Hy­taý ýa­zy­jy­sy, No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy­nyň eýe­si Mo Ýan hy­taý we dün­ýä ede­bi­ýa­ty­na go­şan go­şan­dy üçin Oks­ford uni­wer­si­te­ti­niň “Re­gent’s” kol­le­ji­niň pro­fes­so­ry de­re­je­si­ne eýe bol­dy. Şeý­le hem ýazyjy Pe­kin uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry­dyr. “Re­gent’s” kol­le­jin­de ge­çi­ri­len da­ba­ra­da bu okuw mek­de­bi­niň di­rek­to­ry Ro­bert El­lis ýa­zy­jy­nyň ady­ny gö­ter­ýän hal­ka­ra ýa­zy­jy­lyk mer­ke­zi­niň dö­re­dil­ýän­di­gi­ni ha­bar ber­di. Okuw mek­de­bi­niň dü­zü­min­dä­ki bu hal­ka­ra ýa­zy­jy­lyk mer­ke­zin­de iş­le­mek üçin Hy­ta­ýyň iki ýa­zy­jy­sy Su Tong hem-de Ýuý Hua ça­gy­ryl­dy.
Mo Ýan Oks­for­dyň “Re­gent’s” kol­le­ji­niň iş­gär­le­ri­ne ho­şal­lyk bil­di­rip, ça­ga­ly­gyn­dan bäri dö­re­di­ji­li­ge bo­lan söý­gü­si­niň çäk­siz­di­gi­ni bel­le­di. Şeý­le hem ol ýyg­na­nan­la­ryň öňün­de eden çy­ky­şyn­da Wil­ýam Şeks­pi­riň dö­re­di­ji­li­gi­niň özü­ne uly tä­sir eden­di­gi­ni hem-de soň­ky ýyl­lar­da pýe­sa­la­ry dö­ret­me­giň üs­tün­de iş­le­ýän­di­gi­ni aýt­dy.
Mo Ýa­nyň ede­bi­ýat usu­ly esa­san, bel­li hy­taý ýa­zy­jy­sy Lu Si­niň, ko­lumb ýa­zy­jy­sy Gab­ri­el Gar­sia Mar­ke­siň pro­za­la­ryn­dan göz­baş alyp gaýd­ýar. Mo Ýan 2011-nji ýyl­da Hy­ta­ýyň “Mao­Dun” adyn­da­ky ab­raý­ly ede­bi­ýat baý­ra­gy­na hem eýe bol­dy. Ýa­zy­jy “Sin­hua” agent­li­gi bi­len bo­lan söh­bet­deş­lik­de: – Oks­ford­da­ky hal­ka­ra ýa­zy­jy­lyk mer­ke­zi­ Hy­taý bi­len Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň ara­syn­da ýo­la goý­lan ede­bi­ýat bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk hem ös­dür­mä­ge ýar­dam be­rer – di­ýip bel­le­di.
2012-nji ýyl­da ede­bi­ýat bo­ýun­ça No­bel baý­ra­gy Hy­ta­ýyň ra­ýa­ty bo­lan Mo Ýa­na il­kin­ji ge­zek be­ril­di. No­bel ko­mi­te­ti ýe­ňi­ji­ni hä­si­ýet­len­di­rip, onuň kys­sa eser­le­ri­ni “gall­ýu­si­na­tor rea­liz­mi” (halk er­te­ki­le­ri, ta­ryh we hä­zir­ki za­ma­nyň bi­le­lik­dä­ki ut­gaş­dy­ryl­ma­sy) di­ýip ba­ha ber­di.
Mo Ýan 1955-nji ýyl­da Hy­ta­ýyň Şan­dun we­la­ýa­tyn­da do­gul­ýar. Onuň il­kin­ji ro­ma­ny 1981-nji ýyl­da “Fal­ling Ra­in on a Spring Night” (Ýaz gi­je­si ýa­gan ýa­gyş) ady bi­len iň­lis di­lin­de çap­dan çyk­ýar. 1987-nji ýyl­da onuň “Gy­zyl ga­ol­ýan” at­ly epo­pe­ýa­sy çap edil­ýär. Şol ýyl bu ro­man esa­syn­da ki­no su­ra­ta dü­şü­ri­lip, ýa­zy­jy Hy­ta­ýyň çäk­le­rin­de uly meş­hur­lyk ga­zan­ýar. “Gy­zyl ga­ol­ýan­dan” soň­ra, onuň baş­ga bir ki­ta­by esa­syn­da film su­ra­ta dü­şü­ril­ýär. Bu ko­me­di­ýa we dra­ma “Bir sa­gat­lyk bagt” diý­lip at­lan­dyr­ylyp, on­da­ky wa­ka­lar söý­gü­li­si­niň “gö­zü­ne çöp at­ma­ga” jan ed­ýän ýi­git ba­ra­da bar­ýar.
Mo Ýa­nyň dö­re­di­ji­li­gi­niň ag­ram­ly bö­le­gi he­ka­ýa­lar­dan yba­rat bo­lup, onuň köp san­ly he­ka­ýa­lar ki­ta­by bar. Onuň eser­le­ri iň­lis, fran­suz, ne­mes, rus we beý­le­ki dil­le­re ter­ji­me edil­di. Ýa­zy­jy­nyň ha­ky­ky ady – Gu­an Mo­ýe bo­lup, Mo Ýan ýa­zy­jy­nyň dö­re­di­ji­lik la­ka­my­dyr. “Mo Ýan” sö­zü­ni hy­taý di­lin­den ter­ji­me ede­ni­ň­de “dym”, “gep­le­me” di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Ol pi­ki­ri­ni aýt­ma­ga how­luk­maz­ly­gy we ar­tyk­maç gür­le­mez­li­gi my­da­ma özü­ne ýat­la­dyp dur­mak­ly­gy üçin özü­ne şeý­le ady goý­ma­ly di­ýen ka­ra­ra gel­ýär.