Çagalyk dünýäsiniň her bir pursatyny gyzykly geçirmekde oýunlaryň ähmiýeti diýseň uludyr. Oýun oýnamak bilen ýaş beden fiziki taýdan taplanýar, dowamly ösüşde bolýar, şeýle hem beýniniň işjeňligi güýçlenýär. Häzirki wagtda oýunlaryň dürli görnüşleri bolup, olaryň käbiri ýiti zehinliligi, käbiri bolsa, fiziki taýdan hereketliligi talap edýär. Şeýle gyzykly hem-de beden üçin peýdaly oýunlaryň biri hem batutdyr.
Batut beden synalaryny sagdynlaşdyrýan, myşsalaryň çeýeligini artdyrýan sport enjamydyr. Ol birnäçe aýakly demir çarçuwa berkidilen pružinden ybaratdyr. Batutlar, esasan, üsti açyk meýdanda gurnalyp, ululygy hem-de görnüşi taýdan dürli-dürli bolýar. Meselem, dörtburç, tegelek… Çagalar üçin niýetlenen batutda gorag maksady bilen daşyna tor aýlanýar. Birnäçe metr ýokarlygyna bökülende tor howpsuzlyk hyzmatyny ýerine ýetirýär. Şeýle hem çagalaryň aňsatlyk bilen münüp-düşmegi üçin tutawaçlar goýulýar. Öýüň içinde hem bu sport enjamyny gurnap bolar. Ýöne jaýyň diwarynyň boýy 3 metrden beýik bolmalydyr. Batutyň üstünde duran wagtyň petik bilen kelläň arasy azyndan 1,5 metr bolmalydyr. Ýel berlip çişirilýän batutlar beýleki görnüşlere seredeniňde has howpsuz bolup durýar.
Sportuň beýleki görnüşlerinden tapawutlylykda batutda bökmek göwnüňi göterýär, ýadawlygyňy aýyrýar hem-de şähdiňi açýar. Batutda bökülende göwrä düşýän agramlyk güýji hemme synalara deň paýlanyp, olaryň işjeňligi artýar. Gan aýlanyşy kadalaşýar, beden arassa kislorod bilen üpjün edilýär. Maddalaryň alyş-çalşygy belli bir kada gelip, iýmit siňdirişi ýeňilleşýär. Beden kadaly ösüşde bolup, sagdyn we çeýe bolmaga şert döredýär.
Batutda bökmegiň esasy düzgünleriniň biri hem bedeniňi dik tutup, elleriň bilen deňagramlylygy sazlap, ýokarlygyna aýagyň bilen bat alyp, ýene-de aýagyň bilen ýere düşmekdir. Oýun edilip, perwaýsyz bökülen halatynda dürli nogsanlyklara getirmegi hem mümkin. Kiçi ýaşly çagalaryň batutda bökýän mahaly uly ýaşly adamlaryň gözegçiligi astynda bolmagy esasy düzgünleriň biridir. Şeýle hem çagalaryň ýaş aýratynlygyna görä, özüne niýetlenen batutlarda bökmegi hökmany bolup durýar.