Dünýädäki tebigy gözellikler sanardan köp. Senegaldaky Retba köli, Täze Zelandiýadaky Waýtomo gowagy, Türkiýedäki Pamukkale suw oýtumlary, Wýetnamdaky 150 metr çuňlukdaky Şondong gowagy, Maldiw adalaryndaky gijesine ýagty saçýan deňiz kenary we başga-da özboluşly aýratynlyklary bolan birnäçe ýerler tebigaty öwrenijileri hem-de jahankeşdeleri haýrana goýýar.
Şeýle täsin ýerleriň biri hem Awstriýanyň Ştiriýa welaýatyndaky dag gerişleriniň arasynda gizlenipdir. Ýaşyl kölüň (Grüner See) suwy güýzüne çekilip, azalýar we suwuň aşagynda galan seýilgäh ýüze çykýar. Güýzde we gyşda bu ýere gelen myhmanlar ol ýerdäki çaklaňja suwuň kenaryndaky oturgyçlarda oturyp, dynç alýarlar. Şol döwürde kiçelip galan kölüň çuňlugy 1-2 metr töweregi bolýar. Baharyň ahyrynda ýa-da tomusda kölüň suwy köpelip, seýilgäh suwuň aşagynda galýar. Şol döwürde täsin suwasty gözellik emele gelýär.
Hohşwab daglarynyň gerişlerindäki kölüň daş-töweregini tokaýlyk gurşap alypdyr. Bu dag ýylyň köp bölegi garly bolmagy bilen tapawutlanýar. Tomsuň ahyryndan başlap, güýzüne we gyşyna 2 müň inedördül metrlik ýerde seýilgähde bolmaly zatlaryň ählisini – oturgyçlar, köprüler we beýleki zatlary görmek bolýar. Açyk howada gezelenç etmegi halaýanlar üçin bu ýer örän amatly. Baharyň gelmegi bilen eräp başlan gar köli ýuwaş-ýuwaşdan suwdan doldurýar. Şeýlelikde, kölüň tutýan meýdany iki esse artyp, 4 müň inedördül metre, çuňlugy 12 metre ýetýär. Seýilgähdäki ähli zat suwuň aşagynda galýar. Suwuň aşagynda bolsa, täze ýaşaýyş başlaýar. Kölüň baý faunasy bolup, onda dürli balyklar, leňňeçler we beýleki ownuk suw jandarlary ýaşaýar. Kölüň düýbüniň daşlydygy sebäpli flora babatda o diýen baý däl. Suwuň aşagyndaky seýilgähi görmek üçin oňa çümmeli bolýar. Şol sebäpli bu ýere suwa çümmegi halaýanlar has köp gelýärler. Kölüň suwunyň hapalanyp biljekdigi göz öňünde tutulyp, bu ýerde balyk tutmak, gaýykly gezelenç etmek we beýlekiler çäklendirilipdir.