Bize kitapsyz dünýäni göz öňüne getirmek ýeňil däl. Çagalygymyzdan öwrenişen dürli kitaplarymyz biziň öňümizde durmuşyň täsin syrlaryny açyp görkezýär. Kitap iň kyn pursatlarda peýdaly maslahatlary berip, biziň özümize akyl ýetirmäge ýardam berýär. Kitabyň esasy wezipesi – asyrlaryň dowamynda toplanan bilimi gorap, olary indiki nesillere ýetirmekdir. Şol sebäpli soňky ýüzýyllykda bilim babatda adamzadyň okgunly ösüşi başa bardy. Ylmy açyşlaryň aglabasy ozal toplanan we ulgamlaşdyrylan maglumatlaryň esasynda amala aşyrylýar. Çünki, olar dünýäniň dürli künjekleriniň tejribeleriniň netijesi bolup durýarlar. Biziň kitapdan alýan bilimimiz, eýýäm köpe aýan bolan ylmy açyşy gaýtalamaga wagt ýitirmän, öňe gitmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, kitaplar bize dünýä edebiýatynyň ajaýyp eserlerini okap, dünýägaraýşymyzy has-da giňeltmäge we netije çykarmaga mümkinçilik döredýär.
Kitap okamak adamyň aňyny ösdürýär we kämilleşdirýär. Okyjy eseriň manysyna düşünmek üçin ünsli okamaly hem-de öz şahsy tejribesi esasynda maglumatlary seljermegiň hötdesinden gelmeli bolýar. Eger-de bu okyja başartsa, onda onuň öňünde täsin wakalaryň, ruhy başdan geçirmeleriň ümmülmez dünýäsi açylyp, onuň akyl ýetiriş ukybyny has-da güýçlendirýär.
Ähli döwürlerde hem kitaba mukaddeslik hökmünde garap, oňa gözüň göreji ýaly çemeleşipdirler. Bir mahallar heniz çaphana tehnologiýasy oýlanyp tapylmanka, kitap el bilen göçürilipdir, onuň sahabyna altyn çaýylyp, gymmatbaha daşlar bilen bezelipdir. Birnäçe asyr mundan öň ýazylan kitaplar, eždatlarymyzyň dünýägaraýşyna we oý-pikirlerine akyl ýetirmäge ýardam berip, olar adamzadyň ýaradylyşynyň düýp maksatlaryny açyp görkezýär. Biz kitaplaryň kömegi bilen adamzadyň oý-pikirleriniň, jemgyýetçilik gurluşynyň we ahlak kadalarynyň kämilleşiş prosesine syn edip bilýäris. Kitaplar biziň Zemindäki ýaşaýşymyzyň dürli taryhy wakalaryny özünde jemleýär.
Häzirki wagtda tehnologiýanyň ösýändigine garamazdan, kitap öz ähmiýetini ýitirmeýär. Internetden tapyp bolýan elektron kitaplar, adama zerur bolan maglumata elýeterliligi ep-esli derejede ýeňilleşdirýär we tizleşdirýär. Ýöne, kagyz kitapdan okamagyň tarapdarlary hem hemişe köp bolar, çünki, onuň özünden okamak aýratyn ruhy ýagdaý döredip, kitapdaky wakalara gatnaşýan ýaly duýgyny başdan geçirmäge mümkinçilik berýär.
Mähri Atdaýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.