Daş-töweregimize seredenimizde plastmassadan öndürilen haýsydyr bir zada gözümiz düşýär. Arzan bahaly, ýeňil, berk, gaýtadan işlemegi aňsat – plastmassanyň has köp peýdalanylmagynyň ýene-de birnäçe sebäplerini sanamak bolar. Häzirki wagtda howanyň, gury ýeriň, derýadyr ummanlaryň hapalanmagynyň esasy sebäbi plastmassa zyňyndylary hem bolsa, durmuşy olarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl.
Awtoulaglardaky howa ýassyklary, kaskalar, suw gaplary we beýleki onlarça önüm plastmassanyň dürli görnüşlerinden ýasalýar. Bularyň ählisi ýaşaýyş üçin gerekli. Bu önüm ilkinji çykan döwürleri tebigat üçin uly peýda getiripdir. 1800-nji ýyllarda pianino klawişleri, bilýard topy, darak, şirmaýydan (piliň süňkünden) ýasalýardy. XIX asyryň ikinji ýarymynda Jon Wesli Hýatt selluloid atly plastmassa önümini oýlap tapýar. Şeýlelikde, bu önümler täze çig maldan öndürilip başlanýar. Bu material ähli ösümliklerde bar bolan sellýulozadan öndürilipdir. Plastmassanyň nebitden öndürilip başlanmagy onuň bahasyny has hem arzanladýar.
Zibile taşlanýan plastmassalaryň köp bölegini dürli içgileriň gaplary we torbalar emele getirýär. Üns beren bolsaňyz, käbir torbalarda onuň tebigatda belli bir wagtdan soňra biologik babatda dargaýandygy ýazylan. Emma hakykatda, bu torbalaryň hem zyýany az däl. Sebäbi, olary beýleki plastmassa zyňyndylary ýaly gaýtadan işlemek aňsat däl. Şeýle hem zibiller hemişe topraga düşmeýär, deňizlere ýa-da beýleki suwlara garyşyp bilýär. Eýsem, tebigata zyýan ýetirmezden plastmassadan nähili peýdalanmaly.