Döwlet aýdyň ösüş ýoluna düşende onuň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň: “Ylym-bilim halkymyzyň eşretli durmuşynyň, bagtyýar geljeginiň gözbaşydyr” diýen parasatly şygaryndan ugur alyp, ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk ýokary derejede bilim almagy, hünär öwrenmegi hem-de kämil şahsyýet bolup kemala gelmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, jemgyýetiň ruhy, aň-bilim, medeni taýdan sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmekde uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda, 2014-nji ýylyň maý aýynyň 16-synda gurlup, ulanmaga berlen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilim ulgamynda täze bir ädim boldy.
Bu ugurda esasy bilim ösüşleriniň biri, ilkinji nobatda, milli we dünýä tejribesini ulanmak bilen, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Bolon prosesiň durmuşa geçirilip başlanmagydyr. Ýokary okuw mekdebiniň düzüminde 17 hünär bolup, okuwlar degişli meýilnamalar we halkara ölçeglerine laýyk gelýän okuw maksatnamalary esasynda alnyp barylýar. Şol bir wagtda uniwersitetiň talyplary jemgyýetçilik we döwlet çärelerine işjeň gatnaşyp, bilim derejelerini, tejribelerini barha artdyrýarlar. Uniwersitetimizde professor-mugallymlarymyz bilen bir hatarda, daşary ýurtly mugallymlar hem zähmet çekýärler.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň 8-siniň arasynda hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Uniwersitetimiz bilen Awstriýanyň Krems IMC amaly ylymlar uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda bakalawr transmilli maksatnamasynyň nusgasy taýýarlanyldy. Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde talyplara iki (HYYÖU we Krems IMC) diplom bermek göz öňünde tutulýar. Halkara hyzmatdaşlygyň çäginde 39 mugallym, geçen ýylyň dowamynda bolsa 29 talyp daşary ýurtlarda guralan hünär kämilleşdiriş okuwlaryna, ylmy-amaly konferensiýalara, şeýle hem halkara forumlara gatnaşdylar.
Daşary ýurt dillerini okatmagyň Konsepsiýasyny, sanly bilim ulgamy Konsepsiýasyny ýerine ýetirmek boýunça ýokary okuw mekdebimizde degişli işler durmuşa geçirilýär. Okadylýan dersler iňlis dilinde alnyp barylýar, mundan başga-da ýapon, hytaý hem-de italýan dilleri hem okadylýar. Elektron kitaphana, uniwersitetiň elektron neşirleri portaly talyplarymyz we mugallymlarymyz tarapyndan işjeň ulanylýar.
Şu okuw ýylynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýurdumyz boýunça ilkinji gezek “Bilimi dolandyrmak” taýýarlygynyň ugry boýunça magistratura okuwy açylyp, onda ýaşlaryň 37-si bilim alýar. Ynha, 2019-njy “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda uniwersitetimiziň uçurymlary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň bakalawr we magistr derejelerini alan ilkinji uçurymlar hökmünde taryha girer.
Eziz Watanymyzy has-da ösdürmekde, ýaşlaryň ylymly-bilimli we giň dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Maýa ÝAZMYRADOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň talyby.