Frankfurt kitap ýarmarkasynyň (Frankfurter Buchmesse) wise-prezidenti Tomas Minkus dünýäniň kitap söwdasy bazaryndaky geljekki özgerişler barada gürrüň berdi. Her ýyl guralýan kitap forumyna dünýäniň köp ýurtlarynyň hünärmenleri neşirýat innowasiýalary we kitap bazarynyň ösüşi bilen tanyş bolmak üçin bu ýere gelýärler. Ýaňy-ýakynda Moskwanyň “Garaž” bilim merkeziniň we Frankfurt kitap ýarmarkasynyň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde ýarmarkanyň wise-prezidenti Tomas Minkus Moskwada saparda boldy. Ol kitap bazarynyň şu günki ýagdaýy barada gyzykly maglumatlary berdi.
Kitap bazarynyň global söwdasy 115 milliard dollardan ybaratdyr. Olaryň 40 göterimden gowragy üç ýurduň paýyna düşýär: ABŞ (26 milliard dollar), Hytaý (11 milliard dollar) we Germaniýa (10 milliard dollar).
ABŞ-nyň kitap bazarynyň ýaryndan gowragyny “Hachette”, “HarperCollins”, “Macmillan”, “Penguin Random House”, “Simon&Schuster” ýaly esasy neşirýatlaryň 5-isi eýeleýär. Galanlary bolsa, 300 sany ortaça kompaniýalaryň hem-de 8300 sany garaşsyz kiçi neşirýatlaryň paýyna düşýär.
2020-nji ýyla çenli kitap bazarynyň global söwdasy 0,4 göterim pese düşjekdigi çak edilýär, elektron kitaplaryň bazary bolsa, tersine 10,4 göterim ösüş gazanar. Umuman, Tomas Minkusyň pikirine görä, elektron kitaplary satyn almaga islegiň ýokarlanmagy kagyz kitaplary satyn almaga hem isleg döredip, elektron kitaplar kagyz kitaplar bilen bäsleşmeýär.
Geçen ýyl her biri 1 milliondan gowrak nusga bilen çap edilen diňe bäş sany kitap amerikan kitap bazaryny ösdürdi. Olar ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Barak Obamanyň aýaly Mişel Obamanyň “Emele gelme” (Becoming), amerikan teleýyldyzy Joanna Geýnsiň “Magnoliýaly stol” (Magnolia Table), amerikan ýazyjysy Reýçel Hollisiň “Gyz, özüňe gel!”, (Girl, Wash Your Face), amerikan ýazyjysy Jeff Kinniniň “Gowşagyň gündeligi” (Diary of a Wimpy Kid) we amerikan žurnalisti Maýkl Wolfuň “Ýalyn we gahar” (Fire and Fury) atly kitaplarydyr.
2017-2018-nji ýyllar aralygynda ABŞ-nyň “Non/fiction” bazarynyň möçberi 5 göterim artyp, häzirki wagtda ol ýurduň kitap söwdasynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. “Non/fiction” toparyna degişli eserler, toslamalara däl-de, hakyky wakalara esaslanýar. Şonuň üçin bu topara degişli eserler kitap önümçiliginde uly islegden peýdalanyp, olara adatça aşpezlik sungatyna degişli kitaplar, memuarlar, esseler, ensiklopediýalar, sözlükler, ylmy-populýar eserler, psihologiýa we şahsy ösüş baradaky kitaplar, filosofiýa we beýlekiler girýär.
ABŞ-da geçen ýyl audiokitaplaryň satuwy 37 göterim artdy. Bu ugurda hyýaly trillerler, taryh, memuarlar we degişmeler has meşhurlyga eýe bolýar. Tomas Minkusyň bellemegine görä, häzirki wagtda bu ugurda täze ýazyjylara uly mümkinçilikler bar.
Geçen ýyl ABŞ-da çeper edebiýatyň satuwy 16 göterim azaldy.
Amerikada özbaşdak neşirýatyň satuwy ýokarlanýar: 2017-nji ýyldan bäri özbaşdak awtorlaryň 780 müňden 1 milliona çenli kitaplary köpçülige ýetirildi. Şeýle hem 2017-nji ýylyň maglumatlaryna görä, şu ugurdaky kagyz kitaplaryň satuwy 38% köpeldi.
Kitap söwdasynda internet ägirdi “Amazon”-yň paýy hem barha ýokarlanýar. Häzirki wagtda çap edilýän ähli kitaplaryň ýarysynyň satuwy hem-de elektron görnüşiniň 90 göterimi onuň paýyna düşýär.
Häzir ABŞ-da 460-dan gowrak neşirýat agentligi işleýär. Olar adykmadyk awtorlara we täze başlan ýazyjylara meşhurlyk gazanmaga ýardam edýärler.
Maýsa Meredowa, TDB we SI-nyň talyby.