Dün­ýä­de dür­li hi­li jan­ly-jan­dar­lar ýa­şap, ola­ryň kä­bi­ri daş gör­nü­şi bi­len, kä­bi­ri bol­sa, he­re­ke­ti, ýa­şa­ýyş şer­ti­niň aý­ra­tyn­ly­gy taý­dan adam­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Şeý­le geň-ena­ýy jan­ly-jan­dar­la­ryň bi­ri hem ka­zu­ar guş­la­ry­dyr.
Ka­zu­ar­la­ryň ýa­şa­ýan ýe­ri, esa­san, to­kaý­lyk­lar bo­lup, tom­suň ahy­ry­na, güý­züň ba­şlary­na jüý­je­le­mek üçin hö­würt­ge ýa­san­ýar­lar. Olaryň ýu­murt­ga­sy ýa­şyl reňk­de bo­lup, 3-6 ýu­murt­ga top­la­nyn­dan soň­ra, 2 aý­lap kürk ýat­ýarlar. Ýumurtgasynyň ag­ra­my 500-700 gram tö­we­re­gidir. Ha­çan-da jüý­je­le­ri ýu­murt­ga­dan çy­ka­nyn­dan soň­ra, ola­ra bir ýa­rym ýy­lyň do­wa­myn­da se­re­dip, to­kaý ýa­şaý­şy­ny, aw aw­la­ma­gy, iý­mit tap­ma­gy öw­red­ýärler. Ga­nat­la­ry ga­ty ki­çi bo­lup, hatda tü­ýü­niň için­de gör­ne­no­gam. Olar uç­ma­ga ukyp­ly däl­dir. Ka­zu­ar­lar ga­ty yl­ga­ýan guş bo­lup, sa­gat­da 50 km/s tiz­lik­de he­re­ket edip bil­ýär­ler. Suw­ly mi­we­ler olaryň iň ha­la­ýan iý­mi­ti ha­sap­la­nyp, kö­me­lekdir ow­nuk mör-mö­jek­ler bi­len hem iý­mit­len­ýär­ler. Bu guş­la­ryň 3 gör­nü­şi bo­lup, ola­ryň bi­rin­ji­si tu­wul­ga­ly ka­zu­ar, ikin­ji­si na­rynç ka­zu­ar, üçün­ji­si gyz­gylt-go­ňur ka­zu­ar di­ýlip at­lan­dy­ryl­ýar.
Tu­wul­ga­ly ka­zu­ar Tä­ze Gwi­ne­ýa­da, Awst­ra­li­ýa­nyň Kwins­lend şta­tyn­da, Se­ram we Aru ada­la­ryn­da­ky to­kaý­lyk­lar­da ýa­şa­ýar. Onuň ber­daş­ly aýak­la­ry üç barmakly bo­lup, ortaky barmagy 12 sm tö­we­re­gi uzyn­lyk­da­dyr. Iý­mit göz­le­mek­de, duş­ma­nyn­dan go­ran­mak­da, esa­san, aýak­la­ryn­dan peý­da­lan­ýan bu guşlaryň be­de­ni­niň uzyn­ly­gy 127-170 sm, ag­ra­my 29-59 kg ara­ly­gyn­da. Daş gör­nü­şi go­ýy go­ňur ýa-da ga­ra reňk­de bo­lup, ga­lyň hem gür tüý­lü­dir, kel­le­si we boý­ny tüý­süz, gy­zyl hem-de gök reň­kde­dir. Ka­zu­ar­la­ryň bu gör­nü­şi­niň kel­le­sin­de tüm­me­rip du­ran uzyn ösünt­gi bar. Şo­nuň üçin bular “tu­wul­ga­ly ka­zu­ar” di­ýip at­lan­dy­ryl­ýar.
Na­rynç ka­zu­ar, esa­san, Tä­ze Gwi­ne­ýa­da, Sa­la­wa­ti we Ýa­pen ada­la­ryn­da duş gel­ýär. Ulu­ly­gy tu­wul­ga­ly ka­zu­ar­lar­dan bi­raz ki­çi bo­lup, ola­ry ta­pa­wut­lan­dyr­ýan zat bo­ýun­la­ryn­da­ky reň­ki­dir. Bu­la­ryň hem kel­le­si we boý­ny tüý­süz bo­lup, sa­ry, na­rynç he­mem gök reňk­de­dir. Mä­ki­ýan­la­ry ho­raz­la­ry­na se­re­den­de, açyg­rak öwüş­gin­de bol­ýar.
Olaryň Tä­ze Bri­ta­ni­ýa, Ýa­pen ada­la­ryn­da ýaşaýan gyz­gylt-go­ňur reňklileri ka­zu­ar­lar maş­ga­la­sy­nyň iň ki­çi we­ki­li ha­sap­lan­yp, göw­re­si­niň uzyn­ly­gy 90-110 sm, ag­ra­my 15-18 kg tö­we­re­gi­dir. Bu­lar ýüz­mä­ge ukyp­ly bo­lup, mi­we­dir mör-mö­jek­ler bi­len bir ha­tar­da, ba­lyk bi­len hem iý­mit­len­ýär­ler.
Ka­zu­ar­lar maş­ga­la­sy­ny il­kin­ji öw­re­ni­ji awst­ra­li­ýa­ly na­tu­ra­list Jorj Ben­nett­dir. Ol bu guş­la­ry düýp­li sel­je­rip, “ka­zu­ar” di­ýip at goý­ýar hem-de ola­ra tas­syk­na­ma al­ýar. Ka­zu­ar­lar Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na dün­ýä­niň iň howp­ly gu­şy hök­mün­de bel­li­ge al­nan­dyr, şeý­le hem sa­ny­nyň aza­lyp bar­ýan­dy­gy se­bäp­li Hal­ka­ra Gy­zyl ki­ta­by­na gi­ri­zi­len­dir. Ola­ryň hä­zir­ki wagt­da 2500 tö­we­re­gi jü­bü­ti­niň bar­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Ka­zu­ar­lar 3 ýa­şyn­dan soň kö­pe­lip baş­la­ýar­lar. Olar 20-40 ýyl tö­we­re­gi ýa­şa­ýarlar.