýerlikli sarp etmegi, ýerleriň melioratiw ýagdaýlaryny gowulandyrmagy örän wajyp wezipe edip goýdy.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygyna uly üns berlip, gurluşyk işleri güýçli depginde alnyp baryldy we bu möhüm gurluşygyň birinji nobatdakysy öz wagtynda tamamlandy. 2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli ol ýerde uly dabara boldy. Bu ýerlerde geljekde durmuş maksatly binalar gurlup, iş orunlary döredilip, halkymyza hyzmat eder.
Suw serişdelerini goramak we netijeli ulanmak bilen bagly meseleleriň çözgüdi oba hojalygynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi bilen baglydyr. Bu özgertmeler hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýöredilýän syýasatyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Bu syýasatyň esasy özeni bolsa, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda jemlenýär. Oba senagat toplumyny, maldarçylygy, balykçylygy ösdürmekde ägirt uly mümkinçilikleri boljak bu köl ýurdumyzyň we sebitiň ekologiýa meseleleriniň düýpli gowulanmagyna hem uly peýda berer.
Türkmen köli sebitde iri desgalaryň biridir. Onuň geljegi örän uludyr. Bu kölüň uzynlygy 103 kilometr wе ini 18,6 kilometr bolup, göwrümi 132 km3-e barabardyr. Şor suwlar köle iki sany uly akabalar arkaly getirilýär. Olaryň birinjisi, Baş şor suw akabasy, ikinjisi bolsa, Daşoguz goludyr.
Taslama laýyklykda, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň akabalarynyň gurluşygy üç tapgyrda amala aşyrylýar. Häzirki wagtda biziň alymlarymyz öri meýdanlarynda bakylýan mallaryň önümliligini ýokarlandyrmak, ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek, bu suw bilen duzlulyga durnukly, çydamly ösümlikleri suwarmagyň usullaryny ylmy esasda işläp taýýarladylar. Dünýä tejribesinde şorlaşan suwy süýjedip, agyz suwy üçin ulanmagyň usullary hem işlenip düzüldi.
“Altyn asyr” Türkmen kölüniň işe girizilmegi Aralýaka zolakda ekologiýa ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga hem şert döreder. Kölüň töwereklerinde dowarlar üçin öri meýdanlaryň şertleri gowulanyp, suw üpjünçiligi ýokarlanar. Suw akabasynda ýaşaýan haýwanlary, guşlary saklamak, ösdürip ýetişdirmek üçin ýaramly şertler dörär.
Türkmen kölüniň ähmiýeti, esasan, şu aşakdakylardan ybaratdyr: şorlaşan ýerleriň melioratiw ýagdaýy gowulanar, ýerleriň hasyllylygynyň derejesi ýokarlanar, azyk bolçulygy dörediler. Ösümlik we haýwanat dünýäsi üçin ýaşaýyş şertleri gowulanyp, balykçylyk hojalyklary dörediler. Ýakyn wagtlarda kölüň töwereklerinde we akabalaryň ugrunda täze obalar, şäherler emele geler. Gaýtadan işleýän kärhanalar döräp, maldarçylyk we bagbançylyk önümleriniň ýokary hilli görnüşleriniň taýýarlanmagyna mümkinçilik dörär. Ýokary tehnologiýaly enjamlaryň ulanylmagy netijesinde, kölüň suwy süýjedilip, agyz suwy hökmünde hem ulanylar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzy eşretli durmuşa alyp barýan, şeýle hem halkymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün edip, azyk bolçulygyny döretmäge berýän uly goldawlary üçin milli Liderimize çäksiz hoşallyk bildirýäris.
Meýlis Nursähedow,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň dekany.