Her ýyl Türkiýäniň Izmir welaýatynda geçirilýän bu ýaryşa dünýäniň 26 döwletinden 400-e ýakyn ýerli we halkara taslamalar hödürlenýär. Okuwçylar bäsleşikde jemi bäş ugurdan – himiýa, biologiýa, fizika, matematika-kompýuter tehnologiýalary we energiýa-inženerçilik ugurlaryndan öz ýasan zatlaryny we oýlap tapyşlaryny açyp görkezmäge mümkinçilik gazanýarlar. Dünýä ýüzünde 35-e golaý halkara şereketler bilen bilelikde hereket edýän bu gurama takyk ylymlar boýunça tejribeli ýolbaşçylar Oguzhan Özgaýa we Umyt Garademir tarapyndan döredildi. Bu bäsleşigiň esasy maksady ýaş zehinleri bilim we tehnologiýa açyşlaryna höweslendirmek, häzirki zaman depgini bilen utgaşdyrmak, daşky gurşawy netijeli oýlanmalar esasynda zyýanly serişdelerden saplamak ugrunda ylmy täzelikler bilen tanyşdyrmak, dünýä bolan garaýyşlaryny has-da giňeltmek, şeýle-de medeni dostlugy berkitmekden ybaratdyr.
Türkmenistanly topar öz gezeginde fizika we himiýa ugurlaryna degişli taslamalar bilen çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiniň himiýa mugallymy Atamyrat Şahanowyň ýolbaşçylygynda adybir mekdebiň 10-njy synp okuwçylary Abraý Bakyýew, Aýjahan Gulhanowa, 9-njy synp okuwçysy Ysmaýyl Berdiýew we 28-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Züleýha Gylyçhanowa dagylar hormat hatlarydyr altyn medallar bilen Watanymyza dolanyp geldiler.
Ýolbaşçy mugallym Atamyrat Şahanow öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan edýär:
– Ylym-bilim adamzadyň ýetip biljek iň beýik nokady bolup, özgerişiň we kämilligiň ýodasynda ynamdar ulagdyr. Gahryman Arkadagymyzyň sanly bilim ulgamy konsepsiýasyna badalga bermegi netijesinde, ýurdumyzda bilimiň ähli babatda ösmegi üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, mekdep okuwçylarynyň halkara derejesinde geçirilýän bilim bäsleşiklerinde baýrakly orunlary eýelemegine ýardam edýär.
Bu halkara taslama bäsleşiginiň ahyrky günlerinde ýerine ýetiriji gurama tarapyndan okuwçylara ýerli muzeýleriň, medeni ojaklaryň şol sanda gadymy grek-rim ýadygärlikler toplumynyň tanyşdyrylmagy ýaşlarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.
Ylym-bilime uly sarpa goýýan, halkara bäsleşiklerde türkmen baýdagynyň al-asmanda parlamagy ugrunda irginsiz alada edýän mähriban Liderimize alkyşlarymyz çäksizdir!
Aýjemal GURBANOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş
uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.