Kä­bir ösüm­lik­le­ri mör-mö­jek­ler ýa-da beý­le­ki haý­wan­lar iý­me­ýär, ola­ryň öz­le­ri mör-mö­jek­ler bi­len iý­mit­len­ýär.
Si­ňek­dir ary­lar bi­len iý­mit­len­ýän otlar ba­ra­da ozal hem eşi­den­si­ňiz. Em­ma Ýer ýü­zün­de şeý­le ösüm­lik­le­riň sa­ny­nyň 700-den hem köp­dü­gi­ni eşi­dip­mi­di­ňiz? Ola­ryň kä­bi­ri ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­ma­ty dyk­ga­ty­ňy­za ýe­tir­ýä­ris.
Küý­ze ösüm­li­gi: küý­ze şe­kil­li go­za­sy bo­lan bu tä­sin ösüm­lik­ler diňe ow­nuk mör-mö­jek­le­ri däl, eýsem gur­ba­ga­la­ry hem aw­la­ýar. Onuň gül­le­ri gur­ba­ga­nyň aýak­la­ry­nyň diňe ha­my­ny siň­di­rip bil­me­ýär. Ösüm­li­giň 100 töweregi gör­nüş­le­r bar.
Si­ňek ga­pa­ny: bu ösüm­li­giň ha­ky­ky ga­pa­na meň­zeş ýap­rak­la­ry bo­lup, oňa go­nan si­ňek­le­ri we beý­le­ki mör-mö­jek­le­ri du­za­ga dü­şür­ýär. Ola­ryň ha­las bol­mak üçin eden he­re­ket­le­ri has aşak git­me­gi­ni çalt­lan­dyr­ýar.
Ýa­şyl küý­ze ösüm­li­gi: bu ösüm­li­giň aşak­ly­gy­na çü­re­lip gid­ýän go­za­la­ry bo­lup, onuň içi ýa­gyş su­wy bi­len dol­ýar. Mör-mö­jek­ler onuň içi­ne gir­ýär­ler, em­ma yzy­na çyk­ma­ýarlar.
Kep­je­baş li­li­ýa­sy: ösüm­li­giň üs­ti ýa­pyk eg­ri go­za­la­ryna gi­ren jan­dar yzy­na çy­kyp bil­me­ýär. Go­za­nyň aňyr­sy gö­rün­ýän aýna ýaly du­ry ýe­ri bo­lup, şon­dan çyk­ma­ga sy­na­nyş­ýan si­ňek bar­ha çümýär.
Ýag­ly ýap­ra­jyk: bu ösüm­li­ge la­tyn­ça “ki­çi­jik ýag­ly” diý­me­gi aň­lad­ýan “pin­guicula” di­ýil­ýär. Da­şyn­dan se­re­di­len­de sem­ze­ge meň­ze­ýän otuň ýap­rak­la­ryn­da ýu­ka­jyk ýe­lim­li tüý­ja­gaz­lar bar. Oňa ýel­me­şen mör-mö­je­giň ha­las bol­jak gü­ma­ny ýok.
Maý­myn kä­se­si: Ma­da­gas­kar­da, gü­nor­ta-gün­do­gar Azi­ýa­da we Awst­ra­li­ýa­da bu ösüm­li­giň 140-dan gow­rak gör­nü­şi ös­ýär. Ösüm­li­giň ady maý­myn­la­ryň onuň için­dä­ki su­wuk­ly­gy iç­ýän­li­gi se­bäp­li da­ky­lyp­dyr. Bu ösüm­lik ki­çi­jik gur­çuk­lar we li­çin­ka­lar bi­len iý­mit­len­ýär.
Awst­ra­li­ýa ros­ýan­kasy: esa­san, bat­ga­lyk ýer­ler­de bit­ýän bu otuň ýap­rak­la­ryn­da­ky ýa­gyş dam­ja­la­ry­na meň­zeş su­wuk­lyk­lar suw­san mö­je­jik­le­ri özü­ne çek­ýär. Em­ma bu dam­ja­lar ýe­lim ýa­ly bo­lup, go­nan aryny syp­dyr­ma­ýar.
Ýüz­ýän uly kö­pür­jik: bu ösüm­lik­ler suw­da ösüp, onuň sa­ry­ja gül­le­ri suw­da ýa­şa­ýan mör-mö­jek­le­ri özü­ne çek­ýär.