Ni­ge­ri­ýa­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ýa­nyn­da­ky he­mi­şe­lik we­ki­li Ti­ja­ni Mu­ham­mad-Ban­de BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 74-nji mej­li­si­niň baş­lyk­ly­gy­na saý­lan­dy. Baş As­samb­le­ýa­nyň ag­za­la­ry gu­ra­ma­nyň iň ýör­gün­li or­ga­ny­nyň baş­lyk­ly­gy we­zi­pe­si­ne bi­ra­gyz­dan ni­ge­ri­ýa­ly dip­lo­ma­ty saý­la­dy­lar. Baş sek­re­tar An­to­niu Gu­ter­reş ni­ge­ri­ýa­ly il­çi­ni tä­ze saý­la­nan we­zi­pe­si bi­len gut­lap, gu­ra­ma­nyň no­bat­da­ky sam­mit­le­rin­de hem-de BMG-niň dö­re­dil­me­gi­niň 75 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan da­ba­ra­ly çä­re­ler­de bi­le­lik­de hyz­mat­daş­lyk et­jek­dik­le­ri­ne ynam bil­dir­di.Ti­ja­ni Mu­ham­mad-Ban­de öz ge­ze­gin­de tu­tuş dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem-de howp­suz­ly­gyň üp­jün edil­me­gi­, şeý­le hem ada­lat­ly yk­dy­sa­dy we dur­muş ýag­da­ýy­nyň hö­küm sür­me­gi ba­bat­da ta­gal­la et­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Şeý­le hem Ni­ge­ri­ýa­nyň il­çi­si adam hu­kuk­la­ry we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­bat­da­ky me­se­le­le­re has köp üns ber­jek­di­gi­ni aýt­dy.
– Aç­ly­gy ýok et­mek, ýo­ka­ry hil­li bi­lim ul­ga­my­ny or­naş­dyr­mak we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek – me­niň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän döw­rü­miň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri bo­lar di­ýip, Ti­ja­ni Mu­ham­mad-Ban­de bel­le­di. Ol Baş As­samb­le­ýa bi­len Howp­suz­lyk Ge­ňe­şi­niň hem-de Yk­dy­sa­dy we Dur­muş Ge­ňe­şi­niň ara­syn­da­ky öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ber­ki­dil­me­gi ug­run­da öza­ra dü­şü­niş­mek hem-de bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak ýö­rel­ge­le­ri üçin ta­gal­la et­jek­di­gi­ni mä­lim et­di.
Baş As­samb­le­ýa – BMG-niň ýe­ke-täk hem-de köp ugur­ly or­ga­ny bo­lup, pa­ra­hat­çy­lyk we howp­suz­lyk, ösüş, ga­ryp­ly­gyň we ýo­kanç ke­sel­le­riň ýok edil­me­gi, ýa­rag­syz­lan­mak, adam hu­kuk­la­ry­nyň üp­jün edil­me­gi we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ýa­ly ugur­lar­ boýunça iş alyp barýar. 1946-njy ýyl­da Baş As­samb­le­ýa­nyň dü­zü­min­de 51 ýurt bolan bol­sa, hä­zir ola­ryň sa­ny 193-e ýet­di. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 74-nji mej­li­si şu ýy­lyň 17-nji sent­ýab­ryn­da öz işi­ne baş­lar. Şol gün Ti­ja­ni Mu­ham­mad-Ban­de Baş As­samb­le­ýa­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne gi­ri­şer. Pro­fes­sor Mu­ham­mad-Ban­de 2016-njy ýyl­dan bä­ri Ni­ge­ri­ýa­nyň BMG-niň ýa­nyn­da­ky he­mi­şe­lik we­ki­li we­zi­pe­si­nde iş­läp gel­ýär. Ol Baş As­samb­le­ýa­nyň 71-nji mej­li­si­niň baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry we­zi­pe­si­ne hem saý­la­nyp­dy. Tä­ze baş­lyk maşgalaly we 4 ça­ga­nyň ata­sy­dyr. Ol spor­tuň suw­da ýüz­mek, fut­bol we otuň üs­tün­de oýnalýan hok­keý gör­nüş­le­ri, şeý­le hem oba ho­ja­ly­gy we saz bi­len gy­zyk­lan­ýar.